Ï Türkmenistanyň bilim edaralarynda howanyň üýtgemegi baradaky kitaplar peýda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň bilim edaralarynda howanyň üýtgemegi baradaky kitaplar peýda bolar

view-icon 20637

Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligine howanyň üýtgemegi barada ýazlyp, iňlis we türkmen dillerine terjime edlen «Ladybird Expert — Howanyň üýtgemegi» kitabynyň 7 müň nusgadan köprägini berdi. Bu kitaplar mekdeplerde we paýtagtyň bilim merkezlerine paýlanar.

Adygan «Ladybird Books» neşirçilik şereketi tarapyndan çap edilen bu suratly kitap ulular we ýaşlar üçin adamzadyň iň möhüm meseleleriniň biri howanyň üýtgemegine sada, şol bir wagtyň özünde-de maglumat beriji girişdir. Okyjy üçin tanyşmaga gyzykly, wajyp bolan bu neşir, bütindünýä maýyllaşmagy bilen baglanyşykly howply meseleleri, howanyň ýylylyk tolkunlarynyň, daşgynlaryň, şeýle hem howa şertleriniň adatdan daşary bozulmagynyň sebäplerini we netijelerini düşündirýär, ýitip barýan ýabany tebigaty beýan edýar we bu meseleleriň mümkin bilan çözgüdini öwrenýär.

Onuň şa Alyhezretleri Wels şazadasynyň bu kitaby tutuş dünýäde ykrar edildi. Ony ýazmak baradaky pikir şazada Çarlza 2015-nji ýylda Parižde geçen howa boýunça Bütindünýä Maslahata gatnaşandan soň gelipdir. Şol ýerde bu mowzuga degişli sadadan düşnükli edebiýatyň ýokdugyna üns beripdir. Kembrij uniwersitetinden howaşynas alym Emili Şakburg we daşky gurşawy goramak boýunça hünärmen Toni Juniper bilen şärikli işinde, ol şu ýetmezçiligi düzetmek kararyna gelýär. Taýýarlanan golýazma patyşalyga degişli howaşynaslyk jemgyýetiniň alymlar topary we tejribeli howaşynaslar tarapyndan gözden geçirilip, diňe şondan soň çap etmäge berlipdir.

Bu kitap türkmenistanly ýaşlar üçin-de, uly ýaşly ilat üçin-de howanyň üýtgemegi şertleinde gymmatly çeşme we iňlis dil bilimini kämilleşdirmäge ýardam etjek guraly hökmünde gyzykly bolar.

2021-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 13-nji noýabryna çenli Birleşen Patyşalygyň başlyklygynda Glazgoda (Şotlandiýa) BMG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça 26-njy Maslahatynyň (COP26) geçiriljekdigini aýtmlydyrys.

Aýjahan Ataballyýewa