AFK -2021 Kubogynyň ilkinji duşuşygynda «Hujandyň» garşysyna «Аltyn asyryň» dokuz oýunçysy oýnady

eye
2008
AFK -2021 Kubogynyň ilkinji duşuşygynda «Hujandyň» garşysyna «Аltyn asyryň» dokuz oýunçysy  oýnady

Aşgabadyň «Аltyn asyry» AFK -2021 Kubogynyň «F» tapgyrynda geçiren ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Hujant» topary bilen deňe-deň oýnady. Türkmenistanyň çempionynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 15-nji и 44-nji minutlarda garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgi geçirdi. Täjigistanyň çempionatynyň kümüş medalynyň eýelerinden bolsa oýnuň 25-nji minutynda Artýom Serdýuk we toparyň kapitany Dilşod Bozorow 41-nji minutda tapawutlandylar.

Bu tapgyrda olardan başga çykyş edýän Özbegistanyň «Nasaf» we Gyrgyzystanyň «Аlaý» toparlarynyň özara bäsleşikleri Duşenbäniň Merkezi stadionynda geçirildi.

Ýurdumyzyň ýedi gezek çempiony we Türkmenistanyň şu ýylky Kubogynyň eýesi «Аltyn Asyr» bu duşuşykda ýeňer diýip çak edilýärdi. Elbetde, muňa esas hem bardy. AFK -2021 Kubogynyň bäsleşiklerinde çykyş eden bäş ýylynyň içinde Aşgabadyň «Аltyn asyry» 2018-nji ýylda ýaryşyň finalyna çykypdy. «Hujant»  bolsa bary-ýogy ikinji gezek şeýle uly ýaryşa gatnaşýar.

Häzire çenli bu toparlar diňe iki gezek duşuşdylar. 2019-njy ýylda bäsdeşler «Hujandyň» meýdançasynda deň oýnasalar-da, Aşgabatdaky jogap oýnunda «Аltyn Asyr» ýeňipdi. «Аltyn Asyr» Täjigistanyň futbolçylary bilen geçiren sekiz duşuşygynda diňe bir gezek Düşenbäniň «Istiklolyndan» utulypdy.

АFК Kubogynyň täze bäsleşiginiň duşuşygy ýer eýeleriniň hüjümi bilen başlandy. Ýöne Altymyrat Annadurdyýewiň şowly hüjümi olaryň badyny gaýtardy. Altymyradyň 15-nji minutda jerime meýdançanyň daşyndan depen topy myhmanlaryň derwezesine girdi. Şondan üç minut geçensoň gödek oýnap, garşydaşyny ýykany üçin Birleşen Arap Emirliklerinden gelen baş emin Omar Mohamed Al Aly türkmen futbolçysy Berdimyrat Rejebowy oýundan çykardy.

Bir türgeniň oýundan çykmagyna ýer eýeleriniň ruhy göterildi. Şunuň yz ýanyndan täjik futbolçylary hat-da öňe saýlanmagy-da başardylar. Ýöne arakesmä çykylmazdan öň Wezirgeldi Ylýasowyň hüjümçi Altymyrat Annadurdyýewe gönükdiren topuny ol derewezä salyp, hasaby deňledi.

Arakesmeden soň täjik futbolçylary hernäçe hüjüme etseler-de, oýunçylarynyň sanynyň artykmaçlygyndan peýdalanyp bilmediler. 86-njy minutda duşuşygyň baş emini «Аltyn Asyryň» ýene-de bir oýunçysy ─ Mekan Saparowyň hereketini ikinji gezek duýduransoň, ol oýundan çykmaga mejbur boldy. Ýöne şonda-da bu oýnuň ahyryna çenli deňme-deň hasap saklandy.

«F» toparda ilkinji duşuşykdan soňra 3 utuk gazanan Özbegistanyň «Nasafy» öňe saýlandy. Ol Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi «Аlaýy» – 4:0 hasabynda ýeňdi.

Indiki duşuşyklar 17-nji maýda geçiriler. Şol gün «Аltyn Asyr» gyrgyzlaryň «Аlaýy», «Hujant» bolsa Özbegistanyň «Nasafy» bilen bäsleşer.

Bäsleşigiň indiki tapgyryna diňe ýeňiji topar çykar.

«AA»-nyň habarçysy