Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

view-icon 12

1-nji madda

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 138 068,4 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 125 823,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 255,3 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2027-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

                                                    goşulan baha üçin             peýdadan alynýan       ýerasty baýlyklardan
                                                    salgytdan                             salgytdan                      peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri                       4,8%                                      4,8%                               7,0%

Arkadag şäheri                       100,0%                                  100,0%                          0%

Ahal welaýaty                         100,0%                                 99,0%                             100,0%

Balkan welaýaty                    23,0%                                   22,0%                             23,0%

Daşoguz welaýaty                100,0%                                 100,0%                            0%

Lebap welaýaty                     100,0%                                100,0 %                            100,0%

Mary welaýaty                       73,0%                                  73,0%                               73,0%

4-nji madda

2027-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 303,3 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Arkadag şäheri                    271,3 mln. manat

Daşoguz welaýaty              1 879,3 mln. manat

Lebap welaýaty                   1 152,7 mln. manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 15 548,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri                   2 743,3 mln. manat

Arkadag şäheri                  323,5 mln. manat

Ahal welaýaty                    1 894,2 mln. manat

Balkan welaýaty                1 664,5 mln. manat

Daşoguz welaýaty            2 812,0 mln. manat

Lebap welaýaty                 3 128,0 mln. manat

Mary welaýaty                   2 982,5 mln. manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2027-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

10-njy madda

Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin we awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlar boýunça girdejiler göz öňünde tutulan meýilnamadan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň ýörite hasabyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 25-nji noýabry.