Iki akademiýanyň hyzmatdaşlygy: ösüş sepgitleri

eye
2064
Iki akademiýanyň hyzmatdaşlygy: ösüş sepgitleri

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda amala aşan resmi saparynyň çäginde gyrgyz-türkmen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli pudaklarda, şol sanda ynsanperwer, bilim, ylym, tehniki we medeni ýaly dürli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.

Olaryň arasynda Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwleti dolandyryş akademiýasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda esasy wezipesi aşakdakylary öz içine alýan maksatnamalary we çäreleri durmuşa geçirmek bolan özara düşünişmek Memorandumy-da bar:

• bilelikdäki ylmy-barlag işleri;

• agtaryşlar, leksiýalar we çekişmeler üçin mugallymlar we ylmy işgärler bilen hyzmatdaşlyk;

• seminarlara, okuwlara, tegelek stollara we ylmy-amaly konferensiýalara gatnaşmak;

• okuw materiallaryny, neşirleri, beýleki maglumatlary alyşmak, şeýle hem gysga möhletli okuw meýilnamalaryny guramak.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna döwlet syýasatynyň möhüm faktorlaryndan biri bolan sanly bilimi ösdürmek-de girýär. Iki akademiýanyň ýokary bilimi sanly ulgama geçirmek usullaryny gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirmek göz öňünde tutulýar.

ÝB, GDA, Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky öňdebaryjy akademiki mekdepleriň ösüşiniň häzirki döwründe magistr maksatnamalaryny, şol sanda jemgyýetçilik-döwlet dolandyryş sektory üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan Master of Public Administration (MPA – Döwlet dolandyryş magistri) maksatnamasyny-da işläp düzmek we durmuşa geçirmek wajyp hem talap edilýän düzüm bölegi bolup durýar.

Magistr okuwlary gözleg, dolandyryş, hünär endiklerini ösdürmäge, şeýle hem orta we ýokary derejeli ýolbaşçylarda uzak möhletleýin strategik meýilleşdirmek ulgamynda amaly başarnyklary döretmäge gönükdirilendir.

Master of Public Administration maksatnamasynyň möhüm artykmaçlyklaryndan biri-de onuň amaly bilim bermäge gönükdirilenligidir. Munuň üçin okatma işine amaly hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, bu maksatnama döwlet işgärlerini kämilleşdirmegi ýa-da hünär taýdan gaýtadan taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Döwlet gullugy akademiýasynyň 2010-njy ýylda gol çekilen memoranduma laýyklykda Belarus Respublikasynyň şunuň ýaly akademiýasy bilen bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG Ösüş maksatnamasynyň 2017 – 2020-nji ýyllarda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna kömek” atly bilelikdäki taslamasynyň netijelerine esaslanyp, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň goldawy bilen (tematik modullary öz içine alýan) magistr derejesindäki “Sanly dolandyryş” okuw maksatnamasy işlenip düzüldi, şeýle hem degişli okuw-usulyýet materiallary we esasy tälimçler taýýarlandy.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy (GRDDA) Gyrgyzystanda döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak ugrundaky ýöriteleşdirilen ýeke-täk okuw jaýydyr.

GRDDA öz işinde döwlet bilim standartlaryna laýyklykda işlenip düzülen we Fransiýanyň Milli dolandyryş mekdebiniň (FMDM), Kennedi adyndaky Garward Döwlet dolandyryş mekdebiniň, Li Kuan Ýu adyndaky Singapur döwlet syýasaty mekdebiniň, Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň ýanyndaky Rus Döwlet dolandyryş mekdebiniň, Amerikanyň Wudro Wilson adyndaky Döwlet dolandyryş we halkara gatnaşyklar mekdebiniň, Bawariýanyň döwleti dolandyryş mekdebiniň we dünýäniň beýleki birnäçe öňdebaryjy okuw jaýlarynyň iň gowy gazananlaryny öz içine alýan döwlet we şäher dolandyryş, ykdysadyýet we menejment ulgamlarynda innowasion magistr okuw maksatnamalaryny netijeli ulanýar.

Akademiýanyň uçurymlarynyň arasynda ýokary we orta derejeli ýolbaşçylar, Milli Mejlisiň we abraýly ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary, durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hünärmenler, Gyrgyzystanyň halkara sahnasyndaky bähbitlerini araýan diplomatik korpusyň döwlet gullukçylary köp.

Globallaşma şertlerinde bilimiň ösüşiniň möhüm ugurlaryndan biri-de bilim pudagynyň resmi taýdan ykrar edilen sanlaşdyrylmasy we öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmekdir.

Şeýlelik bilen, bilimiň sanlaşdyrylmagy onuň ähli ugurlarynda uly oňyn üýtgeşmelere sebäp bolýar. Täze okuw maksatnamalary maglumatlaryň diňe bir öwrenijä hökmany berilmegini göz öňünde tutman, eýsem talyplaryň, diňleýjileriň we magistrantlaryň belli bir maksatlara ýetmegine, ýagny döredijilige, logiki pikirlenmä, toparyň agzalarynyň ýerleşýän ýerine garamazdan, şahsy we toparlaýyn işiň bitewüligine, şeýle hem dolandyryşyň operatiw, taktik we strategik meselelerini işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge ünsi jemleýär.


Hajymyrat Pirmuhamedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy