07.08.2025
4569
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ugurdaş çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Onuň gün tertibiniň esasy meselesi sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk dialogy we köpugurly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam bermekden ybarat boldy.
07.08.2025
3912
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde DÇBÖBD-niň durnukly infrastrukturasyny döretmäge, bu ugurda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de bökdençsiz üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermäge bagyşlanan ýokary derejedäki “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
07.08.2025
2185
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň arasynda gepleşikler
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.08.2025
2717
Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge meýilli
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.08.2025
2592
Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaz» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.08.2025
2539
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.
07.08.2025
2451
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.08.2025
6829
Awaza forumy: medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin açyk meýdança
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
07.08.2025
5712
«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady
Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda utan «Ahal» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady.
07.08.2025
5983
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary we daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Italiýa Respublikasynyň Peruja şäherindäki daşary ýurtlylar üçin uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlara gatnaşdylar.