mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

08.06.2026

total-veiw

1042

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Türkmenistan bilen HPG-niň Ylalaşygynyň IV maddasyna laýyklykda geçirilýän adaty maslahatlar missiýasynyň çäklerinde Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

08.06.2026

total-veiw

1032

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy.

news-photo

08.06.2026

total-veiw

2933

Türkmenistanda yssy howa bolar

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Gündizki howanyň temperaturasy +40 gradusa çenli ýokarlanar.

news-photo

08.06.2026

total-veiw

1983

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary bol hasyl almagy maksat edinýärler

Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň şalyçylary Türkmenistany ýokary hilli önüm bilen üpjün etmek işine saldamly goşant goşmagy maksat edinýärler. 

news-photo

08.06.2026

total-veiw

2036

Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandylar

Türkmen küştçüleri Astanadaky Gazak milli sport uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara ýaryşlarda dört şahsy medal gazandylar. Gazagystanyň paýtagtynda iki möhüm sport çäresi geçirildi: erkekleriň we zenanlaryň arasynda ilkinji türki döwletleriň toparlaýyn küşt çempionaty (Turkic Teams Chess Championships 2026) hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda türki döwletleriň ýaşlar küşt Olimpiadasy (Turkic Youth U16 Chess Olympiad 2026) geçirildi.

news-photo

08.06.2026

total-veiw

1926

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününiň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

07.06.2026

total-veiw

1647

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy.

news-photo

07.06.2026

total-veiw

1773

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

Gurban baýramy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, iň esasy hem-de uly sarpa goýulýan musulman baýramlarynyň birini uly şatlyk bilen belleýän millionlarça ynsanyň kalplarynyň kuwwaty Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde duýgudaşlygyň we adalatyň, özara düşünişmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagyna ýardam bersin!

07.06.2026

total-veiw

4591

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy.

news-photo

07.06.2026

total-veiw

1571

Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, onuň üçin halkara möçberinde hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.

...3330