Ï Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2026» dünýä reýtinginde rekord netijeleri gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2026» dünýä reýtinginde rekord netijeleri gazandy

view-icon 15
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti  «UI GreenMetric-2026» dünýä reýtinginde rekord netijeleri gazandy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä uniwersitetleriniň «UI GreenMetric-2026» täze ─ 17-nji neşirinde 273-nji orny ynamly eýeläp, dünýäniň ekologiýa taýdan iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň biri diýen derejesini tassyklady.

Türkmen uniwersiteti baha bermegiň ähli esasy ugurlary boýunça ýokary netijeleri görkezdi we mümkin bolan 10 000 utukdan netijede 7875 utuk jemledi. Şonuň netijesinde iň gowy 300 uniwersitetiň hataryna hem-de dünýä derejesinde durnuklylygyň “Altyn tapgyryna” (GoldCategory) girdi.

Ýokary okuw mekdebiň durnukly ösüşine berlen ýokary baha şäherçäniň (kampusyň) çäginde «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga bolan toplumlaýyn çemeleşme bilen şertlenendir. Ulag düzümini has oňaýly ýagdaýa getirmekde, energiýa sarp edilişini netijeli azaltmakda hem-de sebitiň howa şertleri üçin örän wajyp bolan suw serişdelerini tygşytly dolandyrmakda uniwersitetiň gazanan üstünlikleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Türkmen uniwersitetiniň ajaýyp netijesi onuň öňdebaryjy derejesini hem-de reýtinge gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň milli sanawynda anyk 1-nji orny eýeleýändigini ýene bir gezek tassyklady. Şu ýyl Türkmenistana ýokary okuw mekdepleriň 12-si wekilçilik etdi.

Reýting sanawynda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň eýeleýän orunlary aşakdakydan ybaratdyr: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (273-nji orun), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (628-nji orun), Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (758-nji orun), Türkmen oba hojalyk instituty (858-nji orun), Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti (1026-njy orun), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty (1198-nji orun), Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (1202-nji orun), Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy (1215-nji orun), Türkmen döwlet maliýe instituty (1359-njy orun), Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (1378-nji orun), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (1458-nji orun), S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (1735-nji orun).

Oguz han adyndaky uniwersitetiň bu ajaýyp üstünligine halkara bäsleşiginiň örän giň möçberi aýratyn ähmiýet berýär: reýtingiň jemleýji sanawyna 110 ýurtdan iň gowy 2016 sany ýokary okuw mekdepler girdiler.

Dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleriniň 2 müňden gowraklarynyň arasynda bäsleşikde berlen 273-nji orun Türkmenistanyň Oguz han adyndaky uniwersitetiniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik merkez bolmak bilen birlikde, ekologiýa taýdan jogapkärli düzüm hökmünde-de ösýändigini aýdyň görkezýär. Durnukly ösüş, serişdeleri tygşytlamak we okuw işine «ýaşyl» pikirleniş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýokary okuw mekdebe daşky gurşaw bilen sazlaşykda innowasiýalary öňe ilerletmäge hem-de möhüm döwlet ekologiýa strategiýalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.