Ï Türkmen topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşdy

view-icon 1183
Türkmen topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşdy
camera-icon
AFC

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, möhüm utuk gazandy. Duşuşyk eýran toparynyň öz meýdançasyndaky oýunlaryny geçirmäge mejbur bolýan Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi.

FIFA-nyň eminleriniň biri Nasrullo Kabirowyň ýolbaşçylygyndaky täjik eminler toparynyň hyzmat eden dartgynly duşuşygyna stadionyň münberlerinden 250 tomaşaçy tomaşa etdi.

Türkmen toparynyň garşydaşy — Kerman welaýatynyň Sirjan şäherine wekilçilik edýän Eýranyň «Gol Gohar» futbol topary 1997-nji ýylda döredilip, iri dag-magdan kompaniýasyna degişlidir. Topar Eýranyň ýokary diwizionynda çykyş edýär. 2026/2027-nji ýyl möwsüminiň 10 tapgyryndan soň, 13 utuk bilen 18 toparyň arasynda 9-njy orunda barýar.

«Gol Gohar» häzirki möwsümde AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda ilkinji gezek çykyş edýän bolsa, ýakynda Türkmenistanda yzly-yzyna dördünji çempionlyk adyny gazanan «Arkadag» topary bu yklymyň ähmiýeti boýunça ikinji topar ýaryşyna ikinji ýyl gatnaşýar.

Duşuşygyň birinji ýarymy deňeşdirilende aram depginde geçse-de, «Arkadag» topary has ýiti hüjüm edip, garşydaşynyň derwezesine ýygy-ýygydan howp saldy. Myhman toparyň düzüminde esasy işjeň oýunçylaryň biri goragçy Arzuwguly Sapargulyýew boldy. Ol 27-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan çep aýagy bilen güýçli urgyny ýerine ýetirip, «Gol Gohar» toparynyň derwezeçisi Farzin Garusiany oýna goşulmaga mejbur etdi. Derwezeçi topy ýere ýykylyp saklamaly boldy. Dört minutdan soň Resul Hojaýewden topy kabul eden Sapargulyýew jerime meýdançasynyň çep burçundan ýene-de derwezä urgy geçirdi, emma top kese germewden ýokardan geçdi.

Arakesmeden soň oýun has açyk häsiýete eýe boldy we toparlar ýene-de birnäçe gol salmak üçin amatly pursatlary döretdiler. 50-nji minutda Rahman Myratberdiýew jerime meýdançasynyň çäginden öwrüm edip, howply urgy geçirdi, ýöne F. Garusian topy ynamly saklady. Ikinji ýarymyň ortalaryna golaý Güýçmyrat Annagulyýew Sapargulyýewiň burçdan beren topyndan soň kelle urgusyny ýerine ýetirdi, emma top derwezeden ep-esli daşdan geçdi. 71-nji minutda ýene-de Sapargulyýewiň jerime urgusyndan soň Meýlis Diniýew tapawutlanmaga mümkinçilik aldy, ýöne onuň kelle urgusy kese germewden ýokardan geçdi.

Duşuşygyň iň aýgytly pursady az salymdan, türkmen toparynyň ýeňiş gazanmaga juda golaýlan wagtynda ýüze çykdy. 73-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow jerime meýdançasynyň sag ganatynda Ahmad Zendehruhy ussatlyk bilen aldap geçip, topy merkezi bölege geçirdi. Şol ýerden Rahman Myratberdiýew derwezä urgy geçirdi, ýöne derwezeçi Garusian sütünden serpigen topy derwezäniň çyzygynyň üstünde saklamagy başardy. Bir minutdan soň sag ganatdan ýerine ýetirilen burç urgusyndan soň Mekan Saparow bary-ýogy üç metr aralykdan kelle urgusyny geçirdi, emma top kese germewden serpigip, meýdançanyň daşyna çykdy.

Eýran topary 85-nji minutda ýiti hüjüm bilen jogap berdi. Oýna ätiýaçdan goşulan Majid Aliýari Siamak Nematiniň sag ganatdan geçiren topundan soň kelle urgusyny ýerine ýetirdi, ýöne top derwezäniň sag sütüniniň gapdalyndan geçdi. Duşuşygyň soňky jürlewük sesi 0:0 hasaby tassyklady we toparlar utuklary paýlaşdylar.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda bolsa hakyky futbol dramasy boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary Abu-Dabiniň Mohammed bin Zaýed adyndaky stadionynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyndan birinji ýarymdan soň 0:2 hasabynda utulyp barýandygyna garamazdan, duşuşygy 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. 1860 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen bu oýna Saud Arabystanynyň FIFA derejeli emini Mohammed Al-Hoýşyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy myhman toparyň artykmaçlygynda geçdi. Olar Abdulwahab Al-Maludyň iki goly (3-nji we 33-nji minutlar) bilen ýer eýelerini haýran galdyrdylar. Emma ikinji ýarymda «Al-Jazira» topary ajaýyp gaýduwsyzlyk görkezip, oýnuň gidişini üýtgetdi. Duşuşygyň baş gahrymany «Barselona» we «Zenit» toparlarynda çykyş etmegi bilen tanalýan braziliýaly ýyldyz Malkom boldy. Ol het-trik etdi (52-nji minutda penalti urgusyndan, 56-njy we 72-nji minutlarda). BAE-niň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän, Braziliýada doglan Bruno de Oliweýra bolsa 68-nji minutda ýene bir gol geçirdi.

Şeýlelikde, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry ýarym ýola ýetdi. Birinji aýlawyň netijeleri boýunça «B» toparçasynda 7 utuk bilen «Al-Jazira» topary öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda 4 utuk bilen «Arkadag» topary ýerleşýär. Üçünji orunda 3 utuk bilen «Al-Muharrak» barýar. «Gol Gohar» topary bolsa 2 utuk bilen sanawyň soňky ornunda durýar. Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iň gowy iki topar 1/8 finala çykar. Ýaryşyň umumy ýeňijisi 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriljek final duşuşygynda kesgitlener.

Aýgytly duşuşyklara kän wagt galmady. Eýýäm 4-nji noýabrda «Arkadag» we «Gol Gohar» toparlary Türkmenistanda jogap duşuşygyny geçirerler. «Al-Muharrak» bolsa Bahreýnde «Al-Jazira» toparyny kabul eder. Galan iki tapgyrda türkmen toparyna 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen oýnamak, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» toparyny kabul etmek garaşýar.