24.05.2026
2191
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
24.05.2026
2404
Çagalyk bagtynyň sekiz ýüz öwüşgini: zehinleriň giň gerimli sergisi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi geçirildi. Çagalar birnäçe ýyldan bäri islendik suratkeş üçin abraýly hasaplanýan bu meýdançada hasabat sergileri bilen çykyş edip gelýärler. Emma bu gezekki sergi hakyky baýramçylyga öwrüldi.
24.05.2026
1948
Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.
24.05.2026
2610
Aşgabatda durnukly, inklýuziw we «akylly» şäherleri ösdürmäge bagyşlanan BMG-niň ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky duşuşygy geçirildi
Şu gün «Ak şäherim Aşgabat» (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň institutara maksatnamasynyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk guraldy. «Ählumumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inklýuziw we «akylly» şäherleri ösdürmek» diýen at bilen geçirilen bu ýokary derejeli mejlis durnukly şähergurluşygyň dünýä derejesindäki nusgalaryny we maksatnamalaryny Merkezi Aziýa sebitiniň şäher we milli dolandyryş ulgamlaryna ornaşdyrmak meseleleri boýunça köptaraply abraýly platforma öwrüldi.
24.05.2026
2629
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň geljegi baradaky garaýyş plenar mejlisde tanyşdyryldy
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji güni şu agşam «Durnukly, «akylly» we dünýä bilen baglanyşykly paýtagty kemala getirmek» atly ýokary derejeli strategik plenar mejlisi bilen tamamlandy. «Olimpiýa» myhmanhana toplumynda geçirilen bu uly ýygnanyşyk Türkmenistanyň paýtagtyny uzak möhletleýin ösdürmegiň binýadyny kesgitläp, döwlet syýasatynyň strategik maksatnamalaryny halkara maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýa hyzmatdaşlary bilen göni baglanyşdyrdy.
24.05.2026
1413
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň resmi açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu şanly senede forumy ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, häkimlikleriň wekillerini, halkara guramalaryň hem-de diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryny, halkara maýadarlary we dünýäniň gurluşyk, düzüm, energetika hem-de tehnologiýa pudaklarynyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
24.05.2026
990
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara forumynda gol çekmek dabarasy geçirildi
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara forumynda ýokary derejeli gol çekmek dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümetiniň, şäher häkimlikleriniň hem-de öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemläp, sanly tehnologiýalar, energetika, ulag infrastrukturasy, agyr senagat we şäher ösüşi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
24.05.2026
2028
Önümçiligiň ösüş depgini barha ýokarlanýar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.
24.05.2026
2030
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
24.05.2026
2926
«Arkadag» futbol topary «Altyn asyr» toparyny uly hasap bilen ýeňip, beýleki toparlardan arany açdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyry Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen başlandy.