18.02.2024
9911
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
18.02.2024
11671
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
18.02.2024
7816
Türkmenistanly hünärmenler Eýranda geçirilen kabaddi boýunça eminler maslahatynda başarnygyny ýokarlandyrdylar
Tähranda 16 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan 80-den gowrak hünärmeni jemlän Aziýada meşhur kabaddi oýny boýunça halkara eminler maslahaty geçirildi.
17.02.2024
6263
Türkmenistanyň Mejlisi maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça täze kadalary girizmek boýunça işleri alyp barýar
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
17.02.2024
4627
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasasary «Fransiýa – Türkmenistan» Söwda palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen «Fransiýa – Türkmenistan» Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.02.2024
8080
Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady – ýaş nesliň üstünlikli ösmeginiň girewi
Döwletiň ösmegi bilen onuň kanunçylyk binýady hem kämilleşýär. Bu babatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ulgamynyň işgärleri bilen birlikde hukukçy hünärmenleri birnäçe işleri amala aşyrýarlar.
17.02.2024
6170
2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.
17.02.2024
6618
«Galkan» Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy
Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda göreşýän 6 topar bilen bäsleşýän «Galkanyň» hokkeýçileri ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňiji boldy.
17.02.2024
6682
Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň muzeýine türkmen milli gymmatlyklarynyň gowşurylmagy
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy.
17.02.2024
4986
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary
2024-nji ýylyň 15-17-nji fewralynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde “Emiriň gyljy” atly halkara bäsleşik-festiwaly geçirilýär. Bu halkara çärä Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşýar.