Ï Sähranyň bezegi - ýandak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sähranyň bezegi - ýandak

view-icon 29673
Sähranyň bezegi -  ýandak

Uç-gyraksyz Garagum sährasynda onuň bezegi ýandak ösüp otyr. Kösükliler maşgalasyna degişli bu dermanlyk ösümligiň birnäçe ady bar.

Ýandak, Jantak ýa-da latynça «Alhagi» («Haj») sözi arapçadan terjime edilende haj parzyny amal edýän adam diýen many berýär. Ir döwürler musulmanlar haj parzyny amal etmek üçin çöl üstünden düýeli ýa-da pyýada ençe wagt ýol aşmaly bolupdyr. Şonda ýandak mala iým, adamlara odun, keselläne derman bolupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde dünýäde ýandagyň 10, Türkmenistanda 4 görnüşiniň ösýänligi agzalýar.

Pars ýandagy iýundan sentýabra çenli gülleýär we tohumlaýar. Ol diňe bir Garaguma däl, eýsem daglyk ýerlere-de, jülgelere-de ýaýrandyr.

Pars ýandagynyň aýratynlygy -- ol süýjümtik suwuklyk çykarýar,olam yssy howada gaty düwürlere dönýär, olara keramatly ýazgylarda «manna» diýýärler. Ýandagyň beýleki görnüşlerinde bu ýagdaý gabat gelmeýär.

Süýji manna datly tagam bolupdyr, ýandak çaýy aşgazan-içege ýollarynyň bozulmasynyň öňüni alypdyr. Onuň peti ýaralary we dürli deri kesellerini bejermekde ulanylypdyr.

Pars we adaty ýandagyň dermanlyk häsiýetini öwrenen häzirki zaman barlaglary iki ösümligiňem ýerüsti böleginde strepkokklara, stafilokokklara, içgeçme döredijlere garşy bakterisid häsiýetli, şeýle hem ýara bejeriji maddalaryň bardygyny görkezdi.

Türkmenistanda «GENÇ» söwda belgili ary baly meşhurdyr. Daşoguz wealaýatynda Garagum sährasy bilen Üstýurt düzlüginiň çatrygynda ýerleşýän kompaniýa bal tutmak we ony ýerlemek bilen meşgullanýar.

Ary balynyň 11 görnüşiniň arasynda ýandak baly iň gowusy hasaplanylýar. Ýandak baly agyz boşlugynyň sowuklamasynda, gastritde we aşgazan ýarasy dertlerinde peýdalydyr.

Swetlana Çirsowa