28.04.2026
4372
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
27.04.2026
3733
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
27.04.2026
2165
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi.
27.04.2026
2113
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan guralýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumy Barselona şäherinde geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
27.04.2026
4612
Ýurdumyzda maýyl howanyň bolmagyna we az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar
27-nji aprelden 3-nji maý aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan durnuksyz howa bolar, käbir sebitlerde gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagy mümkin. Ýagynly howa garamazdan, howanyň temperaturasy ýaz paslyna mahsus bolup, +30 gradusa çenli maýyl we ondan hem ýokary bolar.
27.04.2026
3582
Kiýewde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni we bilim sungat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy aprelinde Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy paýtagtyň Swýatoşinsk etrabynyň bilim edaralary we döredijilik gurnaklary bilen bilelikde “Ahalteke aty: çeper keşplerde gözellik, ýyndamlyk we asyllylyk” atly interaktiw programma bilen uly möçberli medeni we bilim çäresini geçirdi.
27.04.2026
2245
Daşoguzdaky täze lukmançylyk merkezi hyzmatlaryň giň gerimine eýe bolar
Daşoguzda täze 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi gurulýar. Ony ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmakda baý tejribesi bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina edýärler.
27.04.2026
1875
Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze kitaplar neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze kitaplar çap edildi.
27.04.2026
2500
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 4 medala eýe boldular
Türkmenistanly mekdep okuwçylar Moskwada 15 – 23-nji aprel aralygynda geçirilen himiýa dersi boýunça 60-njy halkara Mendeleýew olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlik gazandylar.
27.04.2026
3005
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary Balkan welaýatynda
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Balkan welaýatyna saparyny dowam etdirip, Türkmenbaşy şäherine geldi. 27-nji aprelden başlap, ýerli sahnada spektakllar we çagalar üçin interaktiw çykyşlar görkeziler.