Jemgyýet
19.09.2024
4039
Türkmen hünärmenleri lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryşynyň inçe syrlaryny öwrenýärler
Aşgabatda lukmançylyk barlaghanalarynda hil dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça milli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuwlar geçirildi. Okuwlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde geçirilýär.
18.09.2024
5251
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
18.09.2024
4849
Türkmen hünärmenleri howanyň maglumatlaryna gözegçilik etmek, ýygnamak we seljermek başarnyklaryny ösdürýärler
Türkmenistanyň Döwlet gidrometeorologiýa gullugynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG-niň ÖM) bilen Howa ýaşyl gaznasynyň (HÝG) maliýe taýdan goldamagynda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» (MUM) taslamasynyň çäklerinde okuw geçirildi.
18.09.2024
5173
Täze taslama Türkmenistanyň «ýaşyl» we howa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinde eden çykyşynda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orny eýeleýändigini aýtdy.
18.09.2024
4560
Öwezdurdy Muhammetberdiýew: ömrüň iki pelsepesi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň çeper eserleriniň sergisi geçirildi.
18.09.2024
2689
«Maýyplaryň durmuşa işjeň goşulyşmasy» okuwy üçin okuw gollanmalary bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanda «Maýyplaryň durmuşa işjeň goşulyşmasy» okuwy üçin okuw gollanmalary bilen tanyşdyryldy. Ol Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikdäki tagallalarynyň netijesidir.
17.09.2024
9722
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi.
16.09.2024
5346
Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar
Şu hepde ýurdumyzda howanyň durnuksyz bolmagyna we ähli welaýatlarda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 34 gradus bolar.
16.09.2024
5000
Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda adam hukuklaryny goramakda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi.
16.09.2024
4987
ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşanlar gender deňligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
12-13-nji sentýabrda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan gender deňligi boýunça maslahat bolup geçdi. Bu çäräniň maksady Merkeziň «Maşgalada gender deňligi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we kömek bermek» atly uzak möhletli taslamasynyň netijeleri boýunça gelnen kararlardyr işlenip düzülen maslahatlary ara alyp maslahatlaşmak we gender hem öýdäki deňlik hereketine gatnaşýanlaryň mümkinçiligini artdyrmak boldy.