mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

11.12.2023

total-veiw

6463

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň medeniýet günleriniň» çäginde Moskwanyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Dabarany «Rus-türkmen medeniýet merkezi» «Hazar mirasy» atly Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny berkitmäge ýardam gaznasy we Moskwada geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde guraýar.

news-photo

10.12.2023

total-veiw

6308

«Kamerata Aşgabat» topary gyş pasly baradaky eserleri ýerine ýetirdi

«Kamerata Aşgabat» toparynyň sazandalary tomaşaçylara senenama laýyklykda, gyşyň gelendigini ýatlatdy we köp sanly muşdaklaryny öňümizdäki sowuk howada goldamak üçin «Watan» kinokonsert merkezinde konsert berdi.

news-photo

09.12.2023

total-veiw

7786

«Bu erkin kebelekler» – Kerim Ataýewiň ýyllyk işi

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda üýtgeşik waka boldy – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Kerim Ataýew amerikaly dramaturg Leonard Gerşiň pýesasy esasynda ussat aktýorlar bilen «Bu erkin kebelekler» spektaklyny sahnalaşdyrdy. 

news-photo

09.12.2023

total-veiw

7606

Türkmenistanyň teatrlary Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge çagyrýar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzdaky teatrlarda daşary ýurtly nusgawy ýazyjylaryň, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri esasynda oýunlar görkeziler.

news-photo

09.12.2023

total-veiw

5414

Germaniýa Federatiw Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä edebiýatynda meşhurlyk gazanan şahsyýetleriň ömür ýollarynyň öwrenilmegi, edebi miraslarynyň toplanylmagy we neşir edilmegi, gymmatly garaýyşlarynyň dünýä ýaýylmagy babatynda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

news-photo

08.12.2023

total-veiw

18981

Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli konsert

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti boldy.

news-photo

08.12.2023

total-veiw

5630

Ýaş artistler baýramçylyk konsertine gatnaşarlar

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans topary Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. 

news-photo

07.12.2023

total-veiw

5836

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary boýunça täze açyşlar hem-de barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär.

news-photo

07.12.2023

total-veiw

5917

Lebap welaýatynyň teatry Bişkekde çykyş eder

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan «Aýtmatow we teatr» VI Halkara teatr festiwalyna gatnaşar. Festiwal 7–12-nji dekabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.

news-photo

06.12.2023

total-veiw

5265

Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasy «Hindistan –Merkezi Aziýa» gaznasy bilen bilelikde Nýu-Delide «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy hem-de medeni dünýäsi» atly maslahat geçirdi.

...353