mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen ýaşlarynyň täze sanly taslamalary

view-icon 2809
Türkmen ýaşlarynyň täze sanly taslamalary

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt 2021» innowasion taslamalar bäsleşigi ýakyn wagtda ýeňijileriň atlaryny yglan eder. Häzirki wagtda bolsa zehinli we geljegi uly ýaşlar bäsleşigiň maksatnamasyna goşulan käbir işleri barada gürrüň berdiler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Maksat Nurmämmedow geljekde geýimler bilen synag geçirmegi ýüregine düwüp, ýörite görkezijilerden gurnalan futbol köýnegini döretdi. Içine ýerleşdirilen elektron enjamlary gizleýän «akylly» geýim adamyň gan basyşyny, bedeniniň gyzgynlygyny we ýürek urgusyny ölçeýär. Bu işiň maksady aýry-aýry enjamlary bitewi bir zatda birleşdirmekdir.

Häzirki wagtda «akylly» lybaslary döretmek dünýä jemgyýetçiligi üçin has wajyplaşýar. Maglumat tehnologiýasy hünärmenleriniň we häzirki zaman moda biçüwçileriniň pikiriçe, modaly geljek hut sanly geýimleriň saýasynda eýýäm gelipdir.

Küşdüň oýunda özbaşdak göçüp, küşt tagtasynda oýnaýan küştçi robot ýa-da akylly enjam Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde  işlenip düzülip döredildi. Bu taslama durmuşa geçirilýärkä, küşdüň mallarynyň ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek, olary tanamak üçin «neýro ulgamy» taýýarlamak, serwer herekete getirijili manipulýator we onuň hereketlerini dolandyrmak üçin, dolandyryş ulgamyny döretmek ýaly birnäçe kyn meseleleri çözmeli boldy.

Şunuň ýaly küştçi robot hünärmen küşt oýunçylary ýaryşlara taýýarlananda ýardam eder. Munuň ýaly tilsim senagat pudagynda-da ýaramly bolar.

Işiň gidişiniň tizligi we kämilligi barada oýlanan inžener Ysmaýyl Hekimow saýlaýjy roboty taslapdyr. Özboluşly robot-el iki bölekden ybarat, olaryň biri ýüküň tanalmagy we tertipleşdirilmegi üçin akyl, beýlekisi bolsa zatlary herekete getirýän we belli bir ýere eltýän güýç üçin jogapkärdir.

Şu ýyl innowasion taslamalar üçin «Sanly çözgüt 2021» bäsleşigine 250 sany höwesjeň gatnaşýar. Mekdep okuwçylary we talyplar emin agzalarynyň garamagyna ýedi ugur: saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we logistika, hyzmat ulgamy, oba hojalygy we robot tehnikasy boýunça şonça-da del tilsim hödürlediler.

 Swetlana Çirsowa