Türkmen telekeçileri şu ýylyň 7–10-njy maýy aralygynda Tähranyň Pardis tehnologiýa seýilgähinde innowasiýa, maglumat tehnologiýasy we lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlar boýunça geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ECOTEX-iň tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ilkinji sergisine çagyrylýar.
Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň web sahypasynda habar berildi.
ECOTEX Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň pudak ýolbaşçylaryny, täzelikçileri we hünärmenleri birleşdirýän tehnologiýa sergisidir. Bu çäre innowasiýa, maglumat tehnologiýasy we lukmançylyk enjamlary pudagyndaky soňky üstünlikleri görkezmek, ugurlary we ösüşleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançadyr.
Bu ýere gelýänler innowasiýa programma üpjünçiligi, apparat we beýleki tehnologiki ösüşleri goşmak bilen önümleriň we hyzmatlaryň giň toplumyny synlap bilerler.
Sergä gatnaşmak isleýänler onuň ecotex.inotex.com resmi web sahypasy ýa-da 21-23-75/64 telefon belgi arkaly maglymat alyp bilerler.