Ï Aşgabatda uly tennis boýunça ýaryş geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda uly tennis boýunça ýaryş geçirilýär

view-icon 4608
Aşgabatda uly tennis boýunça ýaryş geçirilýär

Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň tennis meýdançalarynda uly tennis boýunça ýurduň çempionaty başlandy  we ol Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu  ýaryş iki topara bölünip geçirilýär. Birinji toparda 12 – 14 ýaşly we 12 ýaşly hem-de ondan kiçi  çagalar birinji ýeri almak ugrunda bäşleşseler, ikinji toparda  ýaşy 14-den ýokary erkek we aýal türgenler ýurduň çempiony diýen hormatly at üçin özara güýç synanyşarlar.  

Ýaryşlara tutuş Türkmenistandan jemi 140-a golaý sportsmen  gatnaşýar. Ýurduň çempionatynda ýekebara çykyşlara goýulýan medallardan daşgary oglanlaryň arasynda iki bolup oýnalýan tennis boýunça-da sylagly orunlar üçin bäsleşiljekdigini  aýratyn bellemelidiris.   

2021-nji ýylyň 6 – 12 sentýabrynda Aşgabatda geçjek tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde ýerli turnirlere  täzelikler girizildi. Indi ýaryşlara bolboýlar-kömekçiler we gapdal eminleri hem gatnaşar.

Bolboýlar ─ uly sportuň kiçijik kömekçileridir. Olar ýaryşyň gidişinde oýunçylara meýdançanyň daşyna giden toplary äbererler, şeýle hem arakesmelerde olara süpürgiçleri teklip edýärler. Şeýle gözegçi bolmak – örän peýdaly. Bolboýlar uly sportçularyň hereketlerine, diňe tehniki ussatlygyna-da däl, eýsem, oýny alyp barmagyň taktikasyna we oýunçylaryň psihologik durnuklylygyna hem ýakyndan syn ederler. Olar ýaryşyň “perde arkasyndaky” howasyny-da duýup bilýärler. Atly-abraýly ençeme meşhur tennisçileriň uly sporta hut şeýle ýol bilen başlandyklaryny bellemek  hökmandyr.

Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy Aşgabatdaky we welaýatlardaky bolboýlary-kömekçileri Dewisiň kubogyna – erkekler arasyndaky iň uly halkara toparlaýyn tennis ýaryşyna işjeň taýýarlaýar. Her hepde federasiýanyň hünärmenleri olara meýdançadaky etmeli işleriniň aýratynlyklaryny jikme-jik düşündirýärler, olar bilen hem nazary, hem amaly okuw geçýärler. Aşgabatda olar bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş kätibi Eziz Döwletow, türgenleşdiriji Ýewgeniý Molçanow we Igor Zubkow ikisi okuw derslerini guraýarlar. Maryda bolboýlar bilen milli kategoriýaly emin Andreý Dowmatow meşgullanýar.

Türkmenistanyň birinjiligi we çempionlygy ugrundaky ýaryşyň netijeleri 23-nji maýda jemlener. 

Aýjahan ATABALLYÝEWA