2 – 8-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A. Aşyrowyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilowyň hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy I. Orazowyň düzümindäki türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Ýaponiýada bolýar.
Iş saparynyň esasy maksady ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak, bar bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini kesgitlemekden ybaratdyr.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň birnäçe öňdebaryjy uniwersitetleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň başlygy H. Koinuma, Tohoku uniwersitetiniň professory Ýudzi Matsumoto, Hirosaki uniwersitetiniň professory Kendzi Itaka, şeýle hem «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň wekili M. Ýamazumi bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda Ýaponiýanyň degişli edaralary bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda ozal gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga we onuň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň arasynda talyplary alyşmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda taraplar akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, talyplaryň we mugallymlaryň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bilim maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça wezipelere garadylar.
Duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki ylmy barlaglary, okuw- maslahatlaryny geçirmek, alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda akademiki gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem ýaş alymlaryň ylmy taslamalara gatnaşmagyna ýardam bermek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar häzirki zaman tehnologiýalary, inženerçilik, emeli aň, innowasiýalar we beýleki geljegi uly ugurlar ýaly ileri tutulýan ylmy ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.
Geçirilen duşuşyklar ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti halkara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilim we ylmy-barlag kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesini okuw we ylmy işlere ornaşdyrmak maksady bilen, ýapon kärdeşleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýärler.