Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

view-icon 4149
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmeli.

2-nji madda.Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda.Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 16-njy ýanwary. № 327-VI.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň
DÜZGÜNNAMASY

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň hatarynda azyndan on bäş ýylyň dowamynda birkemsiz gulluk eden hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly hyzmatlary bitiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permany bilen dakylýar.

4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň dakylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretarynyň teklipnamasy esasynda amala aşyrylýar. Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakylanlara «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany lybasyň sag tarapyna dakylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň
ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany dikligine süýrümtil sekizburçluk görnüşinde bolup, mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalyp, onuň ýüzüne misiň okislenen ergini çaýylýar.

Döşe dakylýan nyşanyň beýikligi 48 mm, ini 30 mm bolup, onuň ýüzi altynsow syrça bilen örtülendir.

Döşe dakylýan nyşanyň ýerligi altynsow reňkli çyzyklaryň içinden ýaýrap gidýän şöhleler bilen şekillendirilen. Döşe dakylýan nyşanyň ýüz tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň

Döwlet tugrasynyň şekili bolup, onuň daşyndan aýlanan halkanyň ýokarky böleginde «TÜRKMENISTANYŇ», aşaky böleginde «WATAN GORAGÇYSY» diýen altynsow reňkli ýazgy ýerleşdirilen. Türkmenistanyň Döwlet tugrasy bilen halkanyň arasy ýaşyl reňk bilen örtülen. Onuň aşagynda iki tarapa ýaýrap gidýän altyn reňkli zeýtun pudagynyň şekili ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşanyň daş gyrasy altynsow reňk bilen jäheklenen.

Döşe dakylýan nyşan güberçek görnüşindedir.

Döşe dakylýan nyşanyň arka tarapynda ony lybasa dakmak üçin nurbat bardyr.