20.02.2026
3283
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
20.02.2026
2582
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mübärek Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy hem-de gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
20.02.2026
7075
“Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.02.2026
6140
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, olaryň Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
20.02.2026
2253
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi.
20.02.2026
2535
Bişkekde 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylan çäre geçirildi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetinde bilim leksiýasyny geçirdi.
20.02.2026
1802
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň we Azerbaýjan Milli Ylymlar Akademiýasynyň wekiliniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi.
20.02.2026
3726
«Arkadag» topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň futbolçylary derejesi boýunça ikinji orunda durýan Aziýa topar ýaryşy bolan AFK-nyň II Çempionlar ligasynda ilkinji möwsümini 1/8 finalda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirilen iki duşuşygyň netijesi boýunça tamamladylar.
20.02.2026
3332
Daşoguz welaýatynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlanan dabaralar geçirildi
Ýurdumyzyň dünýäde giňden tanalýan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Daşoguz welaýatynda uly dabara bilen garşylandy.
20.02.2026
2158
GDA gatnaşyjy ýurtlaryň kinoçylary Türkmenistanyň «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly kino bäsleşigine gatnaşarlar
GDA agza ýurtlaryň «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion bäsleşiginiň başlanmagy baradaky yglannama maglumat we kino jemgyýetçiliginde giň gyzyklanma döretdi.