Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 3219
I. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda; 2018 ý., № 2, 34-nji madda) 39-njy maddasynda:

birinji bölegiň ikinji tesiminde «we «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölekde:

birinji tesime şu mazmunly sözlemi goşmaly:

«Şeýle hem, bu namalaryň çap edilmegi elektron görnüşde degişli ygtyýarly edaranyň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylyp bilner.»;

dördünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny resmi çap etmek olar döwlet belligine alnandan soňra, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan elektron görnüşde Ministrligiň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň
14-nji marty.