Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda birnäçe internet-olimpiadalary guraýar.
Hususan-da, oktýabr aýynyň üçünji ongünliginde şahsy birinjilik görnüşinde üç sany intellektual bäsleşigi geçirmek meýilleşdirildi. Olimpiadalar islendik taýýarlyk ugurlary we hünärleri boýunça gyzyklanma bildirýän talyplary üçin açykdyr.
Topragy öwreniş boýunça III internet-olimpiadasy 26-njy oktýabrda sagat 15:00-da institutyň agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň guramagynda geçiriler.
Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3 –5-nji ýyl talyplary çagyrylýar. Gatnaşyjylara 90 minudyň dowamynda çözmäge wagt berilýän 50 sany sowaldan ybarat bolan test hödürlener. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 894549, +993 65 276237.
Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet-olimpiadasy 28-nji oktýabrda sagat 15:00-da geçiriler. Onuň guramaçysy hökmünde institutyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy çykyş edýär.
Bu bäsleşige ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 2 – 4-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar üçin 50 sany ýumuş taýýarlanyldy: 40 sany test sowallary we test görnüşindäki 10 sany mesele. Ýumuşlary çözmek üçin 90 minut wagt berilýär. Guramaçylyk komiteti bilen habarlaşmak üçin telefonlar: +993 61 978564, +993 63 775659.
Nazary mehanika boýunça VI internet-olimpiadasyny türkmen ýokary okuw mekdebiniň amaly mehanika kafedrasy 30-njy oktýabrda sagat 14:00-da geçirer.
Bu olimpiada 1 – 3-nji ýyl talyplar gatnaşyp bilerler. 120 minudyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 50 sany ýumşy, şol sanda 30 sany test sowalyny we test görnüşindäki 20 sany meseläni çözmeli bolarlar. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolar: +993 63 887557, +993 65 931638.
Üç internet-olimpiadalaryň hersine bir ýokary okuw mekdepden bäş talypdan köp bolmadyk topar gatnaşyp biler. Olimpiada ýazylmak üçin ýokary okuw mekdepleri 22-nji oktýabra çenli gatnaşjak toparlar hem-de onuň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron poçtasyna ugratmalydyrlar.
Ýeňijiler toplanan utuklaryň jemine görä kesgitleniler we degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar.
Intellektual bäsleşikleriň netijeleri institutyň sahypasynda çap ediler, şol ýerde bäsleşikler, olary geçirmegiň şertleri we düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.
Olimpiadalaryň geçirilmegi talyplaryň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny çuňlaşdyrmaga, döredijilikli pikirlenişlerini, özbaşdaklygyny hem-de talyplaryň möhüm ylmy we amaly ýumuşlary çözmek ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Guramaçylar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we mugallymlaryny geçiriljek olimpiadalara işjeň gatnaşmaga çagyrýarlar hem-de bu bäsleşikleriň ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de olary geljekde halkara bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşmaklary üçin taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.