Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy

view-icon 23
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy

6-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslamanyň V möwsüminiň jemleýji tapgyry boldy.

Ýokary okuw mekdebiniň bu ägirt uly taslamasynyň V möwsümi 2025-nji ýylda – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga alyp, ol «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan – parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirildi.

Taslamanyň başynda geçirilen deslapky saýlama bäsleşigi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýüzlerçe mekdep okuwçysyny bir ýere jemledi. Bu bolsa ýaşlaryň öz Watanynyň taryhyna, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Saýlama tapgyrlarynda iň ýokary netijeleri görkezen okuwçylar akyl-paýhas bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Taslamanyň dowamynda 7 sany saýlama, 2 sany ýarym final we final oýny geçirildi.

Möwsümiň iň güýçli alty gatnaşyjysy finala çenli çylşyrymly ýoly geçmegi başardy. Bu bolsa bäsleşige gatnaşyjylardan mekdep maksatnamasy boýunça ýokary taýýarlygy, çuňňur bilimi, ýolbaşçylyk ukyplary, durnuklylygy hem-de çydamlylygy talap etdi.

Finalçylaryň çykyşlaryna abraýly eminler topary baha berdi. Onuň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň agzasy, arhitektura ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Hajyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew dagylar boldy.

Final oýnunyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.

I orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow mynasyp boldy.

II orun Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanowa berildi.

III orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa mynasyp boldy.

Sylaglamak dabarasy institutyň mejlisler zalynda geçirildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diplomlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Baş baýragyň eýesine bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

Asylly däbe görä, sylaglamak dabarasyndan soň institutyň baş binasynyň öňünde ýaş çaparlar dostlugyň, parahatçylygyň we hoşniýetliliginiň nyşany hökmünde asmana ak kepderileri uçurdylar.

Ýakyn wagtda türkmen teletomaşaçylary bäsleşigiň finalyna tomaşa edip bilerler. Çäräniň wideoýazgysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň okuw studiýasynyň we taslamanyň hemişelik hemrasy bolan «Miras» teleýaýlymynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünär ugurly taslama eýýäm bäşinji okuw ýyly bäri yzygiderli geçirilip, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Zehinli we bilimli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen bu intellektual bäsleşigiň netijeliligi aýdyň görünýär. Şu güne çenli taslamanyň iň oňat gatnaşyjylarynyň 37-si türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýokary bilim alýarlar.