Türkmenistanyň Kanuny «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

eye
2933
Türkmenistanyň Kanuny «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

1-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny we onuň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 22-nji maýy.
 378-VI.

  

«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda DÜZGÜNNAMA

1. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, öz ygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde we howpsuzlygyny üpjün etmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýyllaryna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişlere işjeň gatnaşan ýa-da ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan harby gullukçylary we işgärleri sylaglamak maksady bilen döredilýär.

2. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýyllaryna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişlere gatnaşan ýa-da dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylýar.

3. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýyllaryna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişlere gatnaşan ýa-da dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşant goşan we işjeň gatnaşan hem-de:

1) Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmäge şahsy goşant goşanlar;

2) milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmekde, harby gullukçylary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, goşunda ýokary düzgün-tertibi ýola goýmakda we dostlugy pugtalandyrmakda hyzmatlary bitirenler;

3) harby ylmy we tehnikany ösdürmekde, harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamakda, uly möçberli harby okuw tälimleri taýýarlamakda we üstünlikli geçirmekde, goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakda uly hyzmatlary bitirenler;

4) harby borjuny göreldeli ýerine ýetirip, harby gullukda ýokary hünär derejesini görkezip, düzgün-nyzamy birkemsiz berjaý edenler sylaglanylýar.

4. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň ýubileýleri bellenilýän ýyllarda amala aşyrylýar.

5. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglananlara medal we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.


«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň ÝAZGYSY

«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen sekizburçlukdan ybaratdyr. Ýubileý medalynyň umumy diametri 44.75 mm.

Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň arasynda nagyşlaryň üstüne çykyp duran kiçijik sekizburçly ýyldyzyň altyn çaýylan üç sany burçy ýerleşdirilen. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň daşky burçy ýaşyl reňk bilen syrçalanyp, onuň içki bölegine altyn we kümüş çaýylan. Medalyň merkezinde tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen, oýulyp şekillendirilen ýerligi kümüş çaýylan içki tegelek ýer şarynyň şekilinde bolup, onuň sag we çep tarapynda altyn çaýylan gylyjyň şekili we ortasynda diametri 14.26 mm bolan altyn çaýylan galkanyň şekili bolup, onuň merkezinde altyn çaýylan gün şöhleleri, üstünde galkanyň we iki sany gylyjyň şekilleri ýerleşdirilen. Içki tegelegiň daş ýüzündäki ýaşyl reňk bilen syrçalanan halkanyň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ WATAN GORAGÇYSY» diýen altyn çaýylan ýazgy we halkanyň aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun pudagy hem-de ýazgy bilen zeýtun pudagynyň arasynda iki sany kiçijik altyn çaýylan sekizburçly ýyldyz bar. Daşky tegelegiň daş töweregi bolsa kümüş çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan dürli şekiller bilen nagyşlanan.

Ýubileý medalynyň arka tarapynyň merkezi böleginde umumy diametri 30 mm bolan tegelegiň ýokarky böleginde ini 1.5 mm bolan «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ WATAN GORAGÇYSY» diýen ýazgy we tegelegiň aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun pudagy hem-de ýazgy bilen zeýtun pudagynyň arasynda iki sany kiçijik sekizburçly ýyldyz bar.

Ýubileý medaly halkajyk arkaly ini 25.2 mm, beýikligi 13.5 mm bolan iki gapdaly kertikli, gönüburçluk görnüşindäki kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň esasy meýdanynda güberçek görnüşinde altyn çaýylan galkan ýerleşdirilen. Galkanyň aşagynda iki sany gylyç atanaklaýyn ýerleşdirilen. Galkanyň merkezi böleginde iki sany zeýtun pudagy daşyna aýlanan sekizburçluk ýerleşdirilip, sekizburçlugyň merkezi böleginde bolsa, bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.

Ýubileý medaly we onuň kolodkasy misiň we nikeliň garyndysyndan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylýar.

Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin ildirgiç bar.


«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň ÝAZGYSY

 «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen. Onuň esasy meýdanynda güberçek görnüşinde altyn çaýylan galkan ýerleşdirilen. Galkanyň sag we çep tarapynda altyn çaýylan gylyjyň şekili ýerleşdirilen. Galkanyň merkezi böleginde bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.

Plankanyň daşky gyrasyna altyn çaýylýar.

Ýubileý medalynyň plankasynyň ölçegi inine 22 mm we beýikligine 10 mm bolup, ol mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalýar.