Ï Çalt oýnalýan küşt oýny boýunça Aşgabadyň açyk onlaýn-çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çalt oýnalýan küşt oýny boýunça Aşgabadyň açyk onlaýn-çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi

view-icon 7849

Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň türkmen paýtagtynyň  140 ýyllygyna bagyşlap küşt-şaşka mekdebinde  guran Aşgabat şäheriniň açyk onlaýn-çempionaty tamamlandy.  Bu ýaryşa wideoaragatnaşyk arkaly ýurduň welaýatlaryndan, şeýle-de Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda, Belorussiýada we BAE-de okaýan türkmen talyplaryndan jemi 140 küştçi gatnaşdy.  Oňa gatnaşanlaryň arasynda birnäçe halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler hem bar. 

Bäsleşigiň tertibine görä,  onlaýn-çempionata gatnaşýanlar ýaşlary boýunça 4 topara bölündiler. 

Erkekleriň arasynda Türkmen Döwlet bedenterbiýe sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Saparmyrat Atabaýew birinji orna çykdy. Ol mundan bäş ýyl ozal 17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Soçi-de (RF) geçen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.   

Sport usssatlygyna  kandidat  Gurbangeldi Amangeldiýewiň kümüş medaly eýelemegi çempionatda garaşylmadyk täzelik boldy. Ol halkara sport ussady Meýlis Annaberdiýewden (3 orun) we  grossmeýster   Maksat Atabaýewden öňe geçmegi başardy. 

Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Jemal Öwezdurdyýewa  aýal-gyzlaryň arasynda hormat basgançagynyň iň ýokary derejesine  galmagyň hötdesinden geldi.  Jemal Öwezdurdyýewa  – Türkmenistanyň üç gezek çempiony, FIDE-niň ussady, 20 ýaşly gyzlaryň anrasynda 2018-nji ýylda geçen Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalanyň eýesi. 

Halkara grossmeýster Mähri Geldiýewa we birinji derejeli küştçi Ogulsuraý Baýrambaýewa ýaryşda deň utuk gazandylar. Ýöne goşmaça görkezijiler boýunça  Mähri Geldiýewa ikinji ýer berildi. Onuň garşydaşy Ogulsuraý – Aşgabat şäheriniň 16-njy mekdebiniň okuwçysy, 2019-njy ýylda aýal-gyzlaryň 1-nji ligasynyň  we 2020-nji ýylda 18 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony.  

16 ýaşlylaryň arasynda Amanmuhammet Hommadow we Eneş Orazmedowa  ýeňiji boldular. 

Ýaryşyň ýeňijileri paýtagtyň häkimligi hem-de Aşgabadyň sport we ýaşlar syýasaty  boýunça Baş müdiriliginiň gymmatbahaly sowgatlary we hormat halary bilen sylaglandylar. 

68 ýaşly Myrat Ýakubowa – ýaryşa gatnaşanlaryň iň ýaşulysy, 5 ýaşly Söhbet Agamämmedowa bolsa iň ýaş türgen hökmünde   Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň  aýratyn baýraklary gowşuryldy. Olaryň ikisi-de Daşoguz welaýatynyň wekilleridir.

Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, FIDE-niň tälimçisi, sport ussady, mümkinçilikleri çäkli türgenleriň arasynda iň gowy netije görkezen  –Aýdogdy Atabaýew hem    Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň   baýragyna mynasyp boldy. 

«AA» habarçysy

Surata düşüren Meret ROZYÝEW