Ï Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»

view-icon 2175
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»
Leonid Filatowyň ýagty ýadygärligine: «Ol biziň ildeşimiz!»

Aşgabatda sowet we rus aktýory, Russiýanyň halk artisti Leonid Filatowyň (1946-njy ýylyň 26-njy dekabry – 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabry) ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi, onuň çagalygy we ýetginjekligi biziň güneşli şäherimizde geçipdi. Kamera kysmy agşamy «Россотрудничество» Agentliginiň Türkmenistandaky wekilligi gurady.

«Ajaýyp teatr we kino aktýory, ussat dramaturg, ssenariçi, režisýor, zehinli şahyr bütin ömrüne iki şäher – Moskwa we Aşgabat bilen bagly bolupdy» -- diýip «Россотрудничество» Agentliginiň wekili Ýewgeniý Beloglazow agşamy açanda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Filatowyň esasy döredijilik we ömür ýoly Moskwada, Russiýada geçen bolsa, onuň çagalygy hem ýetginjekligi Aşgabatda geçdi, bu ýerde mekdepde okady, drama gurnagynda ilkinji keşplerini döretdi, goşgy ýazyp başlady. Diplomat 75 ýyllygy şu ýyl bellenilýän Leonid Filatowa rus we türkmen topragynyň ogly diýse bolar - diýdi.

Beloglazow myhmanlara üýtgeşik resminama görkezdi, onda altynjy synp okuwçys Leonid Filatowyň adynyň okuwda gazanan üstünlikleri we jemgyýetçilik işleri üçin 1960-njy ýylyň martynda Aşgabadyň 6-njy mekdebiniň hormat kitabyna girizilendigi habar berilýär.

Agşamy alyp baryjyalr – Aşgabadyň ArtEast teatrynyň aktýorlary Tatýana Öwezmyradowa bilen Igor Annagylyjow wideo, audio we fotoresminamalar arkaly, myhmanlara Leonid Filatowyň döredijilik ykbaly, onuň teatrda, kinoda we telewideniýede eden işleri, edebi hem jemgyýetçilik işleri barada gürrüň berdiler.

Filatow barada diňe bir wideoýazgylar, fotosuratlar ýa-da resminamalar däl, eýsem duşuşyga gatnaşanlar hem gyzykly gürrüň berip biljek ekeni. Duşuşygyň ahyrynda Ýewgeniý Beloglazow myhmanlara ýatlamalaryny aýtmagy teklip etdi.

A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-russiýa mekdebiniň müdiriniň orunbasary Larisa Nikolaýewna Martynýagyň ýatlamalaryndan birnäçe pursat getirmekçi.

-Gynansamam, Filatowy ýakyndan tanamaýardym, ýöne meniň ýaşlygym onuň meşhur döwrüne gabat geldi. 60-njy ýyllarda we 70-nji ýyllaryň başynda Taganka Moskwada iň meşhur teatr boldy, aşgabatlylaram şo sahnada ildeşleriniň çykyş edýändigine buýsanýardylar.

Talyp döwrümiz biz uniwersitete 6-njy mekdebiň golaýyndan geçmegi halaýardyk. Her gezegem kimdir birimiz: «Leonid Filatowam şu ýerde okapdyr» -- diýýärdik. «Beý, ony näçe aýtmak bor-a!» diýmek hiç kimiň kellesine-de gelmändir –diýip Martynýak gürrüň berdi.

Ol ýene bir pursady ýatlady.

-Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary bolup Moskwa döwlet uniwersitetine hünär kämilligi okuwyna gidipdik. Biz Taganka teatrynyyň spektakllaryny görmek isleýärdik. Ýöne şol döwür ol başa barjak iş däldi. Men uly ýaşly kärdeşlerimden «Filatowyň ildeşi» diýmegiň ýetikdigini eşidipdim.

Merhum Nikolaý Nikolaýewiç Ýerşow (TDU-nyň mugallymy), birnäçe gezek teatryň adminstratorynyň ýanyna baryp: «Bilseňiz, men Leonid Filatowyň mugallymy, oňa şu taýdadygymy aýdyň» - diýipdir. Leonid Alekseýewiçe bu ýere Aşgabatdan Nikolaý Nikolaýewiçiň gelendigini aýdanlarynda, Filatow: «Haýyş, ony goýberiň we ýer tapyp beriň»- - diýipdir.

Türkmen žurnalisti Wladimir Zarembo Filatowdan interwýu almak başardandygy barada ýene bir pursat ýatlanyldy. 90-njy ýyllaryň ahyrynda artist eýýäm agyr syrkawdy, köpçülige seýrek çykýardy. Moskwada gezip ýören Zarembo onuň bilen söhbetdeş bolmak isläpdir... Özüni aşgabatly biriniň idegleýändigini bilen Filatow Wladimiri öýüne çagyrypdyr...

Larisa Nikolaýewna Filatowyň hiç haçan öz maşgalasy ýaşan, kakasynyň mazary ýatan mähriban şäherden ara üzmändigini nygtady. «Ol biziň ildeşimizdi, bizem muňa guwanýarys!» -- diýip L. Martynýak sözüni jemledi.

Surata düşüren: Wýaçeslaw SARKISÝAN