Ï ÝUNESKO: ilkibaşdan elýeter we inklýuziw bilim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO: ilkibaşdan elýeter we inklýuziw bilim

view-icon 8451

Sentýabrda kiçi ýaşly çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň «Ilkibaşdan: mekdebe çenli bilimde inklýuziw bilim arkaly inklýuziw bileleşikleriň gurluşy» we «Kiçi ýaşly çagalaryň inklýuziw terbiýesi we bilimi: borçnamalardan hereketlere!» atly iki hasabaty çap edildi. Olarda BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlarynda (DUM) ýurtlaryň borçlaryna laýyklykda mekdebe çenli bilimi hemmeler üçin elýeter etmäge hökümetlere çagyryş bar. Guramanyň maglumatlaryna görä, dünýä ýurtlarynyň diňe 28% mekdebe çenli bilimi hökmany etdi.

ÝUNESKO netijesiz we tertipsiz kanunlar hem-de syýasat, inklýuziw däl okuw maksatnamalary, syýasy erkiň ýetmezligi we degerli maliýeleşdirmezlik ýaly goşulyşma ýolundaky päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çagyrýar.

Gowy hilli mekdebe çenli bilim alýan çaglaryň köpsanly artyklmaçlygy nesilden nesle geçip, jemgyýete oňyn täsir edýär. Çagalaryň öz başarnygyny ýüze çykarmagyna has ir döwürden ýardam etmeli.

Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalaryň terbiýesine we bilimine aýratyn üns berilýär. Kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda ähli ýerde döwrebap çagalar baglary gurulýar, olarda çagalar bilimleriň ýönekeý esaslary bilen birlikde beden we döredijilik taýdan ösdürilýär. Şu ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Bilim hakda» Kanunynyň rejelenen görnüşinde umumy orta bilimiň we mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň hökmanylygy bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde berkidilendir.

Türkmenistan bilim syýasatynda ÝUNISEF-iň ýurt edarasy bilen hyzmatdaşlyk edýär, ol Hökümete ýurduň çagalarynyň ählisiniň mekdebe çenli we başlangyç bilim hyzmatlary bilen üpjün edilmegine ýardam edýär. Onuň saýtynyň habaryna görä, Türkmenistanda başlangyç bilim ýokarydyr we 97 %-dir. ÝUNISEF Hökümete gowy bilimde halkara ölçeglerine ýetmäge kömek edýär, şeýle hem bilim ulgamynda netijeli syýasat alyp barmaga, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň başarnygyny ösdürmäge hem-de maýyp çagalary adaty bilim gurşawyna goşmaga kömek edýär.

Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNISEF we BMG-nyň beýelki ýörüte guramalary bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýa işläp taýýarlady we ol 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda kabul edildi. Geçen ýylyň maýynda bolsa 2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda çagalaryň irki ösüşi ulgamynda we olary mekdebe taýýarlamagy ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de onyň Meýilnamasy tassyklanyldy, ol inkluziw bilim ýörelgesini durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini mundan beýlägem kämilleşdirmegiň meseleleri ÝUNISEF-iň Türkmenistan üçin 2020-2025-nji ýyllara täze Ýurt Maksatnamasynda beýan edilendir.

Ogulgözel Rejebowa