Ï Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1927
Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

5-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» temasy boýunça bäşinji jemleýji mejlis geçirildi. Ol bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmäge bagyşlandy.

Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar temanyň häzirki döwürde wajypdygyny we türkmen halkynyň Milli Lideriniň 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda beýan eden tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi babatda aýratyn ähmiýetini bellediler. Şol tabşyryklaryň hatarynda döwrebap bilim edaralaryny hem-de ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmek, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerde ylmy-bilim hem-de önümçilik özara baglanyşygyny pugtalandyrmak üçin netijeli usulyýetleri işläp taýýarlamak tabşyryklar bar.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň çykyşynda ýokary okuw mekdeplerde telekçilik nusgasyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Munuň özi uniwersitetlere talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy işläp taýýarlamalaryny täjirçilik maksatly ulanmak bilen işjeň meşgullanmaga mümkinçilik berer. Halkara görkezijisinde öňdäki orunlary eýeleýän dünýäniň köp uniwersitetlerinde bu nusganyň üstünlikli ulanylýandygy bellenildi. Çykyşda ýokary okuw mekdepleriň ýanynda iş berijileriň, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda senagat geňeşlerini döretmek teklibi beýan edildi.

Teklibi mejlise gatnaşyjylar goldadylar, olaryň pikirine görä, şeýle gural ýokary okuw mekdeplere zähmet bazarynyň möhüm isleglerini göz öňünde tutmaga, ylmy barlaglary pudaklaryň anyk zerurlyklaryna gönükdirmäge, şeýle hem öz işläp taýýarlamalaryňy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny geljekde-de berkitmek üçin goşulan bahasynyň ýokary derejesi bolan önümleri döretmäge gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Bilimleri täjirçilik maksatly ulanmak üçin üstünlikli çemeleşmäniň mysaly hökmünde Standard & Poor’s we Fortune 500 ýaly halkara görkezijisine girýän öňdebaryjy kompaniýalaryň köp böleginiň hut uniwersitetleriň barlaghanalarynda dörändigi bellenildi. Bu bolsa ýokary okuw mekdepleriň telekeçilik nusgasynyň hem-de ýaş hünärmenleriň ünsüni innowasion häsiýetli önümleri döretmäge jemlemegiň wajypdygyny ýüze çykarýar. 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ýokary tehnologik önümleri döretmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin esas bolup hyzmat etjek üstünlikli ylmy barlaglaryň hem-de gazanylanlaryň mysallary bilen paýlaşdylar. Işlenilip taýýarlanylan tehnologiýalaryň biotehnologiýalar, ekologiýa taýdan arassa serişdeler, gaýtadan dikeldilýän energetika we önümçilikleri dolandyrmaga niýetlenilen sanly çözgütler ýaly ugurlary gurşap alýandygy nygtaldy.

Forumda çykyş edenler tehnologiýalary ýurduň içinde ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler, çünki häzirki zaman önümçilikleriniň goşulan bahasy tehnologik täzelenişlere barha köp bagly bolýar. Şuny nazarda tutup, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek üçin özümiziň tehnologik binýadymyzy kemala getirmegiň zerurdygyny bellediler.

Mejlisiň netijeleri boýunça aşakdaky teklipler kesgitlendi: tehnologik ugurly senagat üçin hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim maksatnamalaryny ösdürmek, ýokary okuw mekdepler bilen senagat kärhanalaryň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek; Halkara ylmy-tehnologiýa parkyň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagy, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek; Maýa goýumlary çekmek we tehnologiýalary alyşmak üçin döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek, esasy pudaklaryň ösüşini goldamak üçin bilelikdäki barlaglar platformalaryny döretmek teklip edilýär.

Forumyň bäşinji mejlisiniň jemleri Türkmenistanyň innowasiýalara ýakynlaşmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly durnukly ösüşe tarap ymtylýandygyny görkezdi.