06.11.2024
4757
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
06.11.2024
4685
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
06.11.2024
6549
Oba hojalyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerledip
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
06.11.2024
4965
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Adalatçysynyň diwany Adam hukuklary boýunça milli edaralaryň Bütindünýa bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilmegi boýunça kiçi komitet (GANHRI) bilen gepleşik geçirdi.
06.11.2024
3747
Aşgabatda Köýtendagyň fotosuratlarynyň sergisi açyldy
Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda «Köýtendag» atly fotosurat sergisi açyldy.
06.11.2024
3600
Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanly telekeçiler Hytaýda geçiriljek ikinji halkara sergisine China International Supply Chain Expo (CISCE) gatnaşmaga çagyrylýar.
06.11.2024
4044
Çagalara dostlukly çemeleşme boýunça okuw geçirildi
5-nji noýabrda ÝUNISEF-iň goldawy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar babatynda ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik çaga şaýatlaryň gatnaşmagynda jenaýat derňewleri geçirilende, çagalara dostlukly çemeleşmek boýunça dört günlük okuw tamamlandy.
06.11.2024
4980
Ýazguly Hojageldiýew: «Altyn asyr» topary üçin AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşmak gowy tejribedir»
«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary üçin AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşmak gaty gowy tejribe. Bu barada «Altyn asyr» toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew 6-njy noýabrda 4-nji tapgyrda Saud Arabystanynyň «Al-Taawun» topary bilen geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy.
06.11.2024
6379
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
06.11.2024
4094
Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
5-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» temasy boýunça bäşinji jemleýji mejlis geçirildi. Ol bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmäge bagyşlandy.