Resmi
01.09.2021
6242
Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwerlik kömegi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligi Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
31.08.2021
7154
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Harby atlary dakmak hakynda
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
31.08.2021
4958
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyň Düzgünnamasyny, ýazgysyny we nusgasyny tassyklady
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyny gowşurmagyň we ony dakynmagyň tertibini hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli nyşanyň Düzgünnamasy, ýazgysy we nusgasy tassyklandy.
31.08.2021
6001
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda
30.08.2021
6556
Döwlet Baştutanymyz Awaza etrabynyň häkimini çalyşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminalary laýyklyda, Annamämmedowi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy.
30.08.2021
7132
Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orjykowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
29.08.2021
7090
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-1 belgili karary tassyklanyldy.
27.08.2021
5164
Türkmen işewürliginiň wekilleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek taslamalaryny maliýe taýdan goldarlar
Milli ykdysadyýetimize dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti emele getirmek, elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
27.08.2021
5828
«Türkmendokma» daşary söwda kärhanasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
27.08.2021
4942
Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Yslam Korporasiýasyna agza bolmak bilen işleri geçirmäge ygtyýar berildi
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyza maliýe serişdelerini çekmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň adyndan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmak we bellenen tertipde resmileşdirmek bilen bagly işleri geçirmäge ygtyýar berildi.