Ï Andreý Platonowyň döredijiliginde Türkmenistan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Andreý Platonowyň döredijiliginde Türkmenistan

view-icon 3804

Ençeme tanymal ýazyjylaryň we şahyrlaryň ykbaly Türkmenistan bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň biri hem özboluşly rus ýazyjysy Andreý Platonow. Platonowyň biziň ýurdumyzda geçiren döredijilik iş saparynyň netijesinde ýazan edebi eserleri türkmen dramaturglaryny we režisýorlaryny öz eserlerini döretmäge höweslendirdi.

2011-nji ýyldan bäri her ýylyň iýun aýynda ýazyjynyň dogduk mekanynda – Woronežde halkara Platonow festiwaly geçirilýär we bu festiwal sebitiň esasy medeni çäreleriniň birine öwrüldi. Onlarça müň isleg bildirýänler «Saz», «Teatr», «Şekillendiriş sungaty», «Edebiýat», ugurlary boýunça döredijilik eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik tapýarlar.

Platonowyň hakyky familiýasy – Klimentow. Ol ýazyjy, şahyr, publisist, dramaturg, kinosenarist, žurnalist, inžener we oýlap tapyjy hökmünde meşhurlyk gazandy. Iosif Brodskiý ony F.Dostoýewskiý bilen deňeşdirýärdi.

A.Platonowyň durmuş we döredijilik ykbalynyň gyzykly sahypalary Türkmenistan bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. 1934-nji ýylda Türkmenistanyň şanly on ýyllygyna bagyşlanan köpçülikleýin ýygyndyny ýazmak üçin Aşgabada ugradylan 20 ýazyjydan ybarat toparyň içinde A.Platonow Türkmenistana geldi. Ýurdumyzyň tebigaty we adamlary ýazyjyny haýran galdyrdy.

Türkmenistanda geçirilen iki aýlyk saparyň täsiri çöl durmuşyna bagyşlanyp ýazylan «Takyr» hekaýasynda öz beýanyny tapdy. Hekaýanyň sýužeti ruhubelent bolup, iň kyn pursatlarda-da berk durmuş söýüjilik başlangyçlary öz içinde jemleýär. A.Platonowyň ýazyşy ýaly «...bir ýerlerde ýalňyz agaç ösýär, onuň şahasynda bolsa ownuk, kiçijek guşjagaz ýuwaşja, ulumsylyk bilen öz aýdymy aýdyp otyr. Ol guşjagazyň gapdalyndan düýeli kerwenler, atlylar, Turana tarap only geçip barýar. Guşjagaz bolsa öňküsine garandan has akylly we ýuwaş, öz içinden diýen ýaly aýdymyny dowam edýär: bu durmuşda kimiň asgyn geljegi belli däl – guşjagazmy ýa-da kerwenler bilen otly».

A.Platonowyň bu hekaýasynyň çap edilmeginden birnäçe wagt soňra, eýýäm Türkmenistanyň hökümetiniň çakylygy boýunça ony ýurdumyza nobatdaky iş saparyna ugradýarlar.

1935-nji ýylyň başyndan, üç aýlap A.Platonow türkmen topragynda bolup, «Jan» powestiniň üstünde işledi. Powest ýaz aýlary tamamlanyp, «Gyzyl täzelik» žurnalynyň we «Iki bäşýyllyk» almanahyna tabşyryldy. Ýöne awtoryň diriliginde bu eser çap edilmedi.

1968-nji ýylda meşhur türkmen režisýory Bulat Mansurow A.Platonowyň ýurdumyza eden birinji iş saparynyň dowamynda ýazan «Takyp» hekaýasynyň esasynda «Gyrnak» atly filmi surata düşürýär. Film ony döredenlere mynasyp baýraklar getirýär. Filmiň režisýory B.Mansurow Orta Aziýa we Gazagystan Respublikalarynyň kinematogrofçylarynyň bäsleşiginiň ýörite diplomy bilen «1970-nji ýyl», filmiň hudožnigi Ş.Akmuhamedow bolsa dördünji Bütinsoýuz kinofestiwalynyň (Minsk 1970-nji ýyl) baýragy bilen sylaglandy.

Ogulgözel Rejepowa