17.02.2024
4887
Buharestde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara maslahat we 25-nji fewrala çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.
17.02.2024
6786
Ýaş türkmen sazandasynyň ýene bir üstünligi
Ýakynda Kazanda tamamlanan halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň «FOLK-ART» halkara bäsleşiginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary fakultetiniň üçünji ýyl talyby Hijran Jorakulyýew akkordeon saz guralyny çalmakda 20-25 ýaşly sazandalaryň arasynda birinji orny eýeledi we diplom bilen sylaglandy.
17.02.2024
5862
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
16.02.2024
5596
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
16.02.2024
7117
«Türkmenhowaýollary» kompaniýasy täze ugurlaryň ikisini açdy
Aşgabat – Kuala-Lumpur ugry boýunça uçýan uçar Malaýziýanyň paýtagtyndaky howa menzile ýeňil gondy.
16.02.2024
4764
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Ispaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa portuna baryp gördüler
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Ispaniýa Patyşalygynyñ Walensiýa deňiz portuna iş sapary bilen baryp gördüler.
16.02.2024
10580
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy alymlary halkara ylmy maslahata çagyrýar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlaryny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.
16.02.2024
5296
Aşgabatda Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi.
16.02.2024
5657
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
16.02.2024
5980
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Ýerewanda Surat sergisi gurnaldy
2024-nji ýylyň 13-14-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde bu birleşigiň Martiros Sarýan adyndaky Sergiler zalynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem türkmen edebiýatynyň görnükili wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi gurnaldy.