Ï Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym

view-icon 5741
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym
Döwlet Berdiýew: teatr meniň ykbalymda we teatrdaky ykbalym

Türkmenistanyň  at gazanan artisti Döwlet Berdiýewe köplenç: «Seňki teatrda bolmasaňam, edil teatrda ýaly» - diýýärler. Dostlarynyň we kärdeşleriniň şeýle diýmeginiň sebäbi onuň kakasy – Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, ejesi - Türkmenistanyň  at gazanan artisti Narjan Berdiýewa, uýasy – aktrisa Aýnabat Berdiýewa. Kakasy bilen uýasy Baş drama teatryna, Döwlet bilen ejesem – Sazly-drama teatryna gulluk edýärler.

Elbetde, dört aktýoryň arasyna döredijilik jedellerem bolman duranok, ýöne onda  hakykat ýüze çykmasa-da, täze bir ideýanyň döreýändig-ä anyk.  Döwlet çagalygyndan teatryň täsirine düşdi: deň-duşlary pökgi oýnasa, onuň boş wagty Mollanepes adyndaky (häzirki Baş drama teatry) sahnasynyň aňyrsynda, repetisiýalara syn etmekde geçýärdi. Ol aýry-aýry pursatlardan jemlenip-toplanyp, tomaşaçyny  gaýry bir dünýä alyp gidýän,  özüne çekiji wakalaryň emele gelşine syn etmegi halaýardy. 

Geljekki aktýoryň ösüp gelýändigi göze ilip durdy. Ýöne Döwlet mekdebi tamamlandan soň hemmeleri geň galdyryp, Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetine synanyşdy, ýöne bahalary ýetmänsoň okuwa girip bilmedi.

- Sen artistiň ogl-a, artist bold-a! – diýip, kakasy ýa köşeşdirjek bolup, ýa-da maslahat diýip aýdyp goýberdi.

Dogrusy, Döwlet çaga döwri Kakajan Aşyryowyň Andreý Platonowyň «Jan» powesti esasynda goýan adybir spektaklynda çykyş edipdi.

Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň birine kino we telewideniýe režisýory hünärinden okuwa alynýandygyny bilip, oňa synanyşdy, ýöne bu gezegem onuňky paşmady.

Döwlet Berdiýewiň zähmet depderçesindäki ilkinji ýazgy – Mollanepes adyndaky teatrda  sahna bezeglerini düzüji.  Gapdalyndan Kakajan Aşyrowyň «Jan» teatrynda hem şol kesbini ýöredýärdi, kinofilmlerde epizodlarda surata düşýärdi, daşyndan kompýuter okuwyna gatnaýardy, iňlis dilini öwrenýärdi.

Ol 1999-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk bölümine  okuwa girýär. Türkmenistanyň halk artistleri Çary Işangulyýew, Welmyrat Amanow, Durdymämmet Oradow ýaly ägirtler oňa aktýorlyk ussatlygyndan we sahna dilinden sapak berip,  talybyň artistlik ukybynyň açylmagyna ýardam edipdiler, Döwlet halypalaryny  mähir bilen ýatlaýar.

2001-nji ýylda Medeniýet institutynyň talyby Döwlet Berdiýew Orazmyrat Gummadowyň «Bäşinji hazyna», 2002-nji ýylda – Muhammet Söýünhanowyň «Gözellik» filmlerinde surata düşdi. 2002-nji ýylda Guseýn Muhtarowyň «Talyp söýgüsi» spektaklynda baş keşbi döretdi.

-Ertesi men eýýäm meşhur adam bolaýdym – dýip Döwlet ýylgyryp gürrüň berýär. – Köçä çyksam meni tanap, awtograf soraýardyalr...

«Näçe belende galdygyňça, şonça-da başyň aşak bolsun!» - diýip halypasy Çary Işangulyýew tanymallyk  «keselinden» goraglap aýdardy.

-Heniz institutda okaýan döwrüm maňa Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teartynda işe durmak  miýesser etdi. Işe başlan badyma teatryň ýanyndaky bagda ülje agajyny ekdim—diýip Döwlet gürrüň berýär. – Ol üç ýyldan hasyla durdy, onuň meniň üçin simwoliki manysy bardy...

...Ony harby gulluga çagyrdylar. Ol bile okan dostlary Myrat Aradow we Hözir Hoşnazarow bilen bir ýerde gulluk etdi. Şol döwrem  döredijlik taýdan kämilleşmegini goýmady.

Teatra gulluk eden 20 ýylynyň içinde Türkmenistanyň  at gazanan artisti Döwlet Berdiýew sahnada 24 we kinoda hem 21 keşp döretdi. Ol ilkinji gezek Myrat Orazowyň «Buýsanç» filminde gazetiň redaktory Merdan Mergenowyň keşbinde çykyş etdi. 2010-njy ýylda eýranly kinorežisýor Jawet Alizade «Soňky saz» filmde  ony baş gahrymanyň (aktýor Ali Keşwari) dostunyň roluna çagyrdy.

Ol sahnada döreden keşplerinden Gowşutgeldi Daňatarowyň «Hazyna» pýesasy esasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Aýnazar Batyrowyň 2005-nji ýylda sahnalaşdyran  spektaklyndaky Ezraýylyň keýbini has gowy görýär. Ol şu keşbi şeýle bir ajap oýnady welin, Aýnazar Döwlete  Gowşutgeldi Daňatarow bilen döreden «Tumar şa» spektaklyna zalym Gebriniň  roluny teklip etdi.

-Döwlet, arwahyň keşbinem halap bormy?

-Men ýaramaz keşpleri döretmegi gowy görýän. Özüňe ters häsiýeti döredeniňde aktýorlyk ukybyň has ýiti ýüze çykýar, onuň bolşuny we duýgylaryny has açyk nygtamaga mümkinçilik döredýär.

-Siz dürli häsiýetli keşpleriň 45-sini döretdiňiz. Spektakl gidip durka bulaşyklyga uçran wagtyňyz boldumy?

-«Arçman» şypahanasynda «Etme, oglan, sen oýun» spektaklynda men köp bökmeli bolýardym, onsoň modaly dar jalbarymyyň arka tarapynyň tikini söküläýdi. Gorkymdan doňňara daşa döndüm. Ýöne mugallymlarymyzyň: «batyrgaý improwizasiýa ediň» - diýeni ýadyma düşüp: «Bäh, by  yssyn-aý!» -diýdim-de, hiç zat bolmadyk ýaly  köýnegimi jalbarymyň üstünden goýberäýdim. Tomaşaçylar-a zat aňmady welin, kärdeşlerim «Bäh, bi  yssyn-aý!» -diýşip kän güldiler.

-Sizi ýakymly tembrli  sesiňiz üçin filmlere ses bermäge kän çagyrýandyrlar?

-Hawa, käte bir filmde birnäçe gahrymana derek ses berýän wagtymam bolýar.

-Size döredijilik üstünliklerini, ajap  rollary we tomaşaçylaryň söýgüsini arzuw edýäris!

-Hoş arzuwlaryňyz üçin sag boluň.

Tamara GLAZUNOWA