Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 1826
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna goşmaçany we üýtgetmäni girizmeli:

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 164-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji we 103-nji maddalar; 2019 ý., № 1, 10-njy madda) 22-nji maddasyndan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«221-nji madda. Gözegçilik-geçiriş ýerlerinde güýçlendirilen gözegçilik çäreleri

1. Ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulyp, gözegçilik — geçiriş ýerlerinde awtoulaglary zyýansyzlandyryş geçelgeleri, awtomobil we demirýol ulaglaryny zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa maksatly desgalar gurulýar, enjamlaşdyrylýar we olarda degişli zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär hem-de ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantin astyndaky ösümlik we ösümliklerden alnan önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş — fumigasiýa işleri bellenen tertipde geçirilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan işler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen çäreleri amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;

2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 2, 41-nji madda) 18-nji maddasynyň üçünji böleginde «(dezbarýerlerden)» diýen sözi «(zyýansyzlandyryş geçelgelerinden)» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 20-nji apreli.