mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

08.10.2012

total-veiw

1095

Türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açyldy

Bernde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym Ewelin Widmer-Şlumpfyň arasynda gepleşikler geçirildi

08.10.2012

total-veiw

802

Türkmenistanyň Prezidenti “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Sagdyn jemgyýeti, sagdyn durmuşy berkarar etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyň ýörelgeleriniň düýp özenini düzýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda neşe serişdelerine, olaryň ulanylmagyna we ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Geljek nesillerimize sagdyn jemgyýeti miras galdyrmaga gönükdirilen köptaraply işler öz mynasyp netijesini hem berýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň golaýda bolan mejlisinde “Biz tutuş adamzada wehim salýan neşe serişdeleriniň hyýanatçylykly peýdalanylmagyny we ýaýradylmagyny aradan aýyrmak üçin bilelikde aýgytly iş alyp barmalydyrys” diýip nygtady.

Ýöne “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, haram işlere baş goşup, aňsat eklenç gözleýän adamlaryň az hem bolsa bardygy gynandyrýar. Şunda neşe serişdeleriniň söwdasyna baş goşulmagy aýratyn ýazgarylmalydyr. Golaýda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde şeýle iş bilen meşgullanýanlar ýüze çykaryldy. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Kyrkgyz” geňeşliginde ýaşaýan, 1957-nji ýylda doglan Toýly Saparow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “Dostluk” geňeşliginde ýaşaýan, 1976-njy ýylda doglan Tirkeş Garryýew, şol geňeşlikde ýaşaýan, 1960-njy ýylda doglan Rejepgeldi Täşliýew we 1975-nji ýylda doglan Nazar Aşyrgylyjow, Köneürgenç etrabynyň “Derýalyk” geňeşliginde ýaşaýan, 1986-njy ýylda doglan Meýlis Dädekow dagy aňsat eklenje, haram baýlyga kowalaşyp, neşe söwdasy bilen meşgullanypdyrlar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde Meýlis Dädekowyň ýaşaýyn howlusyndaky mal ýatagyndan gömlüp goýlan 9 kilogram 770 gram tirýek, 6 kilogram 210 gram neşe serişdesi bolan geroin tapyldy.

Neşe serişdeleriniň söwdasy bilen meşgullanan adamlar hakykatdan-da ýazgarylmaga degişlidir. Bet nebisleri öňüne düşen bu haramzadalar gurjak ýaly döwletimizde höküm sürýän bagtyýarlyga, asudalyga, agzybirlige buýsanmaga-guwanmaga derek, ine, şeýle bet iş bilen meşgul boldular. Bu gün olar öz eden haram işlerine ökünýärler. Halkymyz “Soňky puşman - özüňe duşman” diýen pähimi döredipdir. Özleriniň maşgalalaryna guwanmaga, il-ýurt hatarynda arassa, halal zähmet çekmäge, toýly, döwranly günleriň hözirini görmäge derek, bet iş bilen meşgullanan bu adamlara näme diýip, näme aýtjagyňy biler ýaly däl. Elbetde, olar eden etmişleri üçin jezalaryny çekerler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler netijesinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze durmuşy maksada okgunly gurýan halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Biziň sagdyn jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirýän Türkmenistan neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna berk böwet goýmak bilen, häzirki döwrüň tutuş adamzat üçin örän howply wehimleriniň birine garşy durmak ugruna berk eýerýär.

07.10.2012

total-veiw

945

Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyna

Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyna

07.10.2012

total-veiw

989

Türkmen atçylygynyň ösüşi – halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň esasy at çapyşyklarynyň hormatly myhmany boldy

07.10.2012

total-veiw

572

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

06.10.2012

total-veiw

2302

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

05.10.2012

total-veiw

657

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi

04.10.2012

total-veiw

728

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekillerini kabul etdi

04.10.2012

total-veiw

640

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

04.10.2012

total-veiw

559

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň BÝKM-niň Sebitdäki wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň BÝKM-niň Sebitdäki wekilini kabul etdi

...502