08.05.2023
4760
Ýurdumyzda ýagyşly we ýelli howanyň bolmagyna garaşylýar
Şu hepde ýurdumyzda howa ýene durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde ýagyş ýagmagyna we we güýçli ýeliň öwüsmegine hem garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 37...gradusa çenli bolar.
08.05.2023
6951
10 ýyldan soňky döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň 17 uçurymy okuwy tamamlandan 10 ýyldan soň duşuşdylar.
08.05.2023
5008
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 89 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.
08.05.2023
5849
Kuweýt Döwletinde geçirilen Aziýanyň açyk ýaryşynda ýurdumyzyň dzýudoçylary kümüş we bürünç medal eýelediler
Kuweýt Döwletinde geçirilen Aziýanyň açyk ýaryşynda türkmenistanly dzýudoçylar iki medal gazandylar. Dünýäniň 27 ýurdundan 156 türgen (116 erkek we 40 zenan) iki günläp 14 baýrak toplumy ugrunda bäsleşdiler.
07.05.2023
6395
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
07.05.2023
3296
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
07.05.2023
5101
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň maý aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
07.05.2023
2795
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
07.05.2023
2445
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ählihalk sala salşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlagyňyz, şeýle hem meniň adyma we özbek halkynyň adyna aýdan mähirli sözleriňiz, ýurdumyzdaky düýpli özgertmeler barada beýan eden pikirleriňiz üçin Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
07.05.2023
5220
Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklar üçin açykdyr
Geçen hepdäniň wakalary Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.