17.09.2024
4420
Ýeralmanyň bol hasyly öndüriler
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýere ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 780 tonna golaý hasyl alyndy we bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi.
17.09.2024
5238
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
16.09.2024
4578
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
16.09.2024
15178
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
16.09.2024
4460
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
Şu gün Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi.
16.09.2024
11474
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
16.09.2024
4549
TDG-na agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Bişkek şäherinde Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi.
16.09.2024
5632
Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar
Şu hepde ýurdumyzda howanyň durnuksyz bolmagyna we ähli welaýatlarda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 34 gradus bolar.
16.09.2024
4746
Magtymguly etrabynyň tikinçileri ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar
Döwletli Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň dokma senagaty pudagynda ösen hil derejesinde öndürijilikli zähmet çekip, belent maksatlara abraý bilen hötde gelýän göreldeli kärhanalaryň hatary bu gün has-da artýar.
16.09.2024
5351
Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda adam hukuklaryny goramakda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi.