Türkmen okuwçylary 1 – 7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýada geçirilen halkara intellektual bäsleşik – «XPERTSTEM Elite Final Competition»-da ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik etdiler. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemlän abraýly bäsleşikde türkmen okuwçylary çuňňur bilimlerini we ýokary taýýarlyklaryny üstünlikli görkezdiler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça «Programmirleme» ugry boýunça altyn medala Aşgabat şäherindäki Türkmen-türk orta mekdebiň okuwçysy Akgözel Perhatowa mynasyp boldy. Eminler onuň seljeriş ukybyny we çylşyrymly meseleleri çözmekde adaty bolmadyk çemeleşmesini aýratyn bellediler.
«Iňlis dili» ugry boýunça üç sany bürünç medaly Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Ýagmyrowa, Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Mariýa Ruslanowa hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Jennet Halbaýewa gazandylar.
Türkmenistanly ýaş zehinleriň bu üstünlikleri milli bilim ulgamynyň ýokary hiliniň, ýaş nesliň taýýarlyk derejesiniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de olaryň täze belentliklere ýetmäge, halkara bäsleşiklerde mynasyp çykyş etmäge we eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmaga hemişe taýýardygyny görkezýär.