mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 1454

I. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 72-nji madda; 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda; 2012 ý., № 3, 66-njy madda; 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 44-nji madda, № 2, 77-nji madda, № 4, 145-nji madda; 2015 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda, № 4, 163-nji madda; 2017 ý., № 1, 29-njy madda, № 2, 75-nji madda, № 3, 106-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 2, 35-nji madda, 2019 ý., № 2, 27-nji madda, № 4, 88-nji madda; 2020 ý., № 3, 36-njy madda) şu üýtgetmäni girizmeli:

326-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«326-njy madda. Ýol hereketiniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

(1) Awtomobili, motosikli ýa-da beýleki mehaniki ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, seresapsyzlyk zerarly uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan seresapsyzlyk zerarly uly möçberde zyýan ýetiren hereket üçin, eger-de ol:

a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren hereket üçin,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren hereket üçin, eger-de ol:

a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(6) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereket üçin, eger-de ol:

a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(7) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(8) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin, eger-de ol:

a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Ýetirilen zyýan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden artyk möçberde bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip ykrar edilýär.

2. Ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan adam şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

3. Şu maddanyň üçünji, bäşinji ýa-da ýedinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri gören bolsa, jeza şu maddanyň degişli böleginiň sanksiýasynda göz öňünde tutulan aňrybaş möçberiniň ýarysyndan ýokary bolup bilmez.

4. Şu maddanyň ikinji, dördünji, altynjy ýa-da sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin wakanyň bolan ýerini taşlap giden bolsa, ol wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

5. Şu maddanyň maksatlary üçin serhoş ýagdaýda bolan adam diýlip Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda serhoşlygy anyklanan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esaslarda we tertipde ygtyýarly şahslaryň kanuny talaby boýunça serhoşlyk ýagdaýy babatda lukmançylyk barlagyndan geçmekden ýüz dönderen adam hasaplanylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.