Ï «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 98
«Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Çäre uniwersitetiň «Oguz han» ylmy-tehnologiýa merkeziniň binýadynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň 15 ýokary okuw mekdebiniň her birinden bir topar gatnaşdy.

Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara «Etut.developer» bilim web-saýtynyň özboluşly görnüşlerini döretmäge hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion pikirlerini we işläp taýýarlamalaryny hödürlemek teklip edildi.

Toparlaryň IT-çözgütlerine web-saýtyň netijeliligi we işjeňlik görkezijileri, ulanmak üçin amatlylygy hem-de maglumatlaryň saklanyşyny üpjün etmegiň hili ýaly ölçegler boýunça baha berildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä I orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.

II orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary paýlaşdylar.

III orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplar toparlary eýe boldular.

Hakaton bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik we innowasion ukyplaryny, seljeriş pikirlenmäni, geljekki hünärine bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, şeýle hem toparda işlemek, dürli ulgamlar we wezipeler üçin IT-önümlerini işläp düzmek hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek endiklerini kemala getirmek maksady bilen geçirildi.