Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini alamatlandyrdy.

Häzirki döwürde alym Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli bilim ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şunda häzirki zaman ylmynyň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen dabara ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we Ylymlar akademiýasynyň alymlary hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Oňa laýyklykda, alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Attestatlara mynasyp bolan alymlar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ylmy işgärleriň ýokary ylmy derejelere eýe bolmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna mynasyp bolanlar milli ylym ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegi, ylmy işleri alyp barmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda zehinini, ukyp-başarnyklaryny, toplan baý tejribelerini gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.