Ï Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn-okuw maslahatyň çäklerinde KPI meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn-okuw maslahatyň çäklerinde KPI meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 2289
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn-okuw maslahatyň çäklerinde KPI meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini «Netijeliligiň möhüm görkezijileri» (KPI) diýen tema degişli onlaýn-okuw maslahaty bir ýere jemledi. Ol ýurduň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan guraldy.

Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümleriniň wekilleri hem-de talyplary gatnaşdylar.

Onlaýn-maslahatyň çäklerinde giňden pikir alyşmalar boldy, oňa gatnaşyjylar degişli meseläni jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar hem-de KPI-niň – netijeliligiň möhüm görkezijileriniň esasynda dolandyryşyň nusgasyny kemala getirmek maksady bilen, dolandyryş işinde häzirki zaman programma üpjünçiligini ulanmagyň tejribesini paýlaşdylar.

«Кey performance indicators» (KPI) ýa-da netijeliligiň möhüm görkezijileri – munuň özi maksatlara ýetilişiniň ýa-da hereketleriň oňaýlylygynyň gazanylyşynyň derejesini, hususan-da – netijeliligi ölçemäge kömek edýän işleriň san boýunça görkezijileridir.

Çärede bellenilişi ýaly, netijeliligiň möhüm görkezijileri islendik edaranyň strategik maksatlaryna ýetmegi ugrunda olaryň ösüş ýagdaýlaryna syn we baha bermek üçin ulanylýan möhüm görkezijilerdir. KPI anyk wezipeleriň, strategiýalaryň, işewürlik-meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi esasynda kesgitlenilýär.

Onlaýn-okuw maslahatynyň geçirilmegi netijesinde, oňa gatnaşyjylar giňişleýin maglumat aldylar hem-de KPI baradaky bilimlerini ep-esli artdyrdylar, şeýle hem olar dolandyryş işlerinde netijeli ulanmagyň usullary bilen tanyşdylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar duşuşygyň netijelerini jemlediler, sowal-jogap alyşdylar.