Ï «Dünýä dilleri - dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dünýä dilleri - dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi

view-icon 91
«Dünýä dilleri - dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünäri boýunça rus dili bolan talyplarynyň arasynda «Dünýä dilleri – dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň 17 ýokary okuw mekdebinden 82 talyp gatnaşdy.

Netijeler boýunça 28 talyp baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olaryň 7-si birinji, 10-sy ikinji, 11-si üçünji orna mynasyp boldy. I orny eýelän ilkinji ýedilige Sona Muhammetberdiýewa (Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy), Mämmetaman Mämmedow we Zöhre Orazberdiýewa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Merjen Kowusowa (Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti), Şajan Serdarow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Ýekaterina Obýedkowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Nurmyrat Atahanow (Türkmen döwlet maliýe instituty) dagylar girdi.

II we III baýrakly orunlary ýokarda agzalyp geçilen ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyplary eýelediler.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä bäsleşigiň geçirilmegi öz hünärleri boýunça rus dilini kämil derejede bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da bäsleşik ýaşlaryň üstünlikli ýagdaýda özbaşdak işlemek we innowasion tehnologiýalary ulanmak ukybyny görkezdi, şeýle-de olaryň ösmegine ýardam berdi hem-de talyplarda daşary ýurt dilleri öwrenmäge bolan höwesi artdyrdy.