Ï Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi

view-icon 3130
Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasy geçirildi.

Ýarmarkanyň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (rezidensiýasy Daşkentde) Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory Nurnepes Kulyýew gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde taraplaryň duşuşyklary geçirilip, akademiki alyşmalaryň mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şolar bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge we iki ýurduň talyplary hem-de mugallymlary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmen paýtagtynda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy ýurduň ýaşlarynyň – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň, uçurymlarynyň, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň uly ünsüni çekdi. Çärä Aşgabadyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ýygnandylar, bu bolsa ýurduň bilim jemgyýetçiligi üçin wakanyň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Çehiýa tarapyndan çärä ýurduň esasy uniwersitetleriniň, şol sanda Pragadaky Karlow uniwersitetiniň, Himiýa tehnologiýalary uniwersitetiniň, Çehiýanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Zlinedäki Tomaş Bati uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem ýarmarkada akademiki bölümleriň we halkara edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Çehiýada okaýan Merkezi Aziýanyň talyplaryna goldaw berýän «CzechPoint.Uz» agentliginiň wekilleri boldular.

Şeýlelikde, ýarmarkanyň çäklerinde Çehiýanyň çärä gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň işi giňişleýin beýan edildi. Türkmen ýaşlary Çehiýanyň uniwersitetleriniň maksatnamalary hem-de daşary ýurtlarda okamagyň geljegi, okuwa girmegiň, okamagyň we Çehiýanyň ýokary okuw mekdeplerindäki talyp durmuşy barada bilmäge ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Ýarmarka halkara gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda möhüm çärä öwrüldi.