Ykdysadyýet
25.03.2024
6283
Türkmen telekeçileri «Freskon 2024» çagyrylýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi türkmen telekeçileriniň şu ýylyň 11–13-nji aprelinde Gresiýada geçiriljek Bütindünýä miwe we gök önümler «FRESKON» sergisine gatnaşmaga çagyrylýandygyny habar berýär.
24.03.2024
5011
Türkmenistan Parižde geçiriljek nebitgaz halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
Türkmenistan ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi.
24.03.2024
4616
Eziz Diýarymyzda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän kärhana dörediler
Türkmenistanda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhana dörediler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.
21.03.2024
4718
Daşoguz welaýatynda ýazky sogan ekişi tamamlandy
Daşoguz welaýatynda tamamlanan ýazky sogan ekişi üçin soganyň ýerli howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge uýgunlaşdyrylan ýokary hasylly, ir ýetişýän, guraklyga we aýazlara çydamly görnüşleri ulanyldy.
20.03.2024
9118
Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar.
20.03.2024
6044
Maryda et senagaty kärhanasy işe girizildi
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde gara mallaryň we dowarlaryň gassaphanasy dabaraly açyldy. Täze kärhananyň umumy meýdany 6,5 gektardyr.
20.03.2024
4013
«Kökçiniň» eksport ugry barha artýar
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa, halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
18.03.2024
4522
Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.
18.03.2024
5428
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 23 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
17.03.2024
18940
Täze binalar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar
Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi.