Ï Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2020-nji ýylyň jemi boýunça MAGLUMATY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2020-nji ýylyň jemi boýunça MAGLUMATY

view-icon 69810

M A Z M U N Y

  

Giriş

 

 

I bap.

Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň
hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy.

 

II bap.

Raýatlyk we syýasy hukuklar.

III bap.

Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar. 

 

IV bap.

Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme. 

 

V bap. 

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri. 

 

VI bap.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi.

 

VII bap.

Halkara hyzmatdaşlygy.

 

VIII bap.

Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri.

 

IХ bap.

Netije.

 

Giriş 

Geçen ýyllarda bolşy ýaly bu maglumatyň taýýarlanmagynyň maksady hem ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşine syn bermek, adam hukuklary babatda möhüm meseleleri seljermegiň netijesinde 2020-nji ýylda adam hukuklarynyň ýagdaýyny we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk - Adalatçy) adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, bozulan hukuklary dikeltmek, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak, edilen teklipler we öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran beýleki işleri barada beýan etmekdir.

Girişimizde hasabat ýylynda bolup geçen, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary bilen aýrylmaz baglanşykly käbir esasy wakalary nygtap geçeliň. 2020-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçdi. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 25 ýyl doldy. Hukuk ylmy nukdaýnazaryndan bitaraplyk institutynyň çäklerinde adam hukuklary uly ähmiýete eýedir. Munuň kesgitlemesi «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda berkidilendir. Geçen çärýek asyr döwür Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üçin netijeli häsiýete eýe boldy. Bitarap Türkmenistanyň adamyň hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakynda Jarnamany kabul etdi we onda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi adalatlylygyň we parahatçylygyň özeni bolup durýandygy nygtalýar.

Döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen, ýagny ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgama geçirmek baradaky konstitusion özgertmeler hem geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Geçen ýyl ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary, şol sanda adam hukuklary babatda gatnaşyklar abraýly halkara guramalaryň çäginde netijeli dowam etdirildi. Şunda geçen ýyl Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyny, özem indi altynjy gezek saýlananlygyny bellemelidiris. Bu mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti adamzat bähbitli, dünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Geçen ýyl dörän, dünýäniň global meselesine öwrülen, ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreş çäreleri, şunda adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermezlik, bu wehimiň ýurduň ykdysadyýetine oňaýsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen milli derejede düýpli, ulgamlaýyn işler hem ýola goýuldy.

Agzalyp geçilenler we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan beýleki möhüm wakalar, adamyň we raýatyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek wezipeleriniň iş ýüzünde berjaý edilişiniň giňişleýin seljermesi we Adalatçysynyň ýylyň dowamynda alyp baran beýleki işleri bilen 9-bapdan ybarat şu ýyllyk maglumatda giňişleýin tanşyp bilner.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu maglumat Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berilýär hem-de Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle-de Adalatçynyň web saýtynda beýan edilýär.

 I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň  hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenen, «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen ýyly boýunça Adalatçynyň maglumatynyň ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýa bagyşlanan babyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň adam hukuklarynyň üpjün edilmegini kepillendirýän kadalaryndan başlamagy makul bildik.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi adam hukuklary bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagynyň jar edilmegi, döwlet işinde şol hukuklardan we azatlyklardan ugur alynmagynyň türkmen döwletiniň möhüm ýörelgeleriniň biridigi barada «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakynda Jarnamada berkidilendir. Bu namalarda Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem adamyň we raýatyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk namalarynda berkidilen esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilýändigi we hormatlanýandygy nygtalýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, munuň özi diňe bir türkmen halkynyň parahat durmuşynyň kepili bolman, eýsem sebitde, dünýä ýüzünde parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçen hasabat, ýagny «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem her bir raýatyň asuda, abadan we bol elin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durmuş - ykdysady özgertmeleriň gerimini giňeltmek, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçmek baradaky özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmak, Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, şol sanda döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, bu alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny üpjün etmek babatda saldamly işler amala aşyryldy.

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty, yhlasly türkmen halkynyň zähmeti bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazanyldy, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berildi. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, senagatynda, oba hojalygynda, ylymda-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda we beýleki ugurlarda öňegidişlikler gazanyldy. Ýurtda amala aşyrylýan bu işler bolsa raýatlarymyzyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmeginiň çeşmesi bolup durýar. Şeýlelikde geçen ýylyň dowamynda alnyp barylan bu ähmiýetli işleriň üstünde durup geçeliň.

Ilki bilen döwlet syýasatymyzyň esasy ugry bolan raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny, ykdysady bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen işleriň üstünde durup geçeliň. Geçen 2020-nji ýylda-da ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek gerek. Anyk işlere salgylansak, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmat ediş ulgamyna degişli işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda adam mümkinçiligini artdyrmak üçin şertleriň artdyrylmagy dowam etdirildi. Ýagny 2020-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göteriminden gowragy durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu ugra gönükdirilen serişdeleriň 99,9 göterim derejede ýerine ýetirilmegi bolsa, ilatyň durmuş goraglylygynyň, ýagny bilim almaga, saglygyny goramaga, döwlet durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý jemagat hojalygy hyzmatlaryna bolan mümkinçilikleriniň has-da kämilleşýänligini, ilatymyzyň ýaşaýşyň dürli ugurlary boýunça hak- hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilýändigini subut edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan bu oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde, syýasy, ykdysady, durmuş, hukuk özgertmeleri, şol bir wagtda hususy eýeçilige geçilmegiň, raýat jemgyýetiniň ösdürilmegiň, ýurdumyzda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegini, olaryň mümkinçiliklerini, başarnyklaryny durmuşa geçirmegiň amatly şertini döretdi.

Bu özgertmeleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň we meýilnamalaryň esasynda ulgamlaýyn alnyp barylýan işleriň netijesinde gazanylýanlygyny hem bellemelidiris. Ýagny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 − 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 − 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019 − 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy», «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 − 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 − 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» ýaly durmuş-ykdysady Maksatnamalaryň we ýurdumyzyň daşary syýasaty ugryny ösdürmäge gönükdirilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Geçen ýyl hem bu meýilnamalaryň üsti ýetirilip, dünýädäki dörän global mesele bolan pandemiýanyň ýurduň ykdysadyýetine oňaýsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, pandemiýa garşy göreşmekde milli derejede düýpli, ulgamlaýyn işler ýola goýuldy. Has takygy bu ugurda alnyp barylmaly wezipeleri anyk kesgitleýän «Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy», «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy» kabul edilip we ondaky wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilmek bilen, ýurdumyzda keselleriň öňüni almakda oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýerde belläp geçmeli zatlaryň biri hem, ýurdumyzda amala aşyrylýan bu işleriň sakasynda duran milli strategiýalaryň ählisi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibine girizilen wezipeleri alamatlandyrýar.

Agzalanlardan başga-da gönümel adam hukuklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek maksady bilen meýilnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny subut edýär.

Geçen ýyl hem hereket edýän, has takygy «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 − 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 − 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda» , «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 − 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynda», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy dowam etdirildi.

Şeýle-de «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 − 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016 − 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda», «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 − 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli durmuşa geçirilip jemlenildi.

Görşüňiz ýaly umuman adam hukuklary boýunça, şeýle-de aýry-aýry ugurlar boýunça adam hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilen çäreler yzygiderlilikde meýilleşdirilip ulgamlaýyn alyp barmak Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek tejribesine ornaşdyryldy. Bu tejribe bir tarapdan döwletimiziň adam hukuklaryny gyşarnyksyz yzygiderli berjaý edýänligini görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan bu işleriň ulgamlaýyn alnyp barylmagynyň oňyn netijelerini görkezýär. Şol nukdaýnazardan, şeýle-de bu işleri dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýörite karary bilen geçen hasabat ýylynda hem geljekki ýyllar üçin meýilnamalar tassyklanyldy. Olar «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 − 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasydyr».

Öňki ýyllarda bolşy ýaly geçen hasabat ýylynda hem, ol maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzda adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek we goramak maksady bilen, netijeli işleriň durmuşa geçirilenligini bellemegimiz zerurdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçilikleriniň ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek döwletimiz tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we bimöçber işler alnyp barylýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly ýurdumyzda amala aşyrylýan bu milli strategiýalaryň ählisi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Geçen ýyl biz ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy ösüşini alamatlandyrýan, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň möhüm ädimi bolan konstitusion özgertmäniň hem şaýady bolduk. Halkymyzyň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine daýanyp, Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçirlen mejlisinde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ýagny geçen hasabat ýylyň dowamynda öz işini netijeli alyp baran Konstitusion topar tarapyndan taýýarlanan, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi we bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly kadalary özünde jemleýän «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlenildi. Bu kanun taslama maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyp Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlendi, Mejlis tarapyndan bolsa bu konstitusion kanun kabul edildi.

Döwletimizde iki palataly parlament ulgamyna geçilmeginiň özi bolsa, türkmen halkynyň öz taryhy tejribesine, hukuk däplerine, şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň öňdebaryjy iş tejribesine esaslanandyr.

Geçen «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistan döwletimizde ençeme halkara ähmiýetli wakalar hem bolup geçdi. Ähli türkmen halky öz garaşsyz taryhynda şanly senäni - Bitaraplyk gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Geçen ýyl bu baýramçylyk aýratyn şanly boldy, çünki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen biziň ýurdumyza hemişelik bitarap döwletiň derejesiniň berkidilmegine ýigrimi bäş ýyl doldy. Munuň özi ýaňy garaşsyzlygy alnan ýönekeý bolmadyk ýyllarda ýaş türkmen döwletiniň hakyky diplomatiki ýeňişi boldy. Biziň göz öňüne getirişimiz ýaly, ýigrimi bäş ýyl diňe bir Türkmenistanyň döwlet daşary syýasat doktrinasynyň durmuşa ukyplydygyna baha bermek üçin däl, eýsem, saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna göz ýetirmek üçin hem ýeterlik möhlet boldy.

Hasabat ýylynda Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy babatda hem ähmiýetli wakalara eýe bolundy. Bu gatnaşyklar barada aýdamyzda geçen ýylyň ilkinji ähmiýetli wakasyny ýatlamagymyz ýerlikli bolardy. Ýagny ýanwar aýynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň geçirilmegi, ýurdumyzda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň maksatlary we wezipeleri kesgitlenende özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezdi. Maslahatyň barşynda türkmen tarapy bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda jemi 12 resminama gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň biri hem Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasydyr. Ol resminamalar ýaş nesliň hukuklaryny, saglygyny, bilimini, hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde, gender deňligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmekde, ýokary hilli maglumat toplumyna elýeterliligi giňeltmek ýaly wajyp ugurlarda BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze wezipelerini kesgitledi.

Geçen ýyl ýurdumyz «Halkara bitaraplyk günini» ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler bilen garşylady. Dekabr aýynyň ilkinji gününden başlap aýry-aýry ugurlar boýunça gazanylan syýasy we ykdysady üstünliklere bagyşlanan sergileri we maslahatlary geçirmek bilen ýetilen sepgitler dünýä ýüzüne äşgär edildi. Şol çäreleriň çäginde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan onlarça taslama resminamalaryna, ylalaşyklara, iş meýilnamalara gol çekmek dabaralary bolup geçdi. Şol sanda Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň 2021-2022-nji ýyllar üçin institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» babatda taslamasyna, şeýle-de Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy bolup geçdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň esasylarynyň biri hem «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Halkara maslahaty boldy. Bu maslahata abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşyp, parahatçylyk, howpsyzlyk, durnukly ösüş, dünýäniň häzirkizaman wehimi bolan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek, şunda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi babatdaky meseleler boýunça çykyşlar boldy. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hemmetaraplaýyn baha bermek bilen, onuň halkara giňişliginde dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetini belläp geçdiler.

Parahatsöýüjilikli daşary syýasaty we durnukly içerki syýasaty alyp barýan ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan işi barada aýdanymyzda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyndan başlalyň. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna indi altynjy gezek saýlanmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesiniň, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň uly goldawa mynasyp bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde hem sebit we halkara gün tertibindäki meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini iş ýüzünde amal etmek boýunça işi dowam etdi.Ol mejlisde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly döwrümiziň möhüm ugurlary boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan etdi. Olaryň biri hem diňe bir türkmen halkynyň saglygyny gorap saklamak däl-de eýsem, häzirki döwürde dünýä ýüzünde adamzadyň global wehimi bolan pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy babatda teklipler boldy. Ýagny, koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, pnewmaniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamak, ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmek ýaly halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçen ýyl alnyp barlan işler barada aýdanymyzda, Türkmenistanda abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň, has takygy adam hukuklary we azatlyklary babatda alnyp barylýan işleriň geriminiň giňelýänligini bellemelidiris. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň iki mejlisiniň ýurdumyzdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilip, bilelikde durmuşa geçirilmeli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň özi hem, bir tarapdan Türkmenistanyň ynsanperwer ugurda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny görkezýän bolsa,beýleki bir tarapdan bu meseleler babatda ýurdumyzyň açyk hereket edýänligini görkezýär.

Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Sebitleýin Edarasynyň wekiliniň mandatynyň döredilmegi hem, bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýänliginiň şaýadydyr. Geçen ýyl BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylanlygy we tassyklanmagynyň meýilleşdirilenligi, meýilnamada Adalatçynyň diwanynyň ösdürilmegine we onuň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýänligi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda adam hukuklarynyň goragynyň garaşsyz amala aşyrylmagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Adam hukuklary boýunça bu garaşsyz edaranyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşly gynyň giňeldilýänligi barada maglumatyň degişli babynda has hem giňişleýin beýan edilýär. Adalatçynyň geçen hasabat ýyly üçin tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda alyp baran işleriniň biri hem bilermenler geňeşini döretmek boýunça işleridir. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda maslahat beriş kömegini bermek maksady bilen Adalatçynyň ýanynda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda zerur aň-düşünjeleri bolan adamlardan ybarat bilermenler geňeşiniň döredilip bilinýänligi göz öňünde tutulan. Adalatçynyň işläp başlanyndan bäri dürli meseleleriň ýüze çykýanlygy, ol meseleleriň tejribeli bilermenler bilen maslahatlaşylyp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen Bilermenler geňeşini döretmek işleriniň, has takygy Bilermenler geňeşi hakynda düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp baryldy.

Şeýle-de agzalan Kanunyň Adalatçynyň işiniň aýan bolmalydygy baradaky kadalaryny doly berjaý etmek we ýurdumyzda sanly ulgama geçmek baradaky alnyp barylýan işleriň çäginde Adalatçynyň diwanynyň web saýtyny döretmekligiň üstünde hem işler alnyp baryldy.

Beýan edilenleriň netijesinde, umuman ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny kepillikleriniň üpjün edilmegi we ol hukuklaryň we azatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilmegi babatdaky ýagdaý, ýagny alnyp barylýan bimöçber işler, bu ugurda işleýän mehanizmleriň işleri bilen tanyşdyňyz. Görkezilenlere garamazdan, käbir halatlarda işlerimizi has-da kämilleşdirmegi talap edýän ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Elbetde bular barada, şeýle-de Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barylan işler barada has anyk maglumatlaryň üstünde indiki degişli baplarda durlup geçilýär.

II bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar.

Milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmeginiň bolsa, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkidip, döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň işiniň has netijeli bolmagynda oňyn şertleri döretjekdigi şübhesizdir.Öňki maglumatlarda belläp geçişimiz ýaly ýurdumyzda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny halkara hukuk kadalaryna laýyklykda berjaý etmek maksady bilen Türkmenistan Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny hem-de onuň Fakultatiw teswirnamalaryny tassyklady. Bilşimiz ýaly ýurt halkara resminamalara goşulandan soň, esasy talap, ondaky halkara borçnamany ýerine ýetirmek bolup durýar. Munda esasan hem resminamanyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagydyr. Türkmenistan agzalan pakta we onuň fakultatiw teswirnamalaryna goşulandan soň, paktyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen kadalaryndan başlap hemme kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyryp gelýär. Bu işler 2020-nji ýylda hem dowam etdirildi, ýagny halkymyzyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaklarynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirildi. Muňa mysal edip Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň, Saýlaw kodeksiniň, «Migrasiýa hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda», «Kazyýet hakynda», «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kämilleşdirilmegini belläp bileris. Adamyň esasy syýasy hukuklarynyň biri hem olaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarydyr. Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukugy we olaryň döwlet häkimiýeti edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugy ýurdumyzyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilýär we kadalaşdyrylýar. Geçen ýylda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarasynyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun bilen berkidildi. Şeýle-de parlamentiň iki palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň we Mejlisiň hukuk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda kanun kabul edildi.Türkmenistanyň Milli Geňeşi türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek döredilýän, iki palataly kanunçykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarasydyr.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna, şeýle-de onuň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda Adalatçy tarapyndan deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilşi hem yzygiderli gözegçilikde saklanyldy we aşakdakylar anyklanyldy.

Ýagny geçen hasabat ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy boýunça, şol sanda olaryň saklanýan ýerlerinde, ýagny onlarça edara binalarynda gurluşyk we abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça belli bir işler durmuşa geçirilip, ýylyň ahyryna çenli hem dowam etdirilen. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 2014-nji ýylyň 5-nji maýynyň 119 belgili «Düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezlerinde saklanýanlaryň iýmit we beýleki maddy-durmuş üpjünçiliginiň meseleleri hakynda» buýrugyna laýyklykda, agzalan edaralarda saklanýanlary azyk we gök-önümler, egin-eşik, ýorgan-düşek, gerek bolan hojalyk enjamlary, harytlary we arassaçylyk serişdeleri bilen, gyş möwsüminde ýylylyk bilen üpjün etmeklik işleri hem alnyp barlan.

Düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda we ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlaryň saglygyny goramak, edaralarda sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişi, COVID-19 ýiti ýokanç keseliniň we beýleki keselleriň öňüni almak boýunça işleriň alnyp barylşyna gözegçilik amala aşyrylanda belli bir zerur çäreleriň geçirilýänligi anyklandy.

Ýagny ýiti öýken sowuklama keselini dörediji täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen, agzalan edaralarda saklanýanlaryň ýatakhanalarynyň, iş otaglarynyň howasyny ýygy-ýygydan (her bir sagatdan) çalşyp durmak, ellerini zyýansyzlandyryjy serişdeler (Steriderm, Hlorgeksidin erginleri) bilen arassalamak, burun boşluklaryna yzygiderli melhemleri (Oksalin, Asiklowir) çaldyrmak, galtaşyksyz beden gyzgynlygyny ölçeýän enjamy bilen beden gyzgynlaryny ölçemek, otaglaryň pollaryny, diwarlaryny, girelgeleri yzygiderli zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalamak, üzärlik otuny tütetmek ýaly işler ýola goýlupdyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyga we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän gullugy bilen ýörite baglaşylan şertnamanyň esasynda, her on günden taýýarlanýan naharlaryň kaloriýalylygyna, agyz suwuň mikrobiologiki, fiziki-himiki düzümini kesgitlemek, içege taýajyklarynyň bakteriýa toparyny ýüze çykarmak üçin barlaglar, ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni almak üçin, gündelik hem-de çuňlaşdyrylan ýokançsyzlandyryş çäreleri geçirmek maksady bilen, her üç günden ýörite işler geçirmek we gözegçilikde saklamak ýola goýlupdyr.

Seljerilýän ýylyň dowamynda penitensar ulgamyň işini kämilleşdirmäge, ulgamyň işgärleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlary boýunça bilimliligini artdyrmaga gönükdirilen okuw maslahatlar, seminarlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilipdir. Ähli düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkeziniň şahsy düzüminiň arasynda gulluk we söweşjeň taýýarlygy boýunça 84 sagat okuw sapaklary, ministrligiň ýanyndaky Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň guramagynda 8 gezek okuw maslahatlar geçirlipdir. Bu maslahatlar diňe bir milli bilermenler tarapyndan däl-de halkara guramalary bilen bilelikde hem gurnalan. Has takygy Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2 gezek, Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda 2 gezek okuw maslahatlar geçirlen.

Düzediş edaralarynda, derňew gabawhanalarynda, ýörite dikeldiş merkezinde saklanýanlardan Içeri işler ministrligine 10 sany ýüztutmalar gelip gowşup, olar boýunça degişli barlag işleri geçirlip, netijede olarda görkezilen delilleriň öz tassygyny tapmandygy anyklanan.

Düzediş edaralary, iş kesilenleriň hukuklarynyň berjaý edilşi barada durup geçenimizde, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasynda, her ýyl iş kesilenleriň müňlerçesiniň günäleriniň geçilip, jeza çärelerini çekmekden boşadylyp maşgala ojaklaryna gowşup, günälerini ýuwmaga mümkinçilik döredilýänligini hem bellemelidiris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bütewiligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, geçen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenen ýylynda hem bu ynsanperwer däp 3-gezek amala aşyrylyp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permanlary esasynda jemi 4299 iş kesilen raýatlaryň, şol sanda 217 sany daşary ýurt raýatlarynyň günäsi geçildi.

Ýurdumyzda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň berjaý edilşi barada durup geçenimizde aşakdakylary bellemegimiz hem zerurdyr. Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti her ýylda müňlerçe adamlara raýatlyk bermek hakynda Permana gol çekýär. Bu däp geçen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenen ýylynda hem dowam etdirildi. Ýagny Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permany esasynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan hem-de 19 milletiň wekilleri bolan adamlaryň 2 müň 580-si Türkmenistanyň raýaty boldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 11 döwletiň raýatlaryna hem-de 31 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 874-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek, onuň kadalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek işleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Muňa mysal edip geçen 2020-nji ýylyň iýulynda, 2019-njy ýylda kabul edilen «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Kanunyň herekete girizilmegini bellemelidiris. Bu kanun ene-atasynyň ýagdaýyna garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagynyň ýene bir hukuk kepili boldy.

Görşümiz ýaly ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 − 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň netijeli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 65-sany ýazmaça ýüztutma, 37 sany dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ol ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, ýüz tutanlara degişli dilden düşündirişler we ýazmaça jogaplar berildi.

Ýurdumyzda raýatlaryň syýasy we raýatlyk hukuklarynyň üpjün edilşine seljerme geçirmegiň we Adalatçynyň alyp baran işleriniň netijesinde olaryň agzalan hukuklarynyň berjaý edilşine ýardam etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

 - düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işgärleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlary boýunça bilimliligini ýokarlandyrmakda, şol sanda halkara guramalary, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy milli edaralar bilen bilelikde yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirmekligi netijeli dowam etdirmegi;

 - düzediş edaralarda, derňew gabawhanalarda, ýörite dikeldiş merkezlerinde saklanýanlar babatda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilmegini, ýagny tehniki howpsuzlygynyň we önümçilik sanitariýasynyň, zähmete hak tölemek kadalarynyň berjaý edilmegini, olaryň saglygyny goramagy, fiziki maşklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini üpjün edýän zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport zallar we meýdançalar bilen üpjün etmek işlerini, medeni dynç alyş üçin niýetlenen ýörite medeni otagyň gurnalmagy boýunça işleri dowam etdirmegi we yzygiderli gözegçilikde saklamagy;

 - agzalan edaralarda Adalatçynyň 2019-njy ýylda geçiren barlaglarynyň netijesinde hödürlenen tekliplerde göz öňünde tutulanlar babatda anyk işleri geçirmegi dowam etdirmegi;

 - jenaýatly etmişler ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew hereketlerinden nägilelikleri barada raýatlaryň şikaýatlaryny düýpli öwrenmegi, derňew işleri alnyp barlanda, derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi;

 - raýatlaryň raýatlyk hukuklary, has takygy olaryň ýurduň çäginde hereket etmek, ýurtdan çykmak we ýurda gaýdyp gelmek hukuklary babatda ýüztutmalaryna düýp mazmuny, kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde seretmekligi berjaý etmegi. 

III bap.Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Türkmenistanda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25-ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçen ýylynda ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarda hem ýokary netijeler gazanyldy. Bu gazanylan netijeler bolsa, elbetde raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmegiň çeşmesi bolup durýar. Ýurtda haýsy bir ugry alyp görsek, şol ugurda oňyn netije gazanmagyň özeni, ýurduň içki we halkara gatnaşyklaryny döwrüň talabyna görä kadalaşdyrmaga ukyply kämil hukuk esaslarynyň bolmagydyr.Bu talaplar elbetde ýurdumyzyň raýatlarynyň ykdysady, durmuş, medeni hukuklarynyň üpjün edilmeginde hem doly berjaý edilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly geçen ýeňil bolmadyk, СOVID-19 koronawirus ýiti ýokanç keseliniň ýüze çykmagy bilen dünýä ýüzünde ykdysady kynçylyklaryň ýüze çykanyna garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde oňyn netijeler gazanyldy.Ýylyň dowamynda ykdysady, durmuş, medeni ulgamlaryň işini kadalaşdyrýan kanunlarymyz kämilleşdirildi, bu ugra gönükdirilen milli Meýilnamalarda we Maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy dowam etdirildi. Kanunlaryň kämilleşdirilmegi barada aýdanymyzda, ýylyň dowamynda kabul edilen 57 sany kanunlaryň esasy bölegi ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilendir. Has takygy «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýan onlarça kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip döwrümiziň talabyna görä kämilleşdirildi. Bu ugurda döwrümiziň möhüm wezipelerini öz içine alýan milli Maksatnamalardyr, Meýilnamalar hem kabul edildi.

Ýagny, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri netijeli çözmek, üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle-de dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin milli Maksatnama» tassyklanyldy.

Geçen hasabat ýyly hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, yzygiderli senagatlaşdyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmek, telekeçiligi ösdürmek bilen işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini, ilkinji nobatda bolsa ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň işe ýerleşmeklerini üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Ýagny Esasy Kanunymyzda göz öňünde tutulan her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukuklary berjaý edilýär. Ol hukuklar aýry-aýry kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar, iş ýüzünde ulgamlaýyn amala aşyrmak maksady bilen bolsa Milli meýilnamalardyr, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň dowamynda zähmet hukuklary bilen baglanşykly kanunlaryň käbirlerine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi. Olardan «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, ýaşlaryň zähmet çekmegi bilen baglanşykly bähbitlerini göz öňünde tutýan üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine degişli goşmaça girizilip, taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen, işgäriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, onda oňa şol mümkinçilik döräp işini ýerine ýetirmäge başlan pursatyna çenli zähmet gatnaşyklaryň saklanyp galýanlygy, şol döwürde zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň tölenilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýanlygy barada kada goşuldy. Bu kadanyň goşulmagy raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň ýene bir ygtybarly kepilidir. Şol sanda raýatlarymyzyň öň dürli sebäplere görä ýurdumyzyň çäginden daşyna gidip, dünýädäki СOVID-19 ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreş bilen baglanşykly käbir çäklendirmeler sebäpli ýurdumyza dolanyp bilmedikleriň iş ýerleriniň saklanyp galmagyna esas boldy. Bu bolsa ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreş döwründe ýurdumyzda adamyň zähmet hukuklarynyň doly üpjün edilýänliginiň bir mysalydyr. Şeýle-de raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň uzakmöhletleýin milli meýilnamalaryň çäginde ulgamlaýyn alnyp barylmagynyň oňyn netijeleri berýänligini bellemelidiris. Şunda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» , «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda işleriň doly amala aşyrylmagynyň bu ugurdaky görkezijileriň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bolanlygyny bellemek gerek.

Maksatnamalar esasynda alnyp barlan işleriň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy bölegiň 30 müňden gowrak wekillerini birleşdirýändigini, olaryň 4776 sanysynyň zenanlardygy, geçen hasabat ýylynda 1504 telekeçileriň agzalyga kabul edilip, olaryň hem 294-siniň zenanlardygyny, şeýle-de geçen ýylda hususy ulgamda 2205 iş orunlaryň döredilenligini bellemelidiris. Geçen ýylda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň saklanylmagy ýurdumyzyň durmuş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere Adalatçynyň diwany tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň netijesinde takyklanan maglumatlara görä geçen 2020-nji ýylyň dowamynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan 35644 sany iş gözleýän bellige alnanlaryň 18016 sanysy ýagny 50 % den gowragy işe ýerleşdirilen. Işe ýerleşdirilenleriň jemi 50-sanysynyň maýyplygy bolan adamlardygyny hem bellemelidiris.

Şu ýerde raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny doly berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň esasy konwensiýalaryna goşulanlygyny, ol halkara resminamalaryň kadalaryna ygrarlylygyny bellemelidiris. Geçen hasabat ýylynda hem Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet we iş bilen meşgul bolmak babatda kemsitmeler hakynda 111-nji, Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakynda 100-nji Konwensiýalarynyň düzgünleriniň 2020-nji ýyla çenli ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Maglumatlary berildi.

Ýokardaky beýan edilenlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda hasabat ýylynda hem, her bir adamyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmeginde saldamly işler alnyp barlan. Şonuň bilen birlikde, zähmet meselesi boýunça ýüz tutmalar Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüz tutmalaryň belli bir bölegini düzýär.Ýagny, hasabat ýylynda zähmet meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň jemi 47 sanysy ýazmaça, umumy sanynyň 16 %, dilden, ýüz tutmanyň 29 sanysy, umumy sanynyň 12,8% bolup, olaryň esasy bölegi bolsa işe ýerleşmek bilen baglanyşyklydyr. Ýüztutmalara kanunyň çäginde degişli tertipde seredilen, şeýle-de maslahatlar berlen, seredilenlerden 4 sany ýüztutma kanagatlandyrylan. Seredilen arzalar boýunça 3 adam düzgün nyzam jogapkärçilige çekilen.

Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiligi meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi konstitusion kada bilen berkidildi. Raýatlaryň durmuş goraglylygyna bolan hukuklary Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki Kanunlary bilen kadalaşdyrylýar. Bu ugurdaky Kanunlar hem ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşleriniň, şeýle-de döwrümiziň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Raýatlaryň durmuş goraglylygynyň hukuk kepillikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini biz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýaly ýene-de onlarça uzakmöhletleýin Maksatnamalaryň ýurdumyzda netijeli durmuşa geçirilýänligi bilen alamatlandyryp bileris. Her ýylky döwlet býujetinden döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamyna gönükdirilýän serişdeler aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Has takygy 2020-nji ýylyň döwlet býujetinden bu ugra 2 197 877,5 müň manat gönükdirilip, 2 196 495,0 müň manat, ýagny 99,9 % ýerine ýetirlen.

Şu ýerde biziň belläp geçmeli zatlarymyzyň biri hem, geçen 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi hökmünde Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi, ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeliliginiň ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesine oňyn täsiriniň halkara guramalary tarapyndan ykrar edýänliginiň şaýadydyr.

Geçen ýyl Adalatçynyň diwanyna bu ugurda ýüztutmalaryň az sanly bolmagy, ýurdumyzda raýatlarymyzyň ykdysady durmuş üpjünçiligine bolan hukuklarynyň her bir ýagdaýda, islendik adam barada ýerine ýetirilýänliginiň netijesi diýip düşünýäris. Ýagny, hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli jemi 1 sany ýazmaça, 5 sany dilden ýüz tutmalar gelip gowuşyp, ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Ilatymyza saglygy goraýyş ulgamynda edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilen ähli çäreler «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýleki onlarça maksatnamalaryň esasynda netijeli amala aşyrylýar. Ýagny häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Munuň netijesi bolsa, ilatymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 ̶ 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda 2018 ̶ 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama», «Temmäkä garşy göreş boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «Süýji keseliniň öňüni almagyň we bejermegiň 2016-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy», «Inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy», «Sporty we bedenterbiýäni goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy», döwletimizde enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýaly uzakmöhletleýin resminamalar bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn netijeli amala aşyrmagyň guralydyr. Mundan başga-da raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmek, gorap saklamak, keselleriň öňüni almak bilen baglanşykly milli kanunlarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen hasabat ýylynda hem «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi munuň mysalydyr. Raýatlarymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna her ýyl uly möçberde döwlet serişdeleriniň bölünip berilmegi maksatnamalaýyn işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň maliýe çeşmesidir. Geçen 2020-nji ýylda hem bu ulgama jemi 2 175 600,5 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 2 172 947,3 müň manat möçberde, ýagny 99,9% ýerine ýetirilmegi, dünýädäki maliýe çökgünlige garamazdan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda meýilleşdirilen çäreleriň doly maliýeleşdirilýänligini görkezýär. Şu ýerde her ýyl uly möçberde döwlet serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde, diňe bir ýurdumyzyň merkezinde däl-de, sebitlerimizde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk öýleriň, şypahanalaryň gurlup ulanylmaga berilýänligini, öňküleriň durkuny täzeläp abatlaýyş işleriniň geçirilýänligini bellemelidiris. Bu işler 2020-nji ýylda hem dowam etdirildi. Ýagny täzeçil tehnologiýalara we bejerişiň häzirki zaman usullaryna esaslanýan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, raýatlara gözellik we estetika babatda ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologiýa hyzmatlary etmäge şert döredilen Estetik merkezi, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýokanç keseller hassahanasy, Aşgabadyň eteginde, Bagabat jülgesinde täze şypahana gurlup ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýänligini hem bellemelidiris. Bu ugurda BMG-niň düzüm birlikleri, esasan hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr. Ýeri gelende Türkmenistanyň 2020 ̶ 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 ̶ 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 ̶ 2023-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagyny bellemelidiris.

Geçen hasabat ýylynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan işler, has takygy keselleriň öňüni alyş işlerine talap has-da güýçlendi.

2020-nji ýyl häzirki zamanyň täze wehimi bolan we adamzada çynlakaý howp salýan СOVID -19 ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreş çärelerini tiz gurnamaklygy talap etdi. Ýurdumyzda bu wehime garşy göreşleriň çäginde gaýragoýulmasyz çäreler geçirildi. Ilki bilen düzümi hökümet agzalaryndan, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary döredildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Adatdan daşary epidemiýa garşy göreş toparynyň çözgüdine laýyklykda, gelip çykyşy näbelli bolan ýiti ýokanç keseli döredijileriň ýurdumyza girizilmeginiň öňüni almak çärelerini güýçlendirmek boýunça Dolandyryş merkez döredildi. Şeýle-de bu ugurda möhüm resminamalar, ýagny Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky karary bilen «Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy» we 3-nji iýulyndaky karary bilen « Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy» kabul edildi.

Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen alnyp barlan beýleki möhüm işler bilen bir hatarda, geçen ýylyň tomsynda bu guramanyň Ýewropa sebit býurosynyň geňeş-tehniki wezipeler boýunça bilermenleri ýurdumyza çagyryldy. Bilermenler bu ugurda geçirilýän işler, şeýle hem ýokanç keseller ýüze çykan halatynda gyssagly öňüni alyş çärelere görülýän taýýarlyk çäreleri bilen 10 günüň dowamynda Aşgabat şäherinde, şeýle hem Lebap we Balkan welaýatlarynda bolup tanyşdylar. Saparyň netijeleri boýunça geçirilen maslahatda ýurdumyzda bu wehime garşy zerur bolan göreş çäreleriniň geçirilýänligi bellenildi.

Koronawirus ýiti ýokanç keseli dünýäde ýüze çykyp, beýleki ýurtlarda hasaba alnan ilkinji günlerinden başlap Adalatçy hem dünýädäki wakalardan yzygiderli habarly bolmak bilen, ýurdumyzda bu mesele bilen baglanşykly adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklady. Bu ýiti ýokanç keseline garşy göreş çäreleri bilen baglanşykly adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermezlik maksady bilen, birnäçe çäreleri göz öňünde tutýan Adalatçynyň diwanynyň ýörite iş Meýilnamasy Adalatçynyň buýrugy bilen tassyklandy. Meýilnama laýyklykda, Adalatçy tarapyndan ilki bilen raýatlarymyzyň aýratyn kömege mätäç toparynyň bolýan ýerlerinde bu ýiti ýokanç kesele garşy göreş çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilikden başlandy.Ýagny Aşgabat şäherinde ýerleşen maýyplaryň we gartaşan adamlaryň öýine, Aşgabat şäherinde ýerleşen çagalar öýlerine baryldy. Barlaglaryň dowamynda kanun bozulmalar ýüze çykarylmady. Käbir resminamalary kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirmek babatda dilden maslahatlar berildi. Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşdirilen gözegçilik nokatlaryna yzygiderli gözegçilik amala aşyryldy. Bu ugurda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler, şeýle-de ýiti ýokanç keseline garşy göreş çäreleri ýerine ýetirilende adam hukuklarynyň berjaý edilşine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylanda aşakdakylar anyklanyldy. Esasan hem jemgyýetçilik ýerlerini we şäher ýolagçy ulaglaryny zyýansyzlandyrmak işleri hemmetaraplaýyn esasda alnyp baryldy. Welaýatlaryň arasyndaky gatnawlara hemişe gözegçilik, ýagny welaýatlaryň arasyndaky çäklerde raýatlary gözden geçirýän we olaryň saglyk ýagdaýy baradaky resminamalaryny barlaýan gözegçilik bölümleriniň işi ýola goýuldy. Kesellere, bakteriýalara garşy zerur dermanlyk, zyýansyzlandyryş, şahsy gorag hem-de beýleki serişdeler taýýarlanyp yzygiderli ýaýradyldy. COVID-19 ýiti ýokanç keseli anyklamak üçin synag-ulgamlarynyň ýeterlik mukdary satyn alynyp, olary ulanmak işleri alnyp baryldy. Ýurdumyzda agyz-burun örtükleriniň, gorag we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin gorag lybaslarynyň önümçiligi ýola goýuldy. COVID-19 ýiti ýokanç keseli bilen baglanşykly epidemiologiýa taýdan çylşyrymly ýagdaýlary bolan döwletlerde bilim alýan türkmen talyplaryny we ýurdumyzyň beýleki raýatlaryny gaýtaryp getirmek üçin birnäçe ýörite uçarlar gurnaldy. Esasan bellemeli zatlaryň biri hem ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işlerine möhüm ähmiýet berilip, habar beriş serişdelerinde we ýerlerde yzygiderli iş alnyp baryldy .

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goramak ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 3 sany ýazmaça, 2 sany dilden ýüztutma gelip gowuşdy, we ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Raýatlarymyzyň ylyma we bilime bolan hukuklaryny amala aşyrmagyna doly mümkinçiligiň döredilmegi, ylym-bilim edaralarynyň işini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigine biz her ýyl döwlet býujetinden bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriň mysalynda hem göz ýetirýäris. Geçen 2020-nji ýylda hem bu ulgama döwlet býujetinden 6 037 669,3 müň manat serişde goýberlip, ol 6 033 935,0 müň manat, 99,9% göterim ýerine ýetirilen.

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini kadalaşdyrýan kanunlarymyzyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä alyp gitmegiň hukuk esaslaryny üpjün edýän bolsa, bu ulgamda amala aşyrylýan Konsepsiýadyr, Maksatnamalar, Meýilnamalar ulgamyň işini kämilleşdirmegi ulgamlaýyn netijeli alyp barmagyň esasyny düzýär.

Geçen ýylyň dowamynda raýatlarymyzyň bilim almaga bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilişi hem gözegçilikde saklanyp, edilen işlere syn berildi.

Her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy, şeýle hem umumy orta bilimiň hökmanylygy, ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga bolan hukugy Esasy Kanunymyzda kepillendirilýär. Şol esasda döwlet her bir adamyň öz ukybyna laýyklykda hünär bilimini saýlap almagynyň elýeterliligini üpjün edýär. Bilim ulgamynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Mysal üçin bilim ulgamynyň işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýän “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek bilen, raýatlarymyzyň diňe bir döwlet bilim edaralarynda däl-de beýleki bilim edaralarynda hem tölegli we tölegsiz esasda bilim almaga bolan hukuklary berkidildi. Bilim ulgamyny ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalary netijeli durmuşa geçirilýär. Geçen hasabat ýyly hem bu işler dowam edildi.

Bilimiň ähmiýetini güýçlendirmek hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen sanly ulgam ornaşdyrmak işleri alnyp baryldy. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli pudaklary, olara döwlet tarapyndan dolandyryşy tehnologik taýdan kämilleşdirmek göz önünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda sanly ulgama erkin aralaşyp bilýän, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, we bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy bu işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmaga gönükdirildi.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudakla­ry üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň ösüşine möhüm üns berildi. 2020-2021-nji okuw ýylynda ýaşlaryň 14 mün 337-si birinji ýyl talyby bolup, munuň özi geçen ýyldakydan 2 mün 95 adam köpdür.

Orta hünär okuw mekdep­lerine hem 2020-2021-nji okuw ýylynda 9 mün 490 okuwçy kabul edildi.Häzirki döwür orta hünär okuw mekdeplerine hem uly üns berilýär we olaryň onlarçasy hereket edýär. Olar ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet hem-de sungat, maliýe we ykdysadyýet, söwda, bank işi, ulag, oba hojalygy, syýahatçylyk, nebit- gazhimiýa ulgamlaryny we beýleki ugurlarda ýörite orta hünärli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde okatmagyň hiline we mekdepleriň maddy tehniki üpjünçiligine üns has-da güýçlendirildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly mekdepler kompýuter tehnologiýalary, barlaghana en­jamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilýär, internet ulgamyna birikdirilýär. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika ýaly şu günki günüň möhüm dersleri girizilen. Matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, esasan hem, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 184-si bolup, olar ýurdumyzyň diňe bir paýtagtynda bolman, eýsem sebitlerinde hem ýerleşendir.

Geçen hasabat ýylynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň üsti ýetirildi. Ýagny paýtagtymyzda 720 okuwça we 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary bolan ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebi ulanylmaga berildi. Bu ýöriteleşdirilen toplumda okatmagyň innowasion usulynyň Konsepsiýasyna laýyklykda okuwçylar we körpeler üçin ähli şertler döredilen.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň we hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. 2020-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň innowasiýa maglumat merkezi döredildi, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly milli bi­lim ulgamynyň özgerdilmegine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan kabul edilýän möhüm resminamalar gönükdirilýär. Şolaryň biri hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» Bu resminama hem, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäreleri öz içine alyp, ol çäreleriň ulgamlaýyn netijeli amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Geçen hasabat ýylynda ol çäreleri ýerine ýetirmegiň başy başlandy.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyrmakda ýurdumyz halkara guramalary, esasan hem BMG-niň düzüm birlikleri, ýagny Ösüş Maksatnamasy, Ilat Gaznasy, Çagalar Gaznasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ýunesko) ýaly edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýagny bilelikdäki Taslamalar we iş Meýilnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Bu işlerin hemmesi ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegi hem-de bilim derejeleriniň ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Geçen ýylyň dowamynda bilim ulgamy boýunça zähmet meselesi bilen baglanşykly ýüztutmalaryň bolanlygyny, olarda zähmet meseleleriniň gozgalýanlygy sebäpli, maglumatymyzyň zähmet hukuklary barada görkezilýän böleginde göz öňünde tutulanlygyna ünsüňizi çekýäris. Şeýle-de bilim almak bilen baglanşykly Adalatçynyň diwanyna hasabat ýylynda raýatlardan ýüztutmalaryň gelip gowuşmanlygyny, munuň özüniň ýurdumyzyň ýaş nesiliniň bilim terbiýe almagy babatda bökdençli meseleleriň ýüze çykmaýanlygyny görkezýänligini nygtaýarys.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukugyny kepillendirýär. Şeýle-de onlarça kanunlarymyz medeniýet ulgamynyň işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen, köpmilletli ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň, şol sanda beýleki milletleriň wekillerine hem medeni hukuklaryny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredýär.

Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda raýatlaryň medeni hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň netijesinde, medeniýet ulgamynda giň gerimli işleriň alnyp barylanlygy takyklandy. Bu işler esasan hem «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň Milli maddy däl medeni mirasyny toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaly resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň çäklerinde alnyp barlan. Ilki bilen bellemeli zatlaryň biri hem, bu maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmäge, ulgamy ösdürmäge geçen ýyl býujet serişdelerinden 528 412,3 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 526 672,8 müň manat möçberde, ýagny 99,7 % ýerine ýetirilmegi hem bu ulgamyň işiniň döwlet tarapyndan ýeterlik derejede maliýeleşdirilýänligini we ol serişdeleriň doly özleşdirilýänligini görkezýär.

Bilşimiz ýaly medeniýet ulgamynyň işi köptaraplydyr. Ýagny bir tarapdan raýatlaryň medeni durmuşa gatnaşmaga, ylmy ösüşiň netijelerinden peýdalanmaga, öz awtorlyk hukuklaryny goramaga, ylym we beýleki döredijilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döretmek bilen baglanşykly, beýleki bir tarapdan bolsa, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek, rejelemek, öwrenilmedik desgalary ýüze çykarmak, biziň milli buýsanjymyz bolan medeni baýlyklarymyzy wagyz - nesihat etmekdir. Geçen ýyl bu işleriň dowam etdirilmegi netijesinde, ozal hasaba alynmadyk köp sanly taryhy ýadygärlikler ýüze çykarylan we hasaba alnan. Öň Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet sanawynda bar bolan ýadygärlikleriň sany 1397 bolan bolsa, olaryň sany 1422-ä ýetirilen.

Her ýylyň iýun aýynyň ahyrynda medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär baýramçylygy giňden bellemek, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda tapgyrlaýyn esasda guralýan medeni çäre bolan Medeniýet hepdeligi geçen ýyl hem uly dabara bilen geçirilen. Şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini Türkmenistanyň hormatly atlary bilen sylaglamak, mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary hem geçirlen.

Bellemeli zatlaryň biri hem bu çärelere ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri hem gatnaşyp, olaryň käbirleri medeni, sungat, döredijilik erkinligine bolan hukuklaryny amala aşyran bolsa, beýlekileri medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryndan lezzet alyp, medeniýetli dynç almaga bolan hukuklaryny amala aşyrdylar.

Türkmenistan medeniýet ulgamyna degişli, şol sanda raýatlaryň medeni hukuklaryny, medeni gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri goramak bilen baglanşykly onlarça halkara resminamalara goşuldy. Bu işler geçen ýyl hem dowam etdirilen. Şu ýerde geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň, «Körleriň we görüşi bozulan ýa-da çap edilen maglumaty kabul etmäge beýleki çäkli ukyplylygy bolan adamlaryň neşir edilen eserlere elýeterli bolmagyny ýeňilleşdirmek hakynda» Marrakeş şertnamasyna goşulandygyny bellemek gerek. Agzalan şertnama goşulynmagy, onuň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň agzalan toparyna çap edilen maglumatyň, neşir edilen eserleriň elýeterli bolmagyna we olardan peýdalanmaklaryny ýeňilleşdirmäge, jemgyýetiň medeni durmuşyna gatnaşmaga, sungatdan lezzet almaga mümkinçilik berer.

Hasabat ýylynda söz azatlygy, habar beriş serişdeleriniň erkinligi babatda halkara hyzmatdaşlygynda hem belli bir ädimler ädilen. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) Hindistanyň iri

«Asian News International» maglumat agent­ligi bilen täzelikleri alyşmak hakynda Ähtnama, «Belarus telegraf agentligi» respublikan kärhanasynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly täzelikleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Medeni ulgamda halkara gatnaşyklary babatda aýdylanda, bu ugurda halkara guramalary, aýry –aýry ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda geçen ýylyň dowamynda geçirilen çäreleriň sanardan köp bolup, bu işler Türkmenistanyň köpmilletli halkynyň medeni hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Geçen 2020-nji ýylda Adalatçynyň diwanyna medeniýet ulgamy boýunça ýaşaýyş jaý, zähmet meseleleri bilen ýüztutmalaryň bolup, ol ýüztutmalar degişliligi boýunça maglumatymyzyň ýaşaýyş jaý we zähmet meseleleri baradaky bölüminde göz öňünde tutulandyr. Hasabat döwründe medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny raýatlarymyzyň amatly ýaşaýyş jaýa bolan hukuklaryny kepillendirýär. Bu kada beýleki kanunçylyk namalarymyzda dolylygyna öz beýanyny tapýar. Ýaşaýyş jaý gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunlarymyz hem halkara ülňülerine laýyklykda, şeýle-de döwrümiziň talabyna görä kämilleşdirilýär.

Amatly ýaşaýyş jaý şertleri her bir adamyň durmuşynda zerur zatlaryň biridir. Raýatlarymyza bu şerti döretmek bolsa ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Döwletimizde raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi babatda amala aşyrylýan işler düýäde nusga alarlykdyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi, raýatlaryň aýratyn toparynyň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň doly berjaý edilýänliginiň subutnamasydyr. Şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna ähli amatlyklary bolan köp gatly (öýli) ýaşaýyş jaýlaryň gurlup, ol ýerde zähmet çekýän raýatlarymyza uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň hasabyna berilmegi ýaly döredilýän amatly şertler, döwletimizde raýatlarymyzyň amatly ýaşaýyş jaý üpjünçiligine gönükdirilip yzygiderli dowam etdirilýär. Bu işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 − 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 − 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ýaly birnäçe durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýar. Geçen ýylyň dowamynda hem ýurdumyzda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berilip, netijede müňlerçe maşgalalar ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Munuň özi, oba we şäher adamlarynyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň we ýaşaýyş durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýanlygynyň mysalydyr.

Ýokarda beýan edilenlere garamazdan, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň esasy bölegi ýaşaýyş jaý meselesi bolup durýar. Has takygy geçen ýylyň dowamynda jemi 65 sany, ýagny ýazmaça ýüztutmalaryň 22,1%, 70-sanysy ýa-da 31,0% dilden ýüztutma bolup, olaryň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy , ýazga durmak ýaly meseleler bolup durýar. Ýüztutmalar boýunça Kanun esasynda netije çykarylyp, olardan 4 sanysy kanagatlandyrylan. Raýatlarymyzyň amatly ýaşaýyş jaý şertlerine bolan hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen ýurdumyzda bimöçber işleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan her ýylda ýüztutmalaryň belli bir göteriminiň emele gelmegine, käbir ýagdaýda raýatlaryň öz hukuklary boýunça kanuny hereket etmegiň bozulanlygy sebäp bolan bolsa, käbir ýagdaýlarda bolsa degişli jogapkär işgärleriň bikanun hereketleri sebäp bolýar. Bular barada anyk maglumatlar bilen degişli baplarda tanşyp bilersiňiz.

Maglumatymyzyň raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryna bagyşlanan babyny jemlemek bilen geçen 2020-nji ýylda dünýäde koronawirus ýiti ýokanç keseliniň ýüze çykmagy bilen dünýäde dörän ykdysady çökgünlige, şeýlelikde halkara ykdysady gatnaşyklarda dörän kynçylyklara garamazdan ýurdumyzyň 2020-nji ýylda durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin umumy döwlet býujetiniň çykdaýjylarynyň 73,1 % gönükdirilip, ol 99,9 % ýerine ýetirilen. Muňa garamazdan raýatlarymyzyň ýüztutmalaryna sebäp bolýan käbir ýagdaýlary aradan aýyrmak maksady bilen aşakdakylary teklip edýäris:

 - ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň buýurmasy boýunça ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň yzygiderli tapgyrlaýyn amala aşyrylýandygyny nazara alyp, ol јaýlardan öýleriň paýlanmagynda nägilelik ýüztutmalaryň bolmazlygyny gazanmak maksady bilen, degişli edaralarda işgärleriň јaý nobatlylygyny, ýaşaýyş jaýa mätäçlik we beýleki ýagdaýlaryny düýpli selјerip kanunyň talaplaryna laýyk netije çykarmaklyga gözegçiligi güýçlendirmegi;

 -raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işini, olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, iş gözlenýänleriň hatarynda duran raýatlara berilýän işe ýollanmalaryň netijesini yzygiderli gözegçilige almagy;

- ýaş hünärmenleriň, ilkinji nobatda ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň ýollamalar boýunça işe ýerleşmeklerini üpjün edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi;

- maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmek, olaryň hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen, elýeterlilik talaplarynyň,ýagny binalarda, ulaglarda we beýleki durmuş hyzmaty ulgamlarynda berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmeli;

- maýyplygy bolan adamlaryň we beýleki ukyplylygy çäkli bolan adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, çap edilen maglumatlaryň, eserleriň, teleýaýlymlaryň elýeterli bolmagyny, ýagny Braýl şriftiň, subtitr ýazgylaryň, surdoterjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy ýola goýmaklygy. 

IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda kesgitlenilşi ýaly, Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär we öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, agzalan Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny gollanýar. Adalatçy işini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde alyp barýar we onuň esasy wezipeleriniň biri Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlaryna seredýär. Kanunyň bäşinji babynda şikaýatlara seretmegiň tertibi, şertleri, möhletleri we şikaýatlar boýunça kabul edilýän çözgütler, Adalatçynyň şikaýatyň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin ýüztutmasy, teklibi we adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça onuň hukuklary we borçlary göz öňünde tutulan.

Indi bolsa Adalatçynyň agzalan kadalara laýyklykda geçen 2020-nji ýylyň dowamynda alyp baran, has takygy raýatlaryň ýüztutmalary boýunça eden işleriniň seljermesiniň üstünde durup geçeliň.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna ýazmaça ýüztutmalaryň 305 sanysy gelip gowşup, dilden ýüztutmalaryň bolsa 226 sanysy bolup, olar degişli tertipde hasaba alyndy we degişli işler geçirildi.

Aşakdaky görkezijide, ol ýüztutmalaryň çärýekleýin görkezijileri ýerleşdirildi:

Getirilen görkezijilerden görnüşine görä, ýylyň dowamynda ýazmaça gelen şikaýatlaryň sany ikinji çärýekde peselen hem bolsa, soňky çärýeklerde olaryň sany ösdi, dilden ýüztutmalaryň sany ikinji we üçünji çärýeklerde peselip, soňky çärýekde olaryň sany hem artdy.

Aşakda getirilýän görkezijimizde bolsa ýazmaça gelen ýüztutmalaryň sebitler boýunça seljermesiniň netijesi görkezilýär:

Seljermeden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýazmaça ýüztutmalaryň öňki ýyllardaky ýaly köpüsi, ýagny 101 sanysy ýa-da 33,1% Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryndan gelip gowuşdy. Soňra Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylaryndan 74 sanysynyň ýa-da 24,3%, 57 sanysynyň ýa-da 18,7% Balkan welaýatynyň, 39 sanysynyň ýa-da 12,8% Mary welaýatynyň, 22 sanysynyň ýa-da 7,2% Lebap welaýatynyň we 12 sanysynyň ýa-da 3,9% Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan gelip gowşandygy görkezilýär.

Kanunda bellenilşi ýaly, Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär. Bu kadalar «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 21-nji maddasynda kesgitlenen we olar gyşarnyksyz berjaý edilýär. Şol babatda Adalatçynyň diwanyna ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sanyna seljerme geçirilende, olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy jynsa we millete degişlidikleri baradaky görkezijilere hem seljerme geçirildi we aşakdaky görkezijide getirildi:

Bu getirilen görkezijiden görnüşi ýaly Adalatçynyň diwanyna dürli milletleriň wekilleri ýazmaça şikaýatlary bilen ýüz tutýarlar. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýan hem bolsa, Adalatça ýüz tutýanlar ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklydyrlar, şu ýagdaýda ýüz tutan raýata jogap döwlet dilinde we onuň bilýän diline terjime edilip berilýär.

Raýatlar öz ýüztutmalarynda dürli meseleleri gozgaýarlar we olaryň hem mazmunlaryna seljerme geçirildi.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan 305 sany ýüztutmalardan 12 sanysy ilkinјi arzalaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýüz tutulanlar birikdirilip seredilendigi sebäpli, ýokardaky görkezijä olaryň meseleleri girizilmedi, emma 1 arzada 2 sany mesele goýulyp, olaryň her biri aýratynlykda seredilendigi sebäpli, umumy meseleleriň sany 293 däl-de 294 bolup durýar.

Seljermeden görnüşi ýaly, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi ýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, olaryň 65 sanysy ýa-da ýüztutmalaryň 22,1%-ni; zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň 47-sini ýa-da 16,0%-ni; migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly 31 ýa-da 10,5%-ni; kazyýet kararlaryna nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň 28 sanysyny ýa-da 9,5%-ni; hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen ýüztutmalaryň 13 sanysy ýa-da 4,4%-ni; kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly şikaýatlaryň 9 sanysyny ýa-da 3,0%-ni; günä geçmek baradaky ýüztutmalaryň we kärende we mellek ýer meseleleriň hersi boýunça 8 sanysyny ýa-da 2,7%-ni; bank meselesi bilen baglanyşykly şikaýatlaryň 6-syny ýa-da 2,0%-ni; jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada ýazylan arzalaryň 12 sanysyny ýa-da 4,1%-ni; saglygy goramaga bolan hukuklary bilen baglanyşykly şikaýatlaryň 3-si ýa-da 1,0%-ni düzýär. Durmuş üpjünçilik bilen baglanyşykly, miraslyk hukugy, hossarlyk-howandarlyk we harby gulluk meseleleri, hersi bir sany ýa-da 0,4%-ni düzüp, 60 sanysy ýa-da 20,4%-mi beýleki meseleler bolup durýar.

Beýleki meselelere berlen seljermede, raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägilelik, hususy kärhanalardan zähmet haklaryny öndürip almak, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawasy, kanunçylygy düşündirmek, resminamalaryny edaradan talap edip almaga, ýaşaýan ýerlerinde abatlaýyş işleri geçirmäge ýa-da elektrik togyny çekmäge, mal iými almaga ýardam bermek ýaly, şeýle-de edaralara ýüztutmalaryna berlen jogaplardan nägiledikleri we beýleki dürli meseleler bolup durýar.

Adalatçy berlen şikaýaty alanyndan soň, ol boýunça çözgüt çykarýar, ýagny ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny Kanunda görkezilen talaplara laýyk gelse, ony önümçilige kabul etmek barada, emma agzalan talaplara laýyk gelmese, önümçilige kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da ýüztutanyň öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirmek hakynda. Şeýlelikde, önümçilige kabul edilen arzalar degişli tertipde seredilip, olar boýunça jogap hatlary iberildi. Eger, önümçilige kabul etmekden ýüz dönderilen bolsa, onda ýüz tutana Kanunda görkezilen bäş gün möhletde bu barada habar berildi, ýüztutmalaryň belli bir bölegi boýunça bolsa maslahat beriş jogap hatlary berildi we ýüz tutanlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirildi.

Önümçilige kabul edilen şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilip, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, wezipeli adamlara ýüztutmalar iberildi we olar boýunça geçirilen barlaglaryň netijesi barada alnan jogapda görkezilenleriň doly seljerilmegi esasynda raýatlara jogap berildi.

Şeýle-de seljerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanyp, degişli edaralara iki sany teklip hem berildi.

Barlamaga ýardam bermeklik soralyp iberilen ýüztutmalaryň käbirleri boýunça kanagatlanarly netije çykaryldy we olar barada maglumatymyzyň Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky babynda görkezildi.

Ondan başga-da, raýatlaryň käbir ýüztutmalary degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi we raýatlara netijeleri boýunça jogap hatlary berildi. Degişliligi boýunça seretmek üçin ýüztutmalar esasan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyna iberildi.

Aşakda ýerleşdirilen görkezijimizde Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalara seredilmegiň netijelerine sebitler boýunça aýratynlykda seljerme geçirilmeginiň netijeleri ýerleşdirildi:

Şeýlelikde seljerilýän ýylyň dowamynda, ýurdumyz boýunça Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan 305 sany ýazmaça ýüztutmalaryň, 117-si ýa-da 38,4%-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirilen maslahat beriş jogaplar berildi, bu jogaplar bolsa hemişeki ýaly ýüz tutan raýatlara öz meseleleri boýunça kanuny hereket etmeklerine ýardam berýär.

Görkezilen seljermä laýyklykda ýylyň dowamynda gelip gowşan ýüztutmalaryň 111-si ýa-da 36,4%-mi önümçilige kabul edilip, şolardan 101-si ýa-da 33,1% boýunça Kanunyň 27-nji maddasy esasynda, olarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam edilmegi soralyp, 30-njy maddanyň esasynda 2 sanysy boýunça teklip bilen ygtyýarly edaralara ýüz tutuldy we 6 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberildi. Şeýlelikde 111 sany önümçilige alnan ýüztutmalaryň 106-syna seredilip, olaryň 16 sanysy ýa-da 15,0% kanagatlandyryldy, 5 sany arza seredilmän ýylyň ahyryna galdy.

Şeýle-de, Adalatçynyň diwany tarapyndan geçen ýyldan galyp, seredilen bir arza hem kanagatlandyrylyp, seljerilýän ýylda jemi 17-sany arza kanagatlandyryldy.

Seredilen we kanagatlandyrylan ýüztutmalar boýunça seljermeler bilen, maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» diýen babynda tanşyp bilersiňiz.

Bu görkezijilere hem sebitleýin seljerme geçirildi. Aşgabat şäheri boýunça gelip gowşan 101 sany ýüztutmalaryň 3-si birikdirilip seredildi, şeýlelikde 98 sany ýüztutmalaryň 35-si ýa-da 35,7% «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara ugradylyp, olaryň 33-sine seredildi we degişli jogaplar alynyp, 2 sany ýüztutma ýa-da 6,1% kanagatlandyryldy, 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, ol ýüztutma kanunda görkezilen tertipde seredilip, jogap alyndy, 1 sany önümçilige alnan arza boýunça gerekli resminamalar degişli edaradan talap edildi we ýylyň ahyryna galdy, şeýlelikde 3 sanysy seredilmän ýylyň ahyryna galdy; Balkan welaýaty boýunça gelen 57 sany arzalaryň 3-si birikdirilip seredildi, beýleki 54 sany ýüztutmalaryň 21-si ýa-da 38,9% ýokarda görkezilen Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, 1 arza şol Kanunyň 30-njy maddasy esasynda teklip bilen degişli edaralara iberilip, olaryň 22-sinede seredilip, 4-si ýa-da 18,2% kanagatlandyryldy we 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi; Daşoguz welaýatyndan jemi gelen 74 sany ýüztutmalardan bir arza birikdirilip seredildi, şeýlelikde 73 sany ýüztutmalaryň 20-si ýa-da 27,4% Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, 1 arza Kanunyň 30-njy maddasy esasynda teklip bilen ygtyýarly edaralara iberilip, olardan 20-sine seredilip, 5 sanysy ýa-da 25,0%-mi boýunça kanagatlanarly netije çykaryldy, 1 arza seredilmän ýylyň ahyryna galyp, 2 sany arza degişliligi boýunça iberildi; Lebap welaýaty boýunça 22 sany gelen arzalaryň 6-sy ýa-da 27,3% Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp degişli edaralara iberildi we olaryň ählisine seredilip, 1 arza ýa-da 16,7% kanagatlandyryldy, 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we oňa seredilmegiň netijesinde degişli jogap haty alyndy, ýüztutmalaryň biri boýunça Adalatçynyň diwanynyň bilelikdäki barlagy geçirilip, kanagatlanarly netije çykaryldy; Mary welaýaty boýunça gelen 39 sany ýüztutmalaryň 4-si birikdirilip seredildi we 35 sany ýüztutmalaryň 14-si ýa-da 40,0% Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, 15 sany ygtyýarly edaralara, ýagny 1 arzada görkezilen iki meselä aýratynlykda seretmeklik üçin dürli edaralara iberilip, seredildi we 14 sany ýüztutmalaryň 13-sine seredilmegiň netijesinde 2 sany ýüztutma ýa-da 15,4% kanagatlandyryldy, bir arza seredilmän ýylyň ahyryna galdy we bir arza degişliligi boýunça iberildi; Ahal welaýatyndan gelen 12 sany arzanyň 1 birikdirilip, galan 11 ýüztutmanyň 4-si ýa-da 36,4%-mi Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara iberildi we olara seredilmegiň netijesinde 1 arza ýa-da 25,0%-mi boýunça kanagatlanarly netije çykaryldy. Ygtyýarly edaralara iberilen arzalar boýunça degişli jogap hatlary alyndy we olaryň netijesinde ýüz tutan raýatlara jogaplar berildi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň ahyryna Kanunyň 27-nji we 30-njy maddalaryna esaslanyp, degişli edaralara iberilen arzalaryň 4-si seredilmän galdy.

Seljermeden görnüşi ýaly, gelip gowşan ýüztutmalaryň 66- sy ýa-da 21,6%-mi seredilmän galdyryldy, ýagny seredilmän galdyrylan ýüztutmalaryň 25-si ýa-da 37,9%-mi gaýtadan gelen ýüztutmalar bolup, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 22-nji maddasynyň 4-nji bölegine salgylanyp, ýüz tutan raýatlaryň gaýtadan ýazan arzalary seredilmän galdyryldy. Şeýle-de, Kanunyň 21-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda Adalatçynyň gol çekilmedik şikaýatlara seretmeýändigi sebäpli, Adalatçynyň diwanyna golsuz gowşan 14 sany ýa-da 21,2%-mi, Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler boýunça arzalaryň 25-si ýa-da 37,9%-mi, Adalatça ýüz tutmagyň möhleti geçirilip ýazylan arzalaryň 2-si ýa-da 3,0%-mi seredilmän galdyryldy we ýüz tutan raýatlara bu barada Kanunda göz öňünde tutulan 5 gün möhletde jogap berildi.

Gelip gowşan ýüztutmalaryň Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, olarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp ýa-da teklip berilen, şeýle-de degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilendigi barada maglumatda bellenilip geçildi we şol ýüztutmalaryň iberilen edaralarynda olara seredilmeginiň netijeleri boýunça geçirilen seljerme aşakdaky görkezijide ýerleşdirildi.


Görkezijilerden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerden 101-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji, 2-si bolsa şol Kanunyň 30- njy maddalaryna esaslanyp, olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, şeýle-de degişliligi boýunça seretmeklik üçin 6 sany arza iberildi.

Degişliligi boýunça we Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp iberilen arzalar boýunça öz wagtynda jogaplar alyndy, emma seretmeklige ýardam bermeklik soralyp, ygtyýarly edaralara iberilen 101 sany arzalaryň, ýokarda görkezilşi ýaly 4-si seredilmän, ýylyň ahyryna galyp, beýleki 97 sany seredilen arzalaryň 36-sy ýa-da 37,1%-mi boýunça jogaplar Adalatçy tarapyndan bellenen möhletden gijikdirilip berildi. Emma, möhletleri bozulyp jogaplary berlen arzalara seljerme geçirilende, olaryň käbirleri boýunça goşmaça ýa-da ýörite barlaglaryň geçirilmegi zerarly möhletleriň esasly geçirilendigi ýüze çykaryldy.

Mysal üçin, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam edilmegi soralyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen 23 sany ýüztutmanyň 6-sy boýunça möhleti geçirilen diýip görkezilen hem bolsa, olaryň ählisi boýunça goşmaça barlag geçirilendigi sebäpli, möhletleri esasly geçirilip jogap berlen. Şol ýüztutmalaryň 4-si kanagatlandyrylyp, olaryň 1-i boýunça jenaýat işi gozgalyp, ýüz tutan raýatyň kanuny hukuklary dikeldildi. Şeýle mysallaryň biri hem, Lebap welaýatynyň häkimligine iberilen köpçülikleýin ýazylan arza boýunça möhleti geçirilip jogap alyndy, emma ol möhlet hem esasly geçirilen diýip bilindi we bu arza geçirilen goşmaça barlagyň netijesinde kanagatlandyryldy.

Mundan başga-da, Adalatçynyň diwany tarapyndan seredilen, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Ş.A. ýaşaýyş jaý meselesi baradaky ýüz tutmasy boýunça ýörite barlagyň geçirilmegini talap edendigi sebäpli, ol ýüztutma hem möhleti geçirilip, seredildi we oňa seredilmegiň netijesinde raýatyň arzasy kanagatlandyrylyp, oňa jogap haty iberildi.

Kähalatlarda bolsa, edara-guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan, iberilýän ýüztutmalara görkezilen möhletde we düýp manysy boýunça seredilmegine jogapkärçiliksiz garamaklary netijesinde, raýatlaryň ýüztutmalaryna möhletinden gijikdirilip seredilýär. Bu ýagdaýlar bolsa bir tarapdan raýatlaryň ýüztutmalaryna garamagyň möhletleri özleri, şeýle-de Adalatçy tarapyndan bozulmagyna getirýän bolsa, beýleki bir tarapdan, raýatlaryň şol meseleleri bilen gaýtadan ýüz tutmaklaryna getirýär.

Şu ýagdaýlara degişli ýolbaşçylaryň ünsleri çekilip, seljerilýän döwürde jemi 17 sany ýatlatma hatlary ugradyldy.

Muňa mysal edip, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy D.B. ýaşap oturan ýer bölegine Döwlet nama resmileşdirip berilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan şikaýaty Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, 06.01.2020 ýyldaky 1/03 belgili hat bilen Mary welaýat häkimligine iberildi, emma ýüztutma boýunça geçirilen barlagyň netijesi barada öz wagtynda jogap alynmandygy, Adalatçynyň diwany tarapyndan bolsa ýüztutma seretmegiň kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletinde ýüz tutan raýata jogap berilmändigi sebäpli, onuň gaýtadan şol bir meselesi bilen Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmagyna getirdi. Bu ýagdaýlar barada hatda görkezilip, Mary welaýat häkimligine D.B. soňky ýazan ýüztutmasy hem goşulyp, ýatlatma haty ugradyldy.

Yüztutmalaryň Mary welaýat häkimligine iberilip, jogap soralandygyna garamazdan, Adalatçynyň diwanyna hamana 7 gün möhleti geçirilen seneli, ýagny 02.02.2020 ýyldaky welaýatyň Sakarçäge etrabynyň häkimliginiň 28/13 belgili haty Adalatçynyň diwanyna 15.04.2020 ýylda gelip gowuşdy we onda D.B. we onuň inisi A.B. ýaşap oturan ýer bölegine Döwlet namasyny resmileşdirilmegine ýardam bermek barada Adalatçynyň diwanyna ýazan arzasy, etrabyň Ýer serişdeler bölüminiň we Sakarçäge şäher geňeşliginiň degişli hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda seredilendigi barada görkezilipdir. Görkezilenler barada Adalatçynyň diwanynyň işgärleri welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri bilen birnäçe gezek aragatnaşyk ulgamy arkaly habarlaşyp, gelejekde ýüztutmalara seretmegiň tertibiniň we möhletiniň gödek bozulmagyna ýol berilmezlige ünsleri çekildi we raýatyň ýüztutmalary boýunça gelnen netije barada Adalatçynyň diwanyna habar berilmegi gaýtadan soraldy. Soňra agzalan ýüztutma seredilip raýat B.D. Şeýlelikde agzalan ýüztutma seretmeklik üçin iberilenden 3 aý 20 gün geçirilip jogap berildi.

Maglumatda agzap geçişimiz ýaly, kähalatlarda ýüztutmalara seredilende, olarda görkezilýän meseläniň düýp mazmuny boýunça däl-de, ýüzleý jogaplaryň berilýän halatlary hem boldy.

Meselem, Adalatçynyň diwany tarapyndan hasaba alnan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy E.A., özüniň ata-enesiniň garamagyndan galyp, kömekçi mekdep-internatyndan gelen hökmünde ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegine ýardam bermekligi sorap, ýazan arzasy 14.05.2020 ýyldaky 1/206 belgili hat bilen, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, arzada görkezilen delilleri barlamaga ýardam bermeklik soralyp, Aşgabat şäher häkimligine iberildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň Adalatçynyň diwanyna iberen 08.06.2020 ýyldaky 31/lýoh belgili hatynda, arzaçynyň ýaşaýyş jaý barada ýazan arzasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.01.2017 ýyldaky «Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» çykaran 15092 belgili kararyna laýyklykda hasaba alynyp, meselesine Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy esasynda serediljekdigi barada görkezilipdir.

Emma, görkezilen Karara laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hersinde 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, şol ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen we Aşgabat şäher häkimliginiň 09.12.2017 ýyldaky 1613 belgili karary esasynda, görkezilen ýaşaýyş jaýyny paýlamak boýunça döredilen topar tarapyndan ýaşaýyş jaýyndan maýyplaryň we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlaryň 48 sanysyna öýleri bermeklik barada netijä gelinip, şäher häkimliginiň 05.04.2018 ýyldaky 606 belgili we 12.05.2018 ýyldaky 898 belgili kararlary esasynda, şäheriň Berkararlyk etrabynyň çäginde gurlan 37-nji jaýynyň 48 sany öýlerine orderleriň resmileşdirilip berlendigi anyklanyldy. Ýagny salgylanylan karar birwagtlaýyn hereket eden nama bolup durýar.

Şeýlelikde, öň ýerine ýetirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna salgylanyp, Adalatçynyň diwanyna berlen jogap hatynyň nädogrydygy barada şäher häkimliginiň jogapkär işgärleri bilen aragatnaşyk ulgamy arkaly habarlaşylyp mälim edildi we raýatlaryň ýüztutmalaryna garalanda, jogapkär işgärleriň içgin çemeleşmeklerini we arza boýunça Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 69-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendine esaslanyp, barlag işlerini geçirip, mesele boýunça degişli edaralarda bar bolan ähli resminamalary öwrenilmegi, netijesi barada raýatlaryň ýüztutmalaryna garamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möhletleriniň bozulmazlygy üçin, Adalatçynyň diwanyna gysga wagtyň dowamynda habar bermegi soralyp, Aşgabat şäher häkimligine degişli hat iberildi.

Ondan başga-da, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy O.K. Türkmenistanyň çäginden çykmaga rugsat berilmeýändigi, onuň sebäbini we goýulan çäklendirmäniň möhletini anyklap bermeklige ýardam bermekligi sorap ýazan şikaýaty önümçilige kabul edilip, 30.09.2020 ýylda 1/399 belgili hat bilen, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp, şikaýatda getirilýän delilleriň doly barlanmagyna ýardam edilmegi haýyş edilip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberildi.

Olaryň Adalatçynyň diwanyna 13.10.2020 ýyldaky 102/10-740 belgi bilen iberen hatynda diňe, raýat O.K. ýurduň çäginden çykmagyna rugsat berilmändigi barada görkezilipdir.

Emma, raýat öz şikaýatynda Türkmenistanyň çäginden çykmaga rugsat berilmän hukuklarynyň bozulýanlygy barada beýan edip, onuň sebäbini we möhletini anyklap bermeklige ýardam berilmegini soraýandygy sebäpli, onuň ýüztutmasynda goýýan meselesine düýp manysy boýunça seredip, jogap berilmegi soralyp gaýtadan hat iberildi.

Raýatlaryň ýüztutmalaryna seredilende olaryň goýýan meselelerine düýp mazmuny boýunça we möhletinde seretmek talaplarynyň bozulmagyna ýol berýän edaralaryň biri hem Türkmenistanyň Merkezi banky bolup durýar. Seljerilýän ýylyň dowamynda Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, 4 sany iberilen ýüztutmalaryň 3-siniň möhletleri bozulyp, jogap hatlar alyndy, bu ýüztutmalar boýunça jemi 4 sany ýatlatma hatlary iberildi.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlaryň dil üsti bilen gelen 226 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olar hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça seljerildi.

Görkezijilere görä ýüztutmalaryň 103 sanysy ýa-da 45,6%, ýagny esasy bölegi Aşgabat şäherinden bolup, ýüztutmalaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri hem, Adalatçynyň diwanynyň merkezde, ýagny Aşgabat şäherinde ýerleşip, onuň raýatlar üçin el ýeterliligidir.

Şeýle-de, görkezilen ýüztutmalar çärýekleýin we raýatlaryň sany boýunça seljerilip, aşakdaky görkezijilerde ýerleşdirildi.

Seljermeden görnüşine görä, ýylyň dowamynda 226 sany dil üsti bilen ýüz tutma hasaba alynyp, ýüz tutan raýatlaryň jynsyna, milletine we beýleki alamatlaryna geçirilen seljermäniň netijesinde, ýüz tutan 270 raýatyň 166-sy aýal, 104-si erkek adamlar bolup, olar dürli milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olardan türkmen - 196; rus - 29; özbek -18; azerbaýjan -11; ermeni - 6; tatary - 4; buluç - 3; galanlaryň 2-si - lakes we 1 raýat - pars milletine degişli.

Ýüz tutanlary milletine ýa-da beýleki bir alamatlaryna görä seljerme geçirilmegi, olaryň hemmesine öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänligini alamatlandyrýar.

Dilden ýüztutmalar hem meseleleri boýunça seljerildi.

Seljermeden görnüşine görä, raýatlaryň dil üsti bilen ýüztutmalarynyň hem köp sanlysy ýaşaýyş jaý meselesi boýunça bolup, ýagny 70-si ýa-da umumy ýüz tutmalaryň 31,0%, zähmet meselesi – 29 ýa-da 12,8%, kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler – 25 ýa-da 11,3%, migrasiýa meselesi – 18 ýa-da 8,0%, bank meselesi – 11 ýa-da 4,9%, ýer hukugy – 10 ýa-da 4,4%, jenaýat işler boýunça we jenaýatçylykly hereketler barada – 9 sany ýa-da 4,0%, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine – 8 ýa-da 3,5%, durmuş üpjünçiligi – 5 ýa-da 2,2% düzýär.

Galan meseleler bir ýa-da iki sanydan bolup, 35 sanysy beýleki meselelere degişli, ýagny raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerine nägilelik, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawasy, kanunçylygy düşündirmek, ýa-da ýüz tutan ýerlerinden berlen jogaplardan nägiledikleri we beýleki dürli meseleler bolup durýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Adalatçy öz işini tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda alyp bardy, şol meýilnamada beýleki geçirilmeli işler bilen bilelikde, raýatlaryň dilden kabul edişligi diwanyň çäginden daşynda hem gurnamaklyk meýilleşdirilip, Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda gurnaldy. Bu kabul edişlikler Aşgabat şäheriniň we şäheriň etraplarynyň, şeýle-de Ahal welaýat häkimliginiň «Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi topary döretmek hakynda» kararlary esasynda döredilen ýörite toparlaryň agzalary bilen bilelikde gurnalyp, raýatlar kabul edildi. Raýatlaryň kabul edişligi barada ýerli habar beriş serişdelerinde, hususan ýerli gazetlerde bildirişler çap edilýär.

Şeýle kabul edişlikler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap häkimliginiň binasynda, Aşgabat şäherinde iki gezek, ýagny şäher häkimliginiň «Mekan köşgüniň» binasynda we şäheriň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň binasynda gurnalyp, raýatlar kabul edildi. Ýerlerdäki kabul edişliklerde hem ýüztutmalaryň esasy bölegi ýaşaýyş jaý, zähmet we ýer meseleleri bolup, ol meseleleriň ýerinde seredilmegi degişli netije çykarmak üçin amatly bolup durýar.

Seljerilýän ýylyň başyndan diýen ýaly, bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly päsgelçiliklere garamazdan raýatlaryň dilden ýüztutmalary dowam etdi. Adalatçynyň diwanynda raýatlaryň dilden kabul edişligi tassyklanan tertibe laýyklykda doly dowam etdirildi, şeýle-de olaryň aragatnaşyk ulgamy arkaly dilden ýüztutmalary boýunça hem maslahatlar berildi.

Adalatçynyň 2020-nji ýylyň dowamynda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alyp baran işlerine berlen selјermäniň netiјesinde, ýüztutmalara seredilende kanunçylykda göz öňünde tutulan kadalaryň berjaý edilmegi babatda Adalatçynyň 2019-njy ýylyň jemi boýunça Maglumatynda hem teklip berilendigine, ol teklipler barada degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, Aşgabat şäher we welaýat häkimliklerine ýörite hatlar ýollanyp, hatlara ol işleriň talaba laýyk ýola goýulýandygy barada jogaplar alnanlygyna garamazdan, gynansakda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagy aýry aýry ýerlerde dowam etdirilýär. Raýatlar tarapyndan nägilelikleriň we gaýtadan ýüztutmalaryň emele gelmezligine, olaryň ýüztutmalaryna seretmekde kanunçylygyň talaplarynyň doly berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen aşakdakylary teklip edýäris:

- raýatlaryň ýüztutmalaryna, olaryň özlerinden ýa-da ygtyýarly edaralardan gelenligine garamazdan kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde, şeýle-de düýp mazmuny boýunça we netijeli seretmekligi talaba laýyk guramagy we yzygiderli berk gözegçilikde saklamagy;

- Aşgabat şäheri boýunça raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalarynyň ýurt boýunça göterim derejesiniň peselmeýänligini, gaýtadan ýüz tutmalaryň bolup durýandygyny, şäher häkimligi tarapyndan raýatlaryň şikaýatlaryna we olaryň şikaýatlary boýunça ygtyýarly edaralaryň ýüztutmalaryna we tekliplerine seretmekde yzygiderli ýol berilýän kanun bozmalary aradan aýyrmagy we ol kanun bozmalaryň gaýtalanmazlygyny ýola goýmagy;

- Aşgabat şäheriniň çäginde administratiw çäk degişliliginiň üýtgedilmegi bilen, ýaşaýyş јaý nobatlylygy barada meseleleri aradan aýyrmak üçin, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak maksady bilen nobata duran raýatlaryň etrap häkimlikleriň ýaşaýyş јaý bölümlerindäki nobatlylygyny yzygiderli selјermekligi.  

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde taryhy ädimlere eýe bolundy. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary maslahatlaşyldy. Şunda, ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň hukuk esaslarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde döwrüň talaplaryna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlanmak babatda anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

Ilki bilen milli Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda konstitusion özgertmeleri geçirmek barada badalga berlen başlangyçlaryň amala aşyrylmagy kanunçylygy kämilleşdirmekde ýylyň esasy wezipeleriniň biri boldy. Şu nukdaýnazardan, ýurt Baştutanymyzyň Permany bilen döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary we onuň ýanyndaky iş topary öz işini yzygiderli alyp bardy. Malim bolşy ýaly, milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek baradaky mesele bütin türkmen halky bilen ara alnyp maslahatlaşylyp, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny makullanyldy we Türkmenistanyň mejlisi tarapyndan kabul edildi.

Ýylyň dowamynda geçirilen Konstitusion toparynyň we onuň ýanyndaky iş toparynyň mejlislerine Adalatçy we Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem topar agzalary hökmünde yzygiderli gatnaşdylar we öz tekliplerini beýan etdiler.

Şeýle-de Adalatçy, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýyllyk kanunçykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda alyp baran beýleki işlerine hem gatnaşmak bilen adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek ygtyýarlyklaryny amala aşyrdy.

Hasabat ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan jemi 57-sany kanun kabul edilip, olar täzeden kabul edilen kanunlardan, şeýle hem hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlardan ybaratdyr. Ýagny, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda», «Konsullyk gullugy hakynda» ýaly kanunlar kabul edilip, hereket edýän beýleki kanunlara bolsa birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işleri dowam etdirildi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi we kanun çykaryjy edaranyň iki palataly ulgama geçmeginiň netijesinde, palatalaryň ikisiniň hem hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegidir.

Ýurdumyzyň kanunçylygy kämilleşdirilende, ony diňe bir döwrümiziň talaplaryna, şeýle-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek bilen çäklenilmän, ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly ýörelgelerinden ugur alynýanlygyny bellemelidiris. Şu ýörelgelerden ugur almak bilen geçen hasabat ýylynda hem hereket edýän Kodeksler kämilleşdirilende, has takygy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň üstünde işlenilende ony ynsanperwerleşdirmek, ýagny jemgyýete howp döretmeýän hereketler üçin jenaýat jogapkärçiliginden administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary üçin jogapkärçilige geçirilmegi baradaky kadalary girizmeklik öňe sürüldi. Şu ýerde Adalatçynyň diwanynyň hem Jenaýat kanunçylygyny ynsanperwerleşdirmek teklibini öňe sürenligini bellemelidiris.

Ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlaryň agzalary bolmak bilen, Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny, şeýle-de hereket edýän beýleki kanunlary halkara tejribesine we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça hem geçirilen maslahatlara işjeň gatnaşmagy dowam etdiler.

Adalatçynyň öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakyndaky maglumatlarynda bellenilişi ýaly ýurdumyzyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek bilen döwrüň talaplaryna görä ençeme täze kanunlar kabul edilýär, hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Muňa garamazdan, Adalatçynyň diwanynyň alyp barýan işiniň dowamynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryndan, esasan hem raýatlaryň ýüztutmalary boýunça alynýan jogaplarda, hereket edýän kanunlara gabat gelmeýän kadalaşdyryjy hukuk namalara salgylanylýandygyna duş gelinýär. Bu ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

- Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirmek işlerini doly alyp barmagy;

- ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýän kanunçylyga laýyk getirilmegine gözegçiligi güýçlendirmeli. 

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi 

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak wezipeleriniň biri hem olaryň hukuklaryny goramagyň görnüşleri we usullary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek işidir. Adalatçynyň adam hukuklary we azatlyklary babatda ilatyň habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardamy dürli jemgyýetçilik çärelerinde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar edilmegi, maglumatlar çap edilmegi arkaly ýerine ýetirilýär.

Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak işleri hem dowam etdirildi. Ýagny, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlislerine Adalatçy öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gatnaşyp, geçirilen mejlisleriň gün tertibine girizilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen dürli meseleler boýunça, şol sanda gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, täze milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň taýýarlanylmagy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça Toparlaryň işlerini we onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek babatda we beýleki wajyp meseleler boýunça öz pikirini beýan etdi.

2020-nji ýylyň 16-njy maýynda, diýarymyza ýetip gelen goşa baýramçylygyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagymyzyň günine bagyşlanyp «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Maslahata Adalatçy hem gatnaşyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy - türkmen halkynyň mukaddes gymmatlygy» atly mowzuk bilen çykyş etdi.

Şeýlede bu şanly baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan gurnalan «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuş hukuk ähmiýeti» atly okuw maslahata Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň 09-njy dekabrynda Adalatçy Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara sergisine gatnaşdy we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy kararlary we döwletiň ösüşini üpjün etmegiň esasy wezipeleri» atly ylmy maslahatynda degişli mowzuk bilen çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71/195 kararnamasy bilen tassyklanan «Howpsuz, tertipleşdirilen we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy Ylalaşygy» kabul edildi. Bu Ylalaşygy milli derejede ornaşdyrmak boýunça döwletiň meýletin synyny taýýarlamakda ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, döwlet we jemgyýetçilik guramalaryndan ybarat bolan Iş topary döredildi. Döredilen Iş toparyň mejlislerine Adalatçynyň diwanynyň işgärleri hasabat ýylyň dowamynda işjeň gatnaşdylar we syny taýýarlamakda adam hukuklary we azatlyklary babatdaky meseleler boýunça ýardam etdiler.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan Iş topary döredildi. Geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekili bu Iş toparynyň Düzgünnamasy, onuň Iş Meýilnamasy (Ýol kartasy), şeýle hem ýaşlar syýasaty babatda halkara tejribe barada we ýaşlar bilen baglanyşykly beýleki meseleleri maslahatlaşylanda iş toparynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşdy.

Adalatçynyň diwanynyň tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda ilatyň bilimliliginiň we habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etmek wezipesiniň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem duşuşyklar gurnaldy.

Şeýlelikde Adalatçynyň diwany Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin okuw maslahatlary geçirmegi hem dowan etdirdi. Geçirilen okuw maslahatynda diňleýjiler Adalatçynyň 2019-njy ýylyň dowamynda alyp baran işleri barada, ýurtda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň netijesinde ýazylan Adalatçynyň ýyllyk maglumatynyň mazmuny, seljermäniň netijesinde berlen teklipler bilen giňden tanyşdyryldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde «Adalatly, adyl jemgyýet – Durnukly ösüşiň kepilidir. BMG-niň wezipeleri» mowzuk bilen Adalatçynyň diwanynyň işgärleri tarapyndan birnäçe gezek okuw sapaklary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumatyny Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär we şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Adalatçy Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatyna gatnaşdy we maslahatyň gün tertibine laýyklykda Adalatçynyň 2019-njy ýylda eden işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Adalatçynyň her ýylky maglumaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilip, halk köpçüliginiň bu maglumat bilen aňsat tanyşyp bilmekleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan bu gün» (www.tdh.gov.tm) we «Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) elektron gazetlerinde çap edilýär.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryny berjaý etmek, ýagny Adalatçynyň alyp barýan işlerini yzygiderli aýan etmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň internet web-saýtyny döretmegiň üstünde hem işlenildi we 2021-nji ýylyň başyndan işe girizmek meýilleşdirildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň gurallary, ýurdumyzda demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň, özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň häsiýetini açyp görkezýän makalalary dürli gazet-žurnallarda çap edildi. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çap edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň üçünji neşirinde Adalatçynyň «Döwletliligiň, demokratiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ösüşi» atly makalasy çap edildi.

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, çaganyň hukuklary babatda, bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçyny hem-de ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen bilelikde geçirlen söhbetdeşlik «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edildi. Döwletimizde çaganyň giň hukuklary we onuň gyşarnyksyz berjaý edilmegi barada Adalatçynyň «Nesil» gazetinde «Bagtyýar çagalaryň bagtly geljeginiň hukuk kepillikleri» we «Güneş» žurnalynda «Bagtyýar balalaryň bähbidine» atly makalalary hem çap edildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň çar künjeginde bellenip geçilýän baýramçylyk günleri, gazanylýan deňsiz-taýsyz üstünlikler we syýasy-jemgyýetçilik wakalar mynasybetli Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy baradaky birnäçe makalalary gazetlerde we žurnallarda çap edildi.

Adalatçynyň ýylyň dowamynda jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurlygy barada netijä gelindi we şulary teklip edýäris:

- öňki ýyllarda beren teklibimizi goldamak bilen, ýurdumyz boýunça adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmakda yzygiderli we ulgamlaýyn iş alyp barmak maksady bilen ministrlikler, pudak edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlemegi. 

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçen 2020-nji ýyl biziň ýurdumyz üçin ýene-de bir üstünlikli taryhy ýyla öwrüldi. Geçen ýyl halkara giňişliginde esasan ýubileý seneler bilen ýatda galan ýyl boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny giňden belläp geçdi, munuň özi ýurdumyzyň ýokary üstünliklerini, demokratik özgertmelerini we parahatçylygy goraýjy daşary strategiýasyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, şol ýyl iň iri abraýly gurama, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy, wezipesi ýurdumyzyň syýasaty bilen sazlaşykly bolan – ýagny durnukly we howpsuz dünýäni öňe sürmek, adam hukuklaryny ilerlemek we has adalatly dünýä gurmakdan ybarat bolan, Birleşen Milletler Guramasy öz 75 ýyllyk ýubileýini belledi.

Ýylyň başynda, has takygy 14-nji ýanwarda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň forumda eden çykyşyndan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň türkmen halky üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna we onuň 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň möhüm waka boljakdygy düşnükli boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti öz çykyşynda parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýörelgelerini öz içine alýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň üýtgewsizligini birnäçe gezek nygtady.

Şeýle oňyn bitaraplyk syýasatyna öz gezeginde dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýär, şunuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewropa Bileleşigi ýaly abraýly guramalaryň giň goldawyna eýe boldy.

Geçen maslahat Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda toplanan hyzmatdaşlygyň tejribesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem geljekki bilelikdäki taslamalaryň we meýilnamalaryň yglan edilmegi üçin oňat platforma boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen BMG-niň edaralarynyň arasynda 2020-nji ýyl üçin on iki sany ýyllyk Iş meýilnamalaryna gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasynda «Çaganyň hukuklarynyň goragy we ilerledilmegi» atly 2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy hem bardyr.

2020-nji ýyl üçin Iş meýilnamanyň gol çekişligi.

Şol bir wagtyň özünde, bu göz öňünde tutulan uly taslamalar we meýilnamalar bilen bilelikde geçen ýyl adamzadyň dünýä derejesinde kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolany, ýagny, täze ýiti ýokanç keseli COVID-19 dünýäde ýüze çykmagy we ýaýramagydyr. Emma, adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna zyýanly täze howpuň çynlakaýlygyny göz öňünde tutup, dünýä bileleşiginiň global sarsgynlygyna garamazdan, Türkmenistan bu howpuň öňüni almak maksady bilen toplumlaýyn çäreleri öz içine alýan çözgütleri kabul etmek arkaly giňişleýin çemeleşme tapdy.

Bu global pandemiýa jemgyýetiň umumy adamzat durmuşyna täzeçe garamagyny talap etdi. Öňüni alyş çäreler, sosial aralygyň saklanmagy, köp işleriň sanly ulgam arkaly guralmagyna getirdi. Şeýle-de bolsa, çäreleriň sanly ulgama geçirilmegi, okuw maslahatlarynyň we tegelek stollaryň ýygylygyny peseltmedi, ýylyň başynda bolmasa-da, hasabat ýylynyň ahyrynda çäreleriň sanynyň diňe köpelendigini aýdyp bileris.

Adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygy Adalatçynyň Ýyllyk iş meýilnamasynda aýratyn bölümde göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek, oňa laýyklykda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde halkara guramalary we döwletara guramalary, daşary ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen tejribe alyşmak we bilelikde işlemek ýaly birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Dünýäde bolup geçen ýagdaýlar bilen baglanyşykly, COVID-19 koronawirus ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreş döwründe Adalatçynyň aýratyn buýrugy bilen ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Bu meýilnamanyň çäginde, COVID-19 koronawirus ýiti ýokanç keseline garşy göreş döwründe adam hukuklarynyň bozulmazlygyny üpjün etmek ýaly birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy, ýagny, adam hukuklarynyň berjaý edilşine yzygiderli gözegçilik etmek, öňüni alyş çäreleri amala aşyrýan döwlet edaralaryň bu ugurda alyp barýan işine gözegçilik etmek ýaly işlerdir.

Çäklendiriji çäreler girizilmezden öň, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň we BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geljek ýylda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösüşini utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşylan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowanyň ýolbaşçylygynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Natiýa Natswilişwili, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili hanym Kristin Weýgand we onuň orunbasary jenap Siraj Mahmudlu, Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) halkara maksatnama hünärmeni Jennet Appowa we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili jenap Rişard Kommenda gatnaşdylar.

BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen ýylyň başynda geçirlen şeýle duşuşyk, 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we meýilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça umumy çemeleşmeleri ösdürmek üçin amatly mümkinçilik berdi, şeýle hem agentliklere Adalatçynyň diwany bilen öňde goýlan maksatlardan habarly bolmak mümkinçiligini berdi, bu bolsa geljekde taslamalary we çäreleri taýýarlamakda we utgaşdyrmakda oňyn ýardam etdi. BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Adalatçynyň diwany bilen adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda , şol bir wagtda täze bilelikdäki taslamalaryň we meýilnamalaryň amala aşyrylmagy arkaly hyzmatdaşlygy artdyrmaga bolan isleglerini beýan etdiler.

BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk.

2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanda guralan çärä gatnaşdylar. Şonda BMGÖM-niň sebit bölümleriniň hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) 2016-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda ýerine ýetiren işleriň netijelerine baha berdiler we netijede birnäçe teklipler hödürlendi, şol sanda Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmek we sebitde şuňa meňzeş guramalar bilen tejribe alyşmak we hünär ýokarlandyrmak arkaly çärelere ýardam bermek babatda teklip hem berildi.

Bellenilişi ýaly, birnäçe halkara resminamalarynyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly 2020-nji ýyl, birnäçe täze möhüm resminamalara gol çekilmegi we kabul edilmegi bilen häsiýetlendi. Şeýlelik bilen, şunuň ýaly möhüm resminamalaryň arasynda geçen ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy» kabul edildi. Gol çekişlik dabarasyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysy, şeýle hem Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.

Täze Çarçuwaly maksatnama köp sanly netijeleriň, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny ilerletmek we goramaklygyň gazanylmagyna gönükdirilen. Şol bir wagtyň özünde, resminamada bu netijeleriň durmuşa geçirilmeginde BMG-niň agentlikleriniň has köpüsiniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyndan gelip çykýan täze Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny milli derejede ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başynda duşuşyga gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Ýurt maksatnamasynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ugrulygyna, has hem kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga we adam hukuklaryny goramaga, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek bilen taýýarlanandygy nygtaldy.

Şunuň ýaly maslahatlara, ýagny Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň indiki Ýurt maksatnamasynyň resminamasy boýunça maslahatlara Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hasabat ýylyň dowamynda birnäçe gezek gatnaşdylar. Şeýle geňeşmeleriň netijesinde Ýurt resminamalarynda Adalatçynyň diwanynyň işiniň uzak möhletleýin we aralyk netijeleriň esasy we maksatlaýyn görkezijileri görkezildi.

Hasabat ýylyndaky möhüm täzelikleriň arasynda bellemeli wajyp zat, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň we halkara guramalarynyň bilelikde mejlisleriniň geçirilmegidir. Bu nukdaýnazardan, anyk wezipeleri kesgitleýän we onuň amaly durmuşa geçirilişini göz öňünde tutýan Pudagara topary bilen BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki meýilnamasy kabul edildi.

BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri we beýleki abraýly guramalar bilen şular ýaly bilelikdäki maslahatlaryň geçirilmegi, adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda, hususan-da täze Milli meýilnamalary işläp düzmek we ýerine ýetirilişine baha bermek, BMG-niň komitetlerine milli hasabatlary taýýarlamak, Türkmenistanyň beýleki halkara konwensiýalara we olaryň goşmaça teswirnamalaryna goşulmagy, adam hukuklary babatda bilim ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak boýunça meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisleriniň geçirilmeginiň wajyplygyny aýratyn belläp geçmelidiris we bu mejlislere Türkmenistanyň Adalatçysynyň hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, gün tertibinde goýlan möhüm meseleler boýunça garaşsyz milli hukuk goraýjy edarasynyň garaýşyny beýan etmek bilen gatnaşandygyny bellemelidiris.

Şeýle-de, ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekili hem Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň Iş toparynyň agzasy hökmünde duşuşyklara, okuw maslahatlara we ýygnaklara gatnaşdy.

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Adalatçynyň diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Adalatçysy we onuň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumynyň bilermenleri Roslin Nunan we Pip Dargan bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Global Alýansynda (GANHRI) akkreditasiýa etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Bu geçirilen duşuşyk Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Global Alýansynda (GANHRI) akkreditasiýa etmegiň düzgünlerini öwrenmekde we durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin amatly mümkinçilik boldy. Bu duşuşygyň netijesi soňra Türkmenistanyň Adalatçynyň diwany bilen Türkmenistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň kabul edilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly taslama resminamasynda göz öňünde tutuldy.



Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumynyň bilermenleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň goldaw bermeginde bilelikde taýýarlanan we öz wagtynda kabul edilen «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň» çäklerinde,
BMG-niň we degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki iş toparynyň mejlisleri agzalan Meýilnamanyň durmuşa geçirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin tapgyrlaýyn geçirilip başlandy. Şol topara Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem agza hökmünde yzygiderli gatnaşdylar. Ýylyň dowamynda belli bir ýygylyk bilen jemi dört sany ýygnak geçirildi we bu durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň bäş ugurdan, şol sanda hem adam hukuklaryny üpjün etmek we goramak ugrundan ybaratdygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň Adalatçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 18-nji iýunda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» gepleşiginiň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. Mejlisde ýewropa tarapyny Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Filip van Amersfort, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Diego Ruiz Alonso wekilçilik etdiler. Duşuşykda wekiliýetleriň arasynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda möhüm meseleler boýunça konstruktiw pikir alşyldy we bu ýerde Türkmenistanyň Adalatçysy hem Diwanyň geçen ýylda ýerine ýetiren işleri barada we Ýewropa Bileleşiginiň garaşsyz edaranyň işinde ýardam bermeginiň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoluny beýan etdi.

2020-nji ýylyň iýun aýyndan başlap iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen gurnalan medeni hukuklary we ýörite prosedurlar boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar tapgyryna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Ýörite dokladçynyň edarasynyň bilermenleri Joan Buşar we Dragana Korljan adamyň medeni hukuklarynyň tebigatyny, olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda durmuşa geçirilişini, şeýle-de iş mehanizmini we ýörite amallaryň tertibi barada maglumat berdiler. Geçirilen onlaýn duşuşygyň çäginde, gatnaşyjylar Türkmenistanda adamyň medeni hukuklaryny goramak we öňe sürmek babatynda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler.

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça Iş toparynyň mejlisini, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň hem çagyrylmagynda geçirdi. Bu duşuşygyň maksady, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 − 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny we onuň ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň halkara guramalarynyň hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk duşuşyklary geçirmek boýunça işini dowam etdirip, 27-nji we 29-njy iýulda BMG-niň zorlukly ýa-da meýletin bolmadyk ýitirim boýunça Iş toparynyň bilermenleri Henrikas Mitskýawiçusyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Iki günlik maslahatyň çäginde, Iş toparyň ýurtlara baryp görmek tejribesi, onuň mandaty we iş usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awgust aýynyň başynda, ýagny 4-ne Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardamynda, “Howpsuz, düzgünleşdirýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Iş toparynyň ilkinji iş maslahaty sanly wideo aragatnaşyk görnüşinde geçirildi.

Duşuşygyň maksady, Ählumumy Ylalaşygyň çäginde durmuşa geçirmegiň we hasabat bermegiň mehanizmini, Iş toparynyň ileri tutýan ugurlaryny we BMG Torunyň Türkmenistanda Ählumumy Ylalaşygyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmakdy. Sentýabr aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň başlangyjy bilen geçirilen «Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda migrantlar we jemgyýetler üçin COVID-19 pandemiýasynyň sosial-ykdysady netijelerini azaltmak» atly sebitleýin taslamasynyň başlanmagyna bagyşlanan sebitleýin iş maslahatyna gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa Maksatnamasy we BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurnalan 8.7 belgili Durnukly ösüş maksadyň çäginde adam söwdasyny we mejbury zähmedi ýok etmek boýunça geçirlen iş maslahatyna Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar. Wideo aragatnaşyk iş maslahatyň dowamynda, sebitleýin we halkara derejesinde mejbury zähmet we adam söwdasyna garşy göreşde üstünlikli we döwrebap çemeleşmeleriň mysallary gözden geçirildi.

Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2020-nji ýyl üçin «Çaganyň hukugynyň goragy we ilerledilmegi» bilelikdäki Iş meýilnamanyň çäginde, 21-nji awgustda ÝUNISEF-niň bilermeni hanym Newena Şahowiçiň we BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň bilermeni jenap Artur Ýasewiçiň gatnaşmaklarynda Çaganyň hukuklary boýunça Komitetine Alternatiw maglumaty bermegiň tertibi boýunça wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bilermenler Alternatiw maglumatynyň taýýarlamagyň tertibi, tehniki taraplary we öňdebaryjy tejribe barada gysgaça beýan etdiler.

Şol Meýilnamanyň çäginde, 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Adalatçynyň diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, hem-de BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde COVID-19 pandemiýa döwründe adam hukuklaryna, şol sanda çagalaryň hukuklaryna gözegçilik etmekde Adalatçynyň diwanynyň wajyp orny barada ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň habarlygyny ýokarlandyrmak üçin sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda pandemiýa döwründe çaganyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek babatynda Adalatçynyň mandatyny ýerine ýetirmegiň iň oňat tejribeleri hem-de şonuň bilen bagly Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän döwletleriň takyk mysallary diňlenildi.

Şeýle hem, oktýabr aýynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardamynda halkara bilermeni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna we Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň Iş toparynyň agzalaryna, şol sanda Iş toparyň agzalary bolan Adalatçynyň diwanynyň wekillerine çaganyň hukuklary babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bermegiň netijeleri barada maglumat bilen çykyş etdi. Geçirilen syn, BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetine tabşyrmak üçin «Çaganyň hukuklary hakynda» konwensiýasynyň we onuň fakultatiw teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada döwletiň jemlenen bäşinji we altynjy döwürleýin maglumatyny taýýarlamakda peýdaly bolandygyny bellemek bolar.

Şol aýda, sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurduň dürli edaralary we guramalary bilen bilelikde Adalatçynyň diwanynyň wekilleri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş maslahatyny geçirdiler we onuň dowamynda bilermenler Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulyşmagyň tertibi barada beýan etdiler. Iş maslahatyň çäginde degişli meseleleriň giň toparyny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ilerledilmegi we üpjün edilmegi boýunça alyp barýan işleri, daşary ýurt adam hukuklaryny goraýyş dabaralarynyň işi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Bu bolsa, öz gezeginde adam hukuklary goraýyş mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmak, sebitde
adam hukuklarynyň ýagdaýyna baha bermek, şeýle hem adam hukuklaryny goramagyň oňyn tejribesini ulanmak we düşünmek üçin halkara platformalary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we Ösüş Maksatnamasynyň Stambuldaky edarasynyň gurnamagynda, Merkezi Aziýanyň MHGE-niň başlangyçlarynyň (CASI-NHRI) çäklerinde milli hukuk goraýjy edaralarynyň – Adam hukuklary boýunça ygtyýarlylaryň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Döwriň ýiti meselesi bolan dünýäde COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini ara alnyp maslahatlaşmak, duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Adalatçysy Türkmenistanyň bu howply ýiti ýokanç keseliniň getirilmegine garşy göreşmek ugrunda görülýän çäreler barada çykyş etdi, hem-de Adalatçynyň diwanynyň global pandemiýa döwründe Türkmenistanda adamyň we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek tejribesi we maglumatlaryny paýlaşdy. Bu duşuşygyň geçirilmegi, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralaryň has işjeň işleşmegine we Merkezi Aziýa sebitiniň milli hukuk goraýjy edaralaryň CASI-NHRI sebit platformasynyň çäginde ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegine hem goşant boldy.

Merkezi Aziýanyň MHGE-niň başlangyçlarynyň (CASI-NHRI) çäklerinde Milli hukuk goraýjy edaralarynyň – Adam hukuklary boýunça ygtyýarlylaryň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça ygyýarlysy T.N.Moskalkowanyň gurnamagynda «Ýewraziýa giňişliginde adam hukuklarynyň goragynyň meseleleri: ombudsmenleriň öňdebaryjy tejribe alyşmaklary» atly IV halkara ylmy-usulyýet maslahatyna gatnaşdy we çykyş etdi. Bu konferensiýa 18 ýurduň ombudsmenleri we adam hukuklaryny goramak boýunça abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy, bu çärä gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy kontekstinde adam ölçeginiň täze hakykatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Adalatçysy öz gezeginde, COVID-19 pandemiýasy döwründe Türkmenistanda görülýän çäreler, kabul edilen we durmuşa geçirilýän meýilnamalar, raýatlaryň ýurda dolanyp gelmegi bilen baglanşykly döredilýän amatly şertleri, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, şol sanda zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi, Adalatçynyň diwanynyň adam hukuklarynyň, şol sanda aýratyn goraga mätäç bolan adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmeginde ýerine ýetirýän işleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesi çäklendiriji çäreler kabul edilende adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini bellediler.

Ondan soň, 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Adalatçysy Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili (ombudsmen) tarapyndan gurnalan, Özbegistan Respublikasynyň Ombudsmeniň institutynyň 25 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli «Ombudsmeniň işini sanlaşdyrmak: adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin innowasion mehanizmler» atly halkara onlaýn maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy häzirki döwürde işleriň sanlaşdyrylmagynyň, häzirki zamanyň we täsirli dolandyryşyň guraly, işiň netijeliliginiň we hiliniň esasy zerurlygy bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Adalatçysy «Türkmenistanda 2019 − 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň sanly ulgamyna tapgyrlaýyn geçişi barada, hem-de Adalatçynyň diwanynyň işini sanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada mälim etdi.

Hasabat döwründe beýan edilen bilelikdäki meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirip, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Adalatçynyň diwany Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy bilen bilelikde halkara bilermeniň hem gatnaşmagynda çagalaryň adyl kazyýete elýeterliligi meseleleri boýunça, çagalar bilen iş çalyşýan hukuk goraýjy we beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri üçin iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Ýuwenal ýustisiýa meselesi boýunça işleýän hukuk goraýjy edaralaryň sebitlerdäki edaralarynyň wekilleri hem wideo maslahata goşuldylar. Okuw maslahatyň dowamynda tematiki sessiýalara gatnaşyjylar çagalaryň adalata elýeterliligi bilen baglanyşykly halkara ösüşi we çagalary goramak ulgamlaryndaky milli toplumlaýyn öňdebaryjy tejribe, derňew çärelerini geçirmekde çagalara amatly tejribe, kanun bilen ýüzbe-ýüz bolan çaganyň durmuşa uýgunlaşmagy we beýleki dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli, 20-nji noýabrynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hem tematiki onlaýn çäre geçirildi, onda milli hyzmatdaşlaryň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilleri tarapyndan saglygy goraýyş, bilim, durmuş goragy we çagalygy goramak babatda degişli edaralarda alnyp barylýan dürli ugurlar boýunça 2020-nji ýylda gazanylan üstünlikler barada jikme-jik maglumat berildi.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda, BMG-niň agentlikleriniň ýardamy bilen Ilat Gaznasynyň halkara bilermeni doktor Katerina Şalaýewanyň gatnaşmagynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Iş toparynyň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekiliniň topar agzasy bolup gatnaşmagynda birnäçe gezek sanly wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşyklary geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iş toparynyň agzalary ýaşlar syýasatyny ösdürmekde halkara tejribesi, onuň esasy düşünjeleri, maksatlary, ileri tutulýan ugurlary, klasterler we durmuşa geçirişiň hereketlendiriji elementleri ýaly esasy komponentlere seredildi.

Adalatçynyň diwany, esasy halkara hyzmatdaşlaryň biri bolan ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen özara gatnaşyklary hasabat ýylynda hem dowam etdirdi. Ýagny, ÝHHG-niň demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň (DIAHE) ýardam etmeginde 2020-nјi ýylyň 25-26-nјy noýabrynda Adalatçynyň diwany ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde «Adam hukuklaryny ilerletmekde we goramakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» atly iki günlük okuw maslahatyny geçirip, oňa Meјlisiň deputatlary, ýurduň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri çagyryldy. Bu okuw maslahata, ÝHHG-niň halkara bilermenleri, öň iki möhlet Serbiýanyň Ombudsmeni bolan Saşa Ýankowiç we öň Beýik Britaniýanyň harby gullukçylaryň şikaýatlary boýunça komissary wezipesini eýelän Sýuzen Atkins dagylar hem goşulyp, Milli hukuk goraýјy edaralaryň (MHGE) beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy barada halkara teјribesini paýlaşdylar we MHGE-niň modellerine syn berdiler.

Türkmenistanyň Adalatçysy özüniň giriş sözünde Adalatçynyň diwanynyň döredilen gününden başlap ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen konstruktiw gatnaşykdadygyny belläp, adam hukuklarynyň ilerledilmeginde döwlet edaralarynyň wekilleri üçin şeýle okuw maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetlidigini belläp geçdi.

Geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatyň çäginde Adalatçynyň diwanynyň işgärleri halkara bilermenleri bilen bilelikde COVID-19 pandemiýasy döwründe Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň öňünde durýan möhüm meseleler barada durlup geçildi. Şeýle-de, aýratyn sessiýalary biznes-ombudsmeniň telekeçilik iş meselelerine, beýleki ýurtlaryň şeýle görnüşli edaralarynyň modellerine, olaryň orny we wezipeleri, öňdebaryјy teјribelerine bagyşlanyldy. Şu ýerde bellemeli ýagdaýlaryň biri, Adalatçynyň 2019-nјy ýyldaky ýerine ýetiren işi baradaky maglumatynda biznes (telekeçilik) meseleleri boýunça hukuklaryň goralmagyna gönükdirilen garaşsyz edaranyň döredilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmeklik barada teklip edilipdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Adam hukuklaryny ilerledilmeginde we goramakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» okuw maslahaty

Ýylyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan «Terrorçylyk bilen baglanyşykly јenaýat babatda adalatyň talaplaryna laýyk gelýän kanunyň hökmürowanlygy», «Žurnalistika biliminiň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermek», «Köpdürlilik biliminiň köp dürlüligini dolandyrmagyň guraly, ýetişigiň we durmuş integrasiýasynyň ýokarlanmagy», «Јezalaryň ýerine ýetiriş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» atly gurnalan okuw maslahatlara Adalatçynyň diwanynyň wekilleri işјeň gatnaşdylar.

2020-nјi ýylyň 20-nјi noýabrynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri ýurduň käbir hukuk goraýјy edaralarynyň we okuw јaýlarynyň wekilleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan, Merkezi Aziýanyň bäş döwleti tarapyndan kabul edilen we Ýewropanyň Geňeşi tarapyndan durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça kanunyň hökmürowanlygy diýen ÝB-niň Sebitleýin Maksatnamasynyň taslamasy esasynda gurnalan sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda milli hyzmatdaşlar, Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde HELP maksatnamasy arkaly hukuk hünärmenleriniň maksatlaýyn toparlarynyň zerurlyklaryny, adam hukuklary biliminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu maksatnamanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny we demokratiýany has-da ýokarlandyrmaga ýardam edip biljekdigi barada bellenildi.2020-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Adalatçysy, BMG-sy bilen bilelikde geçirilen Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň duşuşygyna gatnaşdy. Iş toparynyň agzalary DÖM-nyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni täsir edýän global tendensiýalar bilen tanyşdylar. BMG-niň baş ykdysatçysy Elliot Harris «Döwrümiziň tendensiýalaryny emele getirmek» hasabatynyň esasy netijeleri bilen tanyşdyrdy. Duşuşykda Türkmenistanyň global maglumatlar binýatlarynda hasabatyny gowulandyrandygy we şol bir wagtyň özünde DÖM-nyň milli maglumatlar binýadyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça meýilleşdirilen bilelikdäki işiň möhüm 

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň duşuşygy.

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Merkezi Aziýa we Owganystan üçin täze «Sportlight başlangyjy» sebit maksatnamasyna badalga berilmegine gatnaşyp, bu Sebit maksatnamasynyň maksady aýal-gyzlar babatynda zorluga garşy hereket etmek we ony ýok etmek bolup durýar. Dekabr aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça tehniki işçi topаrynyň onlaýn duşuşygyna, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde 2021-nji ýylda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän Taslamalaryň meýilnamasy boýunça ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň sanly wideoaragatnaşyk maslahatyna gatnaşdylar.

Belli bir derejede, tamamlanýan ýylyň iň ýokary derejesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly ýagdaýda toýlanmagy bolup, onuň şanyna 12-nji dekabrda ýokary derejede «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň dabaraly mejlisine abraýly halkara guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýminiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norowyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň wideo ýüzlenmeleri diňlenildi.

Diňlenilen çykyşlarda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň düýp ähmiýetine, diýarymyzyň halkara derejesinde dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki gazananlaryna obýektiw we hemmetaraplaýyn baha berildi.

Soňra, Halkara maslahatynyň ikinji ýarymy umumy ýygnaklar görnüşinde dowam edip, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy «Bitaraplygyň ynsanperwerlik ölçegi - durnukly ösüşe goşant we 2030-njy ýyla çenli gün tertibi» atly sessiýasynda çykyş etdi. Adalatçy öz çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň adam hukuklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, onuň üpjün edilmeginiň türkmen döwletimiziň syýasatynyň iň möhüm ýörelgeleriniň biri bolup durýandygy barada belledi. Ýubileý baýramçylygyň şanyna dekabr aýynyň ilkinji günlerinden başlap, biziň ýurdumyzyň dürli pudaklardaky syýasy we ykdysady gazananlaryna bagyşlanan maslahatlaryň we sergileriň işjeň ýagdaýda geçirilendigini bellemek gerek. Baýramçylyk çäreleriň çäginde 12 günüň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň, halkara guramalarynyň arasynda taslama resminamalaryna gol çekmek dabaralary bolup geçdi.

Şeýlelikde, 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly taslama resminamasyna, şeýle-de Adalatçynyň diwanynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara gol çekilmegi, ýylyň dowamynda geçirilen dürli duşuşyklaryň we geňeşmeleriň, taraplaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi boldy.

Hasabat ýylynyň ahyrynda, ýagny 16-njy dekabrynda, «Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda hyzmatdaşlygyň 2021-2025-nji ýyllar üçin çarçuwaly meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň ilkinji ýygnagy geçirildi. Ýygnaga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 30-dan gowragynyň, şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň wekilleri we düzüm agzasy hökmünde Adalatçy hem gatnaşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň (ÖHÇM) esasy gazananlary boýunça netijeleri, şeýle hem täze Çarçuwaly maksatnamany ornaşdyrmagyň indiki ädimleri jemlendi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Ýolbaşçy komiteti tarapyndan Ýol kartasyny, onuň bäş sany netijeleri boýunça bilelikdäki ýyllyk iş meýilnamalaryny, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegini goldamak üçin maliýeleşdirmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamak boýunça geljekki işler barada ylalaşyk gazanyldy.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky we Türkmenistanyň Adalatçysynyň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetiniň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak çygrynyň meseleleri boýunça ählitaraplaýyn pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler.

Tamamlanýan ýylyň iň soňunda, ýagny 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze we Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa taslamasynyň direktory Eleonor Walentaýnyň şeýle hem BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Türkmenistandaky wekiliniň gatnaşmagyndaky duşuşyklary bolup, onuň barşynda taraplar adam söwdasyna we mejbury zähmete garşy hereket etmek çygrynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşdy.

Şeýlelikde, hasabat ýylynda alnyp barlan halkara hyzmatdaşlygy, halkara hyzmatdaşlar, beýleki döwletleriň milli hukuk goraýjy edaralary bilen konstruktiw gatnaşyklary pugtalandyrmaga we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy mundan beýläk hem ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürer, adam hukuklaryny goramak çygrynda tejribe alyşar we ony meýilleşdirilen taslamalarda we çärelerde durmuşa geçirer. Maglumatda beýan edilenlerden ugur alyp we adam hukuklary çygrynda ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine ýardam etmek maksady bilen, teklip edýäris:

BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmegi dowam etdirmegi we ony ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi;

ýurda BMG-niň adam hukuklary çygrynda aýratyn ugurlar boýunça ýörite dokladçylaryny çagyrmak meselesi boýunça degişli işleri geçirmekligi.  

VIII bap Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri

Maglumatymyzda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan şikaýatlara seredýändigi barada we onuň esasy wezipeleriniň biri hem, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine we olaryň bozulan ýagdaýynda dikeldilmegine ýardam etmek bolup durýandygy barada belläp geçipdik. Şunda olaryň döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatlaryna seredýär. Şikaýatlar, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynda görkezilen tertipde önümçilige kabul edilenden soň, Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçy olary barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukukly bolup durýar we görkezilen madda esaslanyp iberilen şikaýatlar boýunça, edara-guramalar tarapyndan barlagyň netijeleri we arza berijiniň hukuklarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagy boýunça görlen çäreler barada Adalatça onuň bellän möhletinde habar berilmelidigi barada şol maddada göz öňünde tutulan. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda bolsa, Adalatçy, Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, bir aýyň dowamynda seredip, netijesi barada habar berilmegi soralyp, maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da degişli wezipeli adamlara ýüz tutup bilýär.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan önümçilige kabul edilen arzalaryň käbirleri, olaryň barlanylmagyna ýardam bermekligi soralyp, ýagny Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, ygtyýarly edaralara degişli hatlar, şeýle-de Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, teklipler iberildi. Ondan başga-da, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 18-nji maddasyna esaslanyp, ýüztutmalar boýunça Adalatçynyň diwany tarapyndan, şeýle-de degişli ulgamyň işgärleri bilen bilelikde barlag geçirilip, degişli netije çykarylanlary hem boldy.

Barlag geçirilen ýüztutmalar boýunça kanagatlanarly netijeleriň çykarylany bolup, olaryň käbirlerine Siziň ünsüňizi çekesimiz gelýär.

Adalatçynyň ýüztutmalary boýunça geçirilen barlaglarda raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, galybersede beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kepillendirilen, zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň berjaý edilmegine doly we içgin garalman, olaryň dürli guramalara ýüz tutmaklaryna ýol berilýän halatlaryna gabat gelindi.

Meselem, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy T.G., işe ýerleşmek meselesi bilen degişli edaralara yzygiderli ýüz tutup gelýändigi, emma ýerleşip bilmeýändigi sebäpli, iş bilen üpjün edilmegine ýardam bermekligi sorap, ýazan arzasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberildi we oňa seredilmegiň netijesinde, raýat Türkmenbaşy etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň 22.07.2020 ýyldaky 73 belgili buýrugy bilen terbiýeçiniň kömekçisi edilip, wagtlaýyn işe ýerleşdirilen.

Ýene-de, zähmet meselesi bilen ýüz tutan Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy M.B., adamsynyň ruhy kesel kesgidi bilen bejergi alýandygy, eklenjinde iki sany kiçi ýaşly çagalarynyň bardygy sebäpli, iş bilen üpjün edilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberilip,geçirlen işleriň netijesinde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine işe ýollanandygyny we şol müdirligiň 06.02.2020 ýyldaky 10 belgili buýrugy bilen raýat tam süpüriji kärine wagytlaýyn işe ýerleşdirilen.

Şu ýerde, görkezilen raýatlar wagytlaýyn işe ýerleşdirilen hem bolsa, soňra Adalatçynyň diwanyna şikaýat bilen ýüz tutmandyklary, olaryň zähmet meseleleriniň degişli edaralar tarapyndan üns merkezlerinde saklanyp, degişli işleriň ýola goýulandygynyň şaýadydyr.

Käbir edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň öz üstlerine ýüklenen wezipe borçlaryny kanuna laýyk ýerine ýetirmän, ýa-da wezipelerinden bikanun peýdalanyp, raýatlaryň zähmete bolan hukuklarynyň bozulmagyna getirýän halatlaryna hem gabat gelindi.

Muňa mysal edip, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy D.N., Görogly etrap alyjylar jemgyýetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji G.B. bikanun hereketleri zerarly işden çykarylandygy barada ýazan ýüztutmasyny görkezmek bolar. Arza, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilip, oňa seredilmegi netijesinde D.N. işden boşadylanda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-44-nji we 54-nji maddalarynyň talaplary bozulyp, bikanun işden boşadylandygy ýüze çykarylyp, Daşoguz welaýat prokuraturasy tarapyndan Görogly etrap alyjylar jemgyýetine garşylyknama iberilen we raýat 24.03.2020 ýyldaky 27 belgili buýruk bilen jemgyýetiň Çörek sehiniň tehnolog-laboranty wezipesine dikeldilen, şeýle hem D.N işden bikanun boşadylmagyna ýol beren kärhananyň ýolbaşçysy G.B. we jogapkär işgäri Ş.M. dagylaryň garşylaryna Türkmenistanyň AHBHK-niň 304-nji maddasynyň 1-nji bölegi bilen administratiw önümçiligi gozgalyp, 20.04.2020 ýylda olaryň her birine 500 manat jerime salynan.

Indiki getirjek mysalymyzda raýat özüniň zähmete bolan hukuklarynyň işleýän edarasynyň ýolbaşçysynyň bikanun hereketleri zerarly bozulandygy barada arzasynda görkezen hem bolsa, geçirilen barlagyň netijesinde onuň zähmete bolan hak-hukuklarynyň bozulmandygy, emma ýolbaşçysynyň hakykatdan hem kemçiliklere ýol berendigi anyklanyldy.

Ýagny, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy E.A., işden bikanun çykarylandygy we Baýramaly etrabynyň hassahanasynyň jogapkär wezipeli işgäri D.M. we etrabyň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary tarypyndan goýberilýän bidüzgünçilikler barada hukuk goraýjy edaralaryna ýazan arzalary boýunça kanuny netije çykarylmaýandygy barada ýazan arzasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi we geçirilen barlagyň dowamynda agzalan hassahananyň jogapkär wezipeli işgäri D.M. teklibi bilen ýurdumyzda geçirilýän sport çärelerine gatnaşmak üçin hassahananyň işgärlerinden pul ýygnalyp, hassahana 10 sany welosipedleriň satyn alnandygy, şeýle-de hassahana berlen ýüpek gurçugyny ösdürmek, sadaka bermek üçin işgärlerden pul ýygnalandygy we bu ýagdaýlaryň işgärleriň arasynda nägilelik döremegine getirendigi anyklanyp, Mary welaýat prokuraturasy tarapyndan berlen teklipnamanyň esasynda, D.M. 27.05.2020 ýylda wezipesinden boşadylandygy, emma raýatyň zähmet hukuklarynyň bozulmandygy we onuň arzasynda görkezen beýleki delilleriniň tassyk bolmandygy subut edilen. Şeýlelikde, ol ýüztutma bölekleýin kanagatlandyrylyp, barlagyň netijesi barada ýüz tutan raýata degişli jogap haty berildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyza alan hünärleri boýunça zähmet çekmek, tejribe toplamak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2018-2020-nјi ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasy» munuň aýdyň mysalydyr.

Muňa garamazdan ýaşlarymyzyň özleriniň saýlap alan hünärleri boýunça bilim alyp, ýaňy zähmet ýoluna başlamaly ýaş hünärmenleriň hukuklarynyň hem, käbir ýolbaşçylar tarapyndan degişli netije çykarylman, bozulmagyna getirýän halatlaryna hem gabat gelindi.

Meselem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy M.N., ýokary okuw mekdebini tamamlap, okuwdan soňky iki ýyl iş döwrüni geçmek üçin işe ýollama esasynda ugradylan iş ýeriniň öz alan hünärine gabat gelmeýändigi, ondan başga-da ol ýerde işlemeli edilen wezipesiniň asla ýokdugy, agzalanlary nazara alyp, iş tejribesini geçmek üçin ugradylan iş ýerini öz alan hünäri boýunça üýtgedilmegine ýardam bermekligi sorap ýüz tutdy. Ýüztutma boýunça, ilki Türkmenistanyň Bilim ministrligine Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, teklip, soňra Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ýüztutma ugradylyp, oňa seredilmegiň netijesinde ýaş hünärmenleri işe ýollamagyň tertibini düzgünleşdirýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.02.2019 ýyldaky «Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak hakynda» 1113 belgili karary bilen tassyklanan Düzgünnamanyň esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň 13.10.2020 ýyldaky 229-Ö belgili buýrugy bilen M.N. iş ýeri üýtgedilip, hünäri boýunça okuwdan soňky iki ýyl iş döwrüni geçmek üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinemotografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň ygtyýaryna işe iberilen.

Raýatlaryň şikaýatlarynyň meseleleri boýunça geçirlen seljermede, olaryň esasan ýaşaýyş jaý meselesidigi ýokardaky bölümlerde bellenilip geçildi. Olaryň şu mesele boýunça şikaýatlary ýerlerde seredilende, hemmetaraplaýyn öwrenilmän, raýatlaryň bolsa alan jogaplaryndan kanagatlanman, ýokary guramalara, şol sanda Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmagyna getirýär, emma şol ýüztutmalar boýunça geçirilýän barlaglaryň netijesinde olaryň meseleleri ýerlerde çözülýär.

Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy A.K., ýykylma howpyna degişli edilen ýaşaýyş jaýlaryna derek başga ýaşaýyş jaýynyň berilmegine ýardam bermekligi sorap ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirilen barlagyň netijesinde, Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ýaşaýyş jaýyň tehniki ýagdaýy 2018-nji ýylda seljerilip, «kanagatlanarly däl» diýip netijä gelnendigine garamazdan, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher häkimligi tarapyndan jaýyň göterijilik ukybyny pugtalandyrmak, bolup biljek agyr netijeleriň öňüni almak üçin ýeterlik işleri häzirki wagta çenli geçirilmändigi anyklanan. Daşoguz şäher prokuraturasy tarapyndan ýüze çykarylan kanun bozulmalary düzetmek barada Daşoguz şäher häkimligine teklipnama berilen we agzalanlar barada, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna maglumat iberlen. Agzalan teklipnama seredilmegi netijesinde, raýat A.K. meselesiniň gözegçilikde durandygy, mümkinçilik dörän ýagdaýynda degişli ýaşaýyş meýdanly öý berilip göçüriljekdigi, häzirki wagtda Ýaşaýyş jaý ulanyş tresti tarapyndan onuň 2 otagynyň üçeginde düzediş-abatlaýyş işleri geçirilendigi barada habar berildi. Agzalan ýüztutma Adalatçynyň gözegçiliginde saklanýar.

Şeýle-de, ýaşaýyş jaý bilen baglanşykly meseleler bilen raýatlaryň köpçülikleýin ýüztutmalary hem Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşdy, ýagny olar şikaýatlarynda, degişli edaralar tarapyndan meseleleriniň ýerlerde seredilmänligi barada görkezýärler.

Meselem, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar şäherçesiniň Altyn asyr köçesiniň 1-nji jaýynyň ýaşaýjylarynyň, ýaşaýan jaýlarynda indi uzak wagtdan bäri düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigi sebäpli, jaýlarynyň göterijilik ukybynyň gaçyp barýandygy barada köpçülikleýin (jemi 8 raýat) ýazylan ýüztutma, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberildi we oňa seredilmegiň netijesinde, Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy bilen Balkan Ýöriteleşdirilen Gurluşyk dolandyrmasynyň arasynda görkezilen ýaşaýyş jaýda düýpli bejeriş işlerini geçirmek barada 23.07.2020 ýylda 485 belgili şertnama baglaşylyp, ýakyn günlerde abatlaýyş işleriň geçirilip başlanjakdygy barada ýaşaýjylar bilen duşuşylyp aýdylan.

Şeýle-de, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Nyýazow şaýolunyň 25/4, 5, 6, 7, 7a, 16-njy jaýlarynyň ýaşaýjylary (köpçülikleýin, jemi 62 adam), ýaşaýan jaýlarynyň töwereginde abatlaýyş işleriniň geçirilmegine we köçelerini asfalt bilen düşelmegine ýardam bermekligi sorap ýazylan arza, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Mary welaýat häkimligine iberildi.Ýüztutma seredilmegiň netijesinde, raýatlaryň ýaşaýan jaýlarynyň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilen, yşyklandyryjy çyralar goýulan, ýollaryna bölekleýin çagyl düşelen, asfalt etmek üçin ölçeg işleri geçirilen we ýeterlik maliýe çeşmesiniň bolan ýagdaýynda ýollary asfalt edilip beriljekdigi barada ýüz tutan ýaşaýjylar bilen duşuşylyp düşündirilen.

Ýene-de bir ýüztutma, Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 71- nji jaýynyň ýaşaýjylary (jemi 8 raýat), ýaşaýan jaýlarynyň töwereginde ýerleşýän kafeniň eýeleri tarapyndan goýberilýän bidüzgünçilikleri aradan aýyrmaga ýardam bermekligi sorap, ýazan ýüztutmalary, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Aşgabat şäher häkimligine iberildi we oňa seredilmegiň netijesinde şäheriň A.Nyýazow şaýolunyň 55/2-nji jaýynda hereket edýän kafe häkimligiň hünärmenleri tarapyndan barlanyp, onuň başlygy S.P. ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyryp, ullanylýan tüsse çykaryjylary ýaşaýjylara päsgel bermez ýaly gurnalmagy barada talapnama berilip, ol ýerine ýetirilen.

