16.10.2025
5322
Türkmenistanyň küşt boýunça «Gran-pri» ýaryşynyň Mary şäher tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlendi
Mary şäherinde tamamlanan küşt boýunça «Gran-pri» – baş baýrak ugrundaky ýaryşynyň dördünji tapgyry 141 küştçini bir ýere jemledi.
16.10.2025
6775
Inklýuziw bilim boýunça okuw-usuly gollanma neşir edildi
Türkmenistanda rus dilinde «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» («Inklýuziw okuw şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi») atly täze okuw-usuly gollanma çap edildi.
16.10.2025
5415
Babasary Annamyradowyň eserleriniň sergisi ilkinji myhmanlary kabul etdi
Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Babasary Annamyradowyň ussahanasynda onuň dürli ýyllarda döreden eserleriniň sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.
16.10.2025
7741
Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäridir
Sebitiň iň abraýly energetika forumlarynyň biri boljak «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk komiteti 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýubileý çäresiniň platina hemaýatkäri hökmünde Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) çykyş etjekdigini yglan etdi.
16.10.2025
5065
Tokaý hojalygynda tohum taýýarlaýyş işleri dowam edýär
Şu günler Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalygynyň hünärmenleri tarapyndan ýyllyk tuýa agajynyň tohumlaryny toplamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda 80 kilograma golaý tuýa agajynyň tohumy ýygnaldy, ýylyň ahyryna çenli bolsa jemi 150 kilogram tohum ýygnamak meýilleşdirilýär.
16.10.2025
3650
Bilermenler ünsi suwarymly ýerleriň gözegçiligini gowulandyrmagyň usullarynda jemleýärler
Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde 14 – 17-nji oktýabry aralygynda suwarymly ýerlere gözegçiligi gowulandyrmagyň usullary boýunça birnäçe okuw maslahatlary geçirilýär.
16.10.2025
4218
Awazaly energetikler belent sepgitlere tarap barýarlar
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümindäki önümçilik kärhanalarynda maksadalaýyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
15.10.2025
6983
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
15.10.2025
5230
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşy
Şu gün biz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
15.10.2025
4317
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.