Ï Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 1905
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň kitaba bahasyna ýetip bolmajak hazyna we paýhasly pikirleriň çeşmesi hökmünde garaýşy barada «Kitap – gymmaty egsilmejek hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda hemişe ruhy gymmatlyklara sarpa goýandygyny we olary maddy baýlykdan ýokary tutandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar meşhur türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny ýatladylar. Bu hekaýada halkyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna nähili ýokary baha berendikleri we döredijilik mirasynyň nähili goralyp saklanandygy barada çeperlik bilen gürrüň berilýär.

Hekaýada ýazyjynyň edebiýat institutynyň görkezmesi bilen gadymy golýazmalary we kitaplary gözläp, obalara aýlanandygy aýdylýar. Günlerde bir gün ykbal ony Garagum sährasynyň jümmüşinde, çäge alaňlarynyň arasynda ýerleşen kiçeňräk maldarçylyk obasyndan çykarýar. Oba adamlary Welmyrat agada, onuň öz sözleri bilen aýdanyňda, «her sözi bir köşekli düýä degýän» altyn sandykda saklanmaly bir kitabyň bardygyny aýdýarlar.

Goja ýaş wagtynda bu kitapdaky goşgulary eşidip, maşgalasyny ekläp duran ýeke-täk düýesini, ikirjiňlenmän, şol kitaba çalşandygyny we ony kyrk ýyllap öýündäki çuwalda saklandygyny gürrüň berýär. Köp ýyllap obada ony okap bilen bolmandyr, emma şonda-da sowatsyz oba adamlary kitaba sarpa goýup, ony elden bermek islemändirler. Olar «Özümiz okamasagam, ogullarymyz ulalansoň okarlar» diýip, arzuw edipdirler.

Şol sebäpden golýazma hazynasynyň eýesi Welmyrat aga maşgala üçin gymmatly saýylýan bu kitaby dünýä baýlygyna çalyşmaga-da razy bolmaýar, netijede hekaýanyň awtory Magtymguly Pyragynyň goşgularyny iki hepdeläp göçürip almaly bolýar. Soňra olary Aşgabada alyp gaýdýar, ol ýerde alymlar türkmen obalaryndan ýygnalan köp sanly goşgyny olaryň üstüne goşup, uly kitap edip, beýik şahyryň goşgular toplumyny çykarýarlar. Bu kitaby tutuş türkmen halky okaýar we ol beýleki dillere-de terjime edilýär.

Gysga, ýöne ajaýyp döredijilikli ömür süren zehinli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy Magtymguly Pyragynyň öçmejek goşgularynyň bütin dünýäde ýaňlanjakdygy, ähli medeniýetli adamlaryň edebiýatymyzyň gymmatly hazynasyna eýe boljakdygy hakdaky welilik bilen aýdan sözleri bilen tamamlanýar.