Ï Ykbalyny kitaplara baglan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykbalyny kitaplara baglan

view-icon 4509

Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Seýitnyýazow bilen Fahriýa Alyýewanyň üç gyzy bardy. Gyzlaram ata-ene ýörelgesine eýerip, ykbalyny sahna baglaýjak ýalydy. Ýöne aslynda başgaça boldy. Gyzlarynyň biri – Bagty sazçylyk ýörie orta hünär mekdebini tamamlap, aýdym-saz mugallymy, Selbi ykdysadyýetçi boldy, ýogsa ol horeograf bolmagy arzuw edýärdi, hat-da Moskwanyň horeografiýa ýörite hünär okuw mekdebine okuwa-da girdi, ýöne saglyk ýagdaýy sebäpli ony goýmaly bolupdy.

Mähri welin çagalykdan kitaba göwün berdi, öýlerindäki, goňşularyndaky kitaplaryň baryny okap çykdy, soňra demirýolçular klubynyň ýanyndaky kitaphananyň we Berdi Kerbabaýew adyndaky Aşgabat şäher kitaphanasynyň yhlasly okyjysy boldy. Mekdebi tamamlandan soň Mähri Moskwa döwlet medeniýet institutyna okuwa girmekçi boldy, ýöne Türkmen döwlet uniwersitetinde rus filologiýasy fakultetiniň ýanynda kitaphana bölüminiň açylanyny bilip, oňa resminamalaryny tabşyrdy.

Uniwersiteti tamamlandan soň Mährini şol döwürde iň gowy kitaphana hasaplanylan Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna işe iberdiler. Mähri Myradowna bu ýerde uniwersitetde alan bilimini gündelik işi bilen urgaşdyryp 10 ýyl işledi. Ol kitaphana işinde esasy zadyň – kemsiz tertipdigine düşünipdi. Özem diňe bir her kitabyň tekjede öz orny bolman, eýsem ol elipbiý tertibinde we predmet görkezijide, ýazgylar kitabynda görkezilmeli, indi bolsa kompýuterde hem hasaba alynýar.

10 ýyldan soň Mähri Myradowna esasan çagalara niýetlenen türkmen we daşary ýurt çeper edebiýatlarynyň 250 müňden gowrak nusgalyk kitaby bolan Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýolbaşçylyk etmegi teklip etdiler. Çagalar kitaphanasynda işlemegiň öz aýratynlygy bar. Kitaphanaçy kiçjik okyjy bilen dil tapmaly, ony okamaga imrindirmeli, oňa gyzykly kitaby salgy bermeli. Munuň üçin kitaphanaçynyň özi okyjy bolmaly. Elbetde, kitap gorunyň ählisini okamak mümkin däl. Şonda-da boldugyndan köp okamaly. Mähri Myradowna ýaşajyk okyjylary türkmen ertekileriniň Ýartygulak, Akpamyk, Böwenjik we beýleki gahrymanlary, birneme uluraklaryny – nusgawy çagalar edebiýaty – Anatoliý Rybakowyň, Anatoliý Aleksiniň, Wiktor Dragunskiniň, Žýul Werniň, Mark Tweniň kitapalry bilen tanyşdyrýardy.

Çagalar ýazyjylary Kaýum Taňrygulyýew, Nury Baýramow, Ýagmyr Pirgulyýew, Kasym Nurbatow, Gurban Çöliýew dagy çagalaryňka ýygy-ýygydan gelerdiler. Gynansagam, indi ol ýazyjyalr aramyzda ýok, ýöne Agageldi Allanazarow bilen Hemra Şirow kärdeşlerini – edebiýatçylaryň täze neslini çagalar bilen duşuşyklara çagyrýarlar. Adatça duşuşygyň ahyrynda ýazyjylar öz eserlerini ýadygärlik ýazgysy bilen okyjylara paýlaýarlar, bu hem ýazyjy bilen okyjyny ýakynlaşdyrýar.

Birnäçe ýere göçüp-gonandan soň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Mähri Myradownanyň zähmet ýoluna başlan jaýyna göçüp geldi. Işinde bitiren uly hyzmatlary üçin Mähri Myradowna «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ada eýe boldy. Mähri Myradowna 30 ýyllap ýurduň baş çagalar kitaphanasyna ýolbaşçylyk etdi, soňam ornuny kär taýdan ösmeli ýaş kärdeşine berdi. Şonda-da häli-häzire çenli Mähri Myradowna gymmatly tejribesini we bilimini ýaş kärdeşlerine geçirýär. Şeýle halypasy bolan ýaşlaryňky çüwüpdir diýse bolar.

Tamara Glazunowa 

Surata düşüren Ýuriý Şkurin