Ï Il saglygy – ýurt baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Il saglygy – ýurt baýlygy

view-icon 3725
Il saglygy – ýurt baýlygy

Türkmenistana sowuk howa aralaşdy. Dynç günleri üçin howa çaklamalary köşeşdiriji bolsa-da, +15 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar, saglygyňyza dykgat etmeli we möwsümleýin sowuklama hassalyklaryndan goranyş çärelerini görmelidir.

Daşaryk çykmazdan ozal, howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň, köpgatly geýimleri ulanmak bilen, ýyly geýniň. Bu ýörelge günüň dowamynda beden üçin rahat temperaturany saklamaga kömek eder. Deriniň ýüzünde çyg bolmazlygyna ýol bermezlik gaty möhümdir, çünki ol bugaranda, deri sowaýar. Esasy geýim gatlagy çygy deriden aýyrmagy we çalt guratmagy başarmalydyr.

Geýimiň orta gatlagy ýylylygy daşyna goýbermän saklamak wezipesini ýerine ýetirýär. Bilşiňiz ýaly, iň gowy gyzgynlyk saklaýjysy howadyr, şonuň üçin-de matalar, adatça, ýüzi tüýli dokalýar, bu bolsa içerde has köp howany saklamaga mümkinçilik berýär.

Aýaklaryňyzy ýyly saklamak-da möhümdir. Daban köp myşsa zynjyrlarynyň başlangyç bölegi bolany sebäpli, ol üşese myşsalar dartylyp, myşsa bölegi we umuman, oňurga üçin dartgynlylyk döredýär. Mundan başga-da, aýaklar üşände, bokurdakda sowuklama howpy ýokarlanýar.

Immunitet ulgamyny goldamaga dogry iýmitlenme, C, D witaminleri we peýdaly mikroelementleri köp bolan iýmitler, ýagny gök önümler, miweler we gök önümler ýardam eder.

Saglygyňy berkitmekde sport we bedenterbiýe oňat serişdedir. Sport bilen meşgullanylanda, ähli organlar kisloroddan doýup, beýnä gan barmagyny çaltlandyrýar. Ýöne, bedeniňiziň güýjüni dikeltmek üçin, ymykly dynç almagy we ine-gana uklamagy unutmaň.

Jemgyýet saglygyna abanýan howpy azaltmak maksady bilen, agyz-burun örtügini dakynyň we kabul edilen aralygy saklaň. Elleriňizi ýuwmak hem antiseptik serişdeler ulanmak sizi bakteriýalardan we wiruslardan dyndarar. Howa akymynyň dyngysyz aýlanmagyny, howanyň hiliniň we kislorod akymynyň täzelenmegini üpjün etmek üçin, otaglary ýygy-ýygydan ýelejirediň.