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň ýaşaýjylarynyň (jemi 41 raýat), ýaşaýan obalarynyň çäginden geçýän zeý suw akabasyna zeý suwy göterijini ornaşdyryp we işledip bermeklige ýardam bermekligi sorap ýazan köpçülikleýin ýazylan arza, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Lebap welaýat häkimligine iberilip, geçirilen barlagyň netijesi boýunça ýüz tutan raýatlaryň obalarynyň çäginde ýerleşýän «Burguçy» suw bekedine suwuň öz akymyna akýandygy anyklanyp, şeýle-de ekin meýdanlary suwarmaklyk üçin iki sany suw hereketlendirijiler hem-de iki sany «NDN» suw göterijiler «Ýylgynagyzakabaulanyş» dolanşygynyň 355-nji bekedinde oturdylan we olaryň ýüztutmalary kanagatlandyrylan.

Agzalyp geçilenler, ýagny ýüztutmalaryň köpçülikleýin ýazylmagy we olarda görkezilenleriň subut bolmagy, ýeke-bir adamyň däl-de, raýatlaryň kanuny hak-hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna getirilendiginiň mysaly bolup durýar.

Şikaýatlara geçirilen seljermede, raýatlaryň başga-da dürli meseleler bilen ýüz tutandyklary, olaryň hem meseleleri ýerlerde ýüzleý garalmagy netijesinde, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getirendigi hem mälim boldy.

Meselem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy M.D. özüne berlen 0,32 ga mellek ýerini öz adyna kanun esasynda ençeme wagtyň dowamynda resmileşdirip berilmeýändigi sebäpli, ony resmileşdirmäge ýardam bermekligi sorap ýazan arzasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Daşoguz welaýat häkimligine iberildi. Ýüztutma seredilmegiň netijesinde Boldumsaz etrabynyň häkiminiň karary esasynda raýata ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet nama resmileşdirilip berlen.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy D.S. adamsynyň Çernobylyň AES-da maýyp bolup gelendigini we özüniň II-nji topar maýypdygyny göz öňünde tutup, ýaşaýan şäherinde ýerleşýän 2 sany ýag zawodyndan mallaryna iýim alyp bilmeýändikleri sebäpli, ýardam bermekligi sorap ýüz tutdy. Onuň ýazan arzasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Balkan welaýat häkimligine iberildi we oňa seredilmegiň netijesinde D.S. 2 tonna mal iýimi bilen üpjün edilen we her aýda onuň mallary üçin iýim berilip durulmagy degişli tertipde ýola goýlan.

Kähalatlarda raýatlar, özleriniň ýüztutmalarynda meseleleri boýunça anyk ýagdaýlary görkezmän, ýüz tutýan edaralary tarapyndan öz meseleleriniň hamana çözülmän galdyrylyp, özleriniň ýa-da maşgala agzalarynyň hukuklarynyň bozulandygy barada görkezýärler. Emma, arzalary boýunça geçirilýän barlaglaryň dowamynda, olaryň özleriniň hukuk bozulmalara ýol berendikleri ýa-da asla meseleleri bilen degişli edaralara ýüz tutmandyklary ýüze çykarylan ýagdaýlary hem boldy.

Meselem, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy M.W., Halaç etrabynyň polisiýa bölüminiň işgärleri tarapyndan adamsynyň bikanun ogurlykda aýyplanandygy sebäpli, olara kanun esasynda çäre görmekligi sorap ýazan arzasy boýunça degişli edaralar tarapyndan netije çykarylmaýandygy barada ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirlen barlagyň netijesinde şol etrabyň ýaşaýjysy raýat R.D. özüniň köçäniň ugrunda duran «Ural» kysymly motoulagynyň tok öndürijisiniň we tok paýlaýjysynyň ogurlanandygy barada etrap polisiýa bölümine ýazan arzasy esasynda geçirlen dessin işleriň dowamynda, jemi bahasy 245 manat bolan agzalan şaýlary ýüz tutan M.W-niň adamsy S.J. alandygy ýüze çykarylyp, geçirlen gürrüňdeşligiň netijesinde onuň alan şaýlaryny öýlerinden çykaryp berendigi, ol beren düşündirişinde özüniň öňden R.D.-dan algysynyň bardygy sebäpli, oňa degişli motoulagyndan görkezilen şaýlary söküp alandygy we ol şaýlary barlagyň dowamynda gaýtaryp berendigi barada, M.W bolsa adamsynyň eýesinden gizlin alan zatlarynyň olaryň aralarynda ozaldan gelýän algy-bergi jedeli bilen baglanyşyklydygy, olaryň gaýtarylyp berlendigi barada görkezendikleri, galyberse-de şaýlaryň bahasynyň möçberiniň azdygy göz öňüne tutulyp, S.J. hereketlerinde jenaýatyň alamatlarynyň ýokdugy sebäpli, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi bilen jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilendigi, şeýle-de etrap PB-niň başlygynyň buýrugy bilen iş toplum boýunça geçirilen barlagda süýrenjeňlige ýol berip wagtynda kanunalaýyk netije çykarylmandygy sebäpli, polisiýa bölüminiň jenaýat agtaryş bölüminiň gözegçisi B.K. «berk käýinç» yglan edilendigi barada anyklanan.

Şeýle-de, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy S.M., özüniň we gyzynyň ýitiren pasportlarynyň degişli edaralar tarapyndan dikeldilmeýändigi we ýaşy ýeten ogullaryna pasport berilmeýändigi barada görkezip ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberildi.Geçirlen barlagyň dowamynda, raýata Balkanabat şäher häkimligi tarapyndan öz wagtynda berlen şahsy pasportynda, şol şäherde belli bir salgyda ýazgyda durandygy barada belliginiň bolandygy we şol ýerde ýaşandygy, emma häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň çäginde wagtlaýyn ýaşaýandygy, gyzy G.M. we özüniň pasportlarynyň ýitendigi sebäpli, olary dikeltmek, şeýle-de ogullary G.M. we A.M. dagylara pasport almak baradaky meselesi bilen degişli edara, ýagny Balkanabat şäher Polisiýa bölümine ýüz tutmandygy anyklanan. Barlagyň netijesinde ýüz tutan raýatyň we onuň gyzynyň ýitiren pasportlaryna derek, şeýle-de ogullaryna täze pasportlarynyň resmileşdirilip gowşurylandygy, alan täze pasportlarynda ýazgy etmeklik meselesi bilen degişli edara ýüz tutmaklyk maslahat berlen.

Adalatçynyň diwanyna gowşan ýüztutmalaryň käbirlerinde, raýatlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň işinden nägiledikleri barada görkezilýär we olaryň agzalan edaralara beren arzalary boýunça şol edaralaryň işgärleriniň wakalar boýunça öz wagtynda we talabalaýyk iş geçirilmeýändigi subut bolýar.

Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy A.Y., öz gyzy J.O. raýat M.D. aldap, birnäçe adamlardan oňa karzyna pul aldyryp, yzyna gaýtarman, gyzyny çykgynsyz ýagdaýa goýup, onuň öz janyna kast etmäge mejbur edendigi barada degişli hukuk goraýjy edaralaryna ýazan arzasy boýunça netije çykarylmaýandygy barada ýüz tutan. Ýüztutma Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirilen barlagyň netijesi boýunça, raýatyň arzasynda görkezen delilleriniň öz tassygyny tapandygy sebäpli, M.D. garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji böleginiň «b,ç» bentleri, 106-njy maddasynyň 2-nji bölegi bilen 31.10.2020 ýylda jenaýat işi gozgalyp, şol günden ol tutulyp saklanyp, derňew işleri geçirlip başlanan.

Ýene-de bir belläp geçmeli ýagdaýlaryň biri, Adalatçynyň diwany tarapyndan önümçilige kabul edilip, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Adalatçynyň degişli edara-guramalara iberen ýüztutmalary boýunça geçirlen barlaglaryň netijesi boýunça gutarnykly netije çykarylmanlygy sebäpli, ol ýüztutmalarda görkezilen meseleleriň doly çözülmegini gazanmak maksady bilen, öz gözegçiliginde saklaýandygydyr.

Ýagny, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň “Hakykat” daýhan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň (jemi 28 raýat) köpçülikleýin ýazan arzalarynda elektrik togy bilen talaba laýyk üpjün edilmegine ýardam bermekligi sorap ýazylan ýüztutma, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Şabat geňeşliginiň Gülistan obasynyň ýaşaýjylarynyň (jemi 31 raýat) köpçülikleýin ýazan ýüztutmalarynda elektrik togy, agyz suwy bilen talaba laýyk üpjün edilmegine ýardam bermeklik baradaky ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, degişlilikde Mary welaýat we Daşoguz welaýat häkimliklerine, ýüztutmalarda görkezilen delilleriň barlanylmagyna ýardam bermeklik soralyp, iberildi. Iki ýüztutma boýunça hem, welaýat häkimlikleri tarapyndan, raýatlaryň ýüztutmalarynda görkezen meseleleri boýunça ýaşaýjylar bilen duşuşylyp, görkezilen desgalaryň gurluşygy degişli taslama-çenlik resminamalarynyň taýýarlanyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda geljek ýyllaryň meýilnamasynda göz öňünde tutuljakdygy barada düşündirilen.

Şeýlelikde, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça entäk doly netije çykarylmandygy sebäpli, Adalatçynyň diwany tarapyndan Mary we Daşoguz welaýat häkimliklerine, agzalan ýüztutmalaryň Adalatçynyň diwany tarapyndan gözegçilikde saklanýandygy hem-de gaýtadan ýüztutmalaryň öňüni almak maksady bilen, olaryň ýüztutmada göz öňünde tutýan meseleleriniň anyk möhlete meýilleşdirilen ýagdaýynda goşmaça habar berilmegi haýyş edildi. Ýüz tutan raýatlara jogap berilende, olaryň ýüztutmalarynyň Adalatçynyň diwany tarapyndan gözegçilikde saklanýandygy barada hem görkezildi.

Ondan başga-da käbir ýüztutmalar boýunça «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 18-maddasynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçynyň diwany tarapyndan bilelikdäki barlaglar hem geçirildi. Aşakda görkezilýän ýüztutma boýunça hem Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň degişli ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde barlag geçirildi.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Ş.A., uzak möhletli ýeňillikli bank karzynyň hasabyna gurlan, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýaşaýyş jaýyny galp resminamalar esasynda elinden alynyp, raýat M.H. bikanun resmileşdirilendigi barada ýazan ýüztutmasy önümçilige kabul edildi we arzasynda getirýän delilleri boýunça degişli barlag işleri alnyp baryldy.

Geçirilen barlagyň dowamynda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç raýatlaryň köplügine seretmezden, etrabyň çäginde bank serişdeleriniň hasabyna gurulan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga isleg bildirýän ýaşaýjylarynyň nobatlylygy ýöredilmändigi, etrabyň ýaşaýjysy Ş.A. ýokarda agzalan ýaşaýyş jaýyny we mellek ýerini öz adyna resmileşdirip bermek barada Halaç etrap häkimligine arza bilen ýüz tutup, onuň adyna Döwlet nama berilip, onuň ýaşaýyş jaýynyň öňünden 10% tölegini geçirendigine, «Lebapgurluşyk» ÖB-niň Halaç etrabyndaky 8-nji GGM-gi bilen Ş.A. arasynda ýaşaýyş jaýyny satmak we satyn almak barada şertnamanyň baglaşylandygyna, onuň maşgalasy bilen agzalan ýaşaýyş jaýynda ýaşap, ähli hyzmatlaryna tölegini yzygiderli geçirýändigine, onuň «Pisseli» HK-nda işleýändigine garamazdan, Ş.A. habarly etmezden, uzak möhletli bank karzynyň hasabyna gurlan ýaşaýyş јaýlary ýerleşdirmek boýunça ýörite toparyň gatnaşmagynda geçirlen umumy ýygnagynyň, onuň hiç ýerde işlemeýändigi, tölege ukypsyzlygy, ýaşaýyş jaýyny resmileşdirmekde mesele döredýändigi baradaky beýanlaryna esaslanyp, Ş.A. bilen baglaşylan üçtaraplaýyn şertnama, mellek ýer bermek baradaky karar ýatyrylyp, agzalan ýaşaýyş jaýy welaýatyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy M.H. satylandygy anyklanyldy.

Şeýlelikde, Halaç etrap häkimligi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 11.01.2008 ýyldaky «Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi girewine alyp karzlary bermegiň usulyny ösdürmek hakynda» 9361 belgili, 08.08.2014 ýyldaky «Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda» 13792 belgili kararlarynyň talaplary ýerine ýetirilmän, raýat Ş.A. kanuny hukuklarynyň bozulmagyna getirendigi ýüze çykarylyp, Lebap welaýat prokuraturasy tarapyndan Halaç etrabynyň häkimligine görkezilen kararlaryň talaplarynyň doly we gyşarnyksyz berjaý edilmegi, barlagda ýüze çykarylan kanun bozulmalary aradan aýyrmak barada anyk çäreleri görmekligi, etrap häkiminiň bikanun çykaran kararyny ýatyryp, häkimligiň kanun bozulmalara ýol beren jogapkär işgärlerini kanunda bellenen tertipde düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek barada teklipnama berildi. Oňa seredilmegi netiјesinde Halaç etrap häkiminiň 07.12.2020 ýyldaky 11/454 belgili karary bilen raýat H.M. adyna resmileşdirilen Döwlet namany güýçsiz hasap etmeklik we «Berkarar Zaman» obasynyň Garabekewül köçesiniň 5-nji salgysyndaky 0,16ga mellek ýerini Ş.A. adyna kanuna laýyklykda berkidip bermek karar edilip, kanun bozulmalara ýol beren etrap häkimliginiň bölüm müdirleri M.A. we H.A. dagylara “käýinç” temmi çäreleri berildi. Raýat Ş.A. bu barada ýazmaça habarly edildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy T.M. ýaşaýyş jaý meselesi we Türkmenistanyň Bilim ministrligine Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy M.N. zähmet meselesi barada ýazan ýüztutmalary boýunça «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanyp, maslahat beriş häsiýetdäki teklipler iberildi. Ol tekliplere seredilip, alnan maglumatlara laýyklykda, ýüz tutanlara degişli јogap hatlary berildi.

Olardan başga-da, ýaşaýyş јaý meseleleri bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýјylarynyň ýüztutmalarynyň birnäçesiniň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, şikaýatda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermeklik soralyp, Aşgabat şäher häkimligine iberilip, häkimlik tarapyndan Adalatçynyň hatlarda görkezilen möhletlerde јogap berilmändigi, käbir ýüztutmalara bolsa düýp mazmuny boýunça seredilmändigi, olar boýunça ýatlatma hatlar ugradylandygyna garamazdan gutarnykly јogap berilmändigi nazara alynyp, görkezilen kanun bozulmalary aradan aýyrmak, degişli jogapkär wezipeli adam barasynda çäre görmek barada 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Aşgabat şäher häkimine Kanunyň 30-nјy maddasyna salgylanylyp Adalatçynyň teklibi iberildi. Teklibe bir aý möhletde seretmek göz öňünde tutulyp, hasabat ýylynda seredilmedi.

Maglumatymyzyň degişli babynda Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermeklik bolup durýandygy barada görkezildi. Şeýlelikde, beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowuşýan ýüztutmalara Türkmenistanyň çäginde seretmeklik meseleleri ýüze çykan ýagdaýynda, olardan gelen ýüztutmalar hem önümçilige kabul edilip, Adalatçy öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli işleri geçirýär. Şeýle ýüztutmalardan kanagatlandyrylanlaram boldy.

Selјerilýän ýylyň dowamynda hem beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden iki sany ýüztutma gowuşdy we olar boýunça hem Adalatçy tarapyndan degişli işleriň geçirilmegi dowam etdirilýändigi sebäpli, gözegçilikde saklanýar.

Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky bu bapda ýokardaky mysallary getirmek bilen, Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmegiň netijeleri boýunça kanagatlanarly çözgütlere gelinýänligine, şeýle-de ýol berilýän kanun bozulmalara ünsi çekmek bilen, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam etmek maksat edinildi.

IХ bap. Netije.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň geçen, 2020-nji ýylda eden işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty, onuň döredileninden bäri dördünji maglumaty bolup, onda Adalatçynyň kanuny ygtyýarlyklarynyň esasynda tassyklan, «Adalatçynyň diwanynyň 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň» çäginde alnyp barlan işler beýan edilýär. Maglumatda adyndan belli bolşy ýaly ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýa syn bermek bilen birlikde, Adalatçy tarapyndan alnyp barlan işler barada anyk mysallar arkaly görkezilýär. Beýan edilenleriň esasynda raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kanun bozulmalara ýol berlen, olar boýunça alnyp barlan işleriň netijesinde raýatlaryň hukuklarynyň dikeldilen, jogapkär wezipeli adamlar babatda görlen çäreler barada tanyşdyrylýar. Adalatçynyň işiniň beýleki esasy ugurlary bolan, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygy kämilleşdirilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça alnyp barlan işler görkezilýär. Bu işleriň netijesinde, her bapda beýan edilenleriň ahyrynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek babatda Adalatçynyň teklipleriniň ýerleşdirilenligine ünsiňizi çekýäris.

Beýan edilenler bilen tanşyp, ýurdumyzda adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýanlygy, şol bir wagtda hem käbir kanun bozulmalaryň gaýtalanýanlygyna göz ýetirmek bolar. Bu kanun bozmalar, esasan hem raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunyň talaplaryna laýyk tertipde we möhletde, şeýle-de düýp mazmuny boýunça seretmek meselelerinde ýüze çykýar. Bu we ýene-de adam hukuklaryny berjaý etmegiň käbir ugurlary boýunça işleri talaba laýyk gurnamak we gözegçilikde saklamak barada Adalatçynyň geçen ýyllardaky Maglumatlarynda hem degişli teklipler berildi. Teklipler babatda degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylaryna ýörite hatlar ýollanyp, hatlara agzalan kanun bozulmalara ýol berilmezliginiň gurnaljakdygy we gözegçilikde saklanjakdygy barada jogaplar alyndy. Muňa garamazdan maglumatda beýan edilenlerden şol bir pudaklar tarapyndan ýene-de bu düzgün bozmalara ýol berilýänligi görünýär.

Maglumatymyzyň jeminde döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jogapkär wezipeli adamlary Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2020-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu maglumaty bilen tanşyp, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we höweslendirmek çygrynda edilen işler we bellikler boýunça netije çykararlar hem-de öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň mundan beýläk hem berkemegine ýardam ederler diýip umyt edýäris.

Ýurdumyzda, işi adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gönükdirilen, bu garaşsyz edaranyň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmeklige döwletimiz tarapyndan döredilen syýasy we maddy mümkinçiliklerden peýdalanyp, Adalatçy hem, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde, diwanyň işgärleri bilen agzybirlikde iş alyp barjakdygyna, edaranyň işini halkara talaplaryna, ýagny adam hukuklary boýunça garaşsyz edaralaryň Pariž ýörelgeleriniň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirjekdigine ynandyrýar